
Makalalar
240

Ýurdumyzda bilim özgertmeleri rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ýaşlar sanly ulgama, dünýä dillerine oňat düşünip, iň döwrebap bilimleri özleşdirýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okatmagyň usulyýeti barha kämilleşdirilýär, ylmy esasda ýola goýlan tejribeler durmuşa geçirilýär. Bu babatda möhüm meýilnamalaryň, maksatlaýyn işleriň amala aşyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Esasan hem «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilim öwretmegiň iň bir döwrebap ugurlarynyň hatarynda okatmagyň SCAFFOLD, STEM ýaly usulyýetini görkezmek bolar. Dünýä ýurtlarynda giňden ýaýran we häzirki wagtda üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan SCAFFOLD usulynyň aýratynlyklary hakynda beýan etmek örän täsirlidir. Bu usul okatmagyň tejribeden geçen ugry bolup, mugallym tarapyndan okuwçy üçin ýörite goldaw bermegi aňladýar. Bu goldaw bilen okuwçy kynrak meseleleri çözüp, täze bilimler alýar we özbaşdak işlemegi öwrenýär. Bu usul ýaşlaryň umumy we ýörite başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, mugallym okuwçynyň başarnygy artdygyça goldawy ýuwaş-ýuwaşdan aýyrýar, şeýlelikde okuwçy has çylşyrymly işleri özbaşdak ýerine ýetirip başlaýar. Şeýle usullar esasan ýaşlaryň bilimleri özleşdirmekleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bir tarapdan halypa-şägirtlik ýaly ýörelgelere hem ýakyn gelýär. Çünki mugallymyň goldaw bermegi, uly ünsi okuwçynyň kämilligini artdyrýar. Şonuň üçin hem bilim ulgamyny kämilleşdirmekde okatmagyň bu usulyna uly üns berilýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebap özgertmeleri, ösüşleri ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Çünki bu ösüşler ýaşlaryň kämil, bilimli bolup ýetişmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň
parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan bilim özgertmeleriniň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly üstünliklere beslenýändigini beýan edýär. Şeýle döwrebap özgertmeleriň aýdyň netijelerini bolsa her bir ädimde görýäris. Bilim özgertmelerine goşant goşmak, kämil, watansöýüji ýaşlary terbiýelemek bilim işgärleri üçin asylly ýörelgedir.
Leýli MÄMMEDOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.