
Makalalar
698

Ösümlik dünýäsi biziň ýaşaýşymyzyň esasy özeni bolup durýar. Adam öz ýaşaýşy üçin zerur bolan ähli zatlary tebigatdan, ösümliklerden alýar. Diýarymyzda peýdaly ösümlikler diýseň kändir. Olara tebigatda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak köp sanly dermanlyk ösümlikler degişlidir. Bular barada 8-nji synplaryň geografiýa sapaklarynda okuwçylara giňişleýin düşündirýäris. Okuwçylar bilen dermanlyk ösümliklerini toplap, gerbarileri taýýarlaýarys we sapakda olar barada peýdaly maglumatlary öwrenýäris.
Sapagyň başynda Türkmenistan Watanymyzyň müň bir derde em boljak dermanlyk ösümliklere baý toprakdygyna okuwçylaryň ünsüni çekýäris. Multimedia tagtasynda dermanlyk ösümlikler bilen bagly taýýarlanan slaýd şekilleri bilen sapagy has-da gyzyklandyrýarys. Halk arasynda «Her keseliň emini dogan ülkäň topragyndan agtar» diýen paýhasly atalar sözüni hem mysal getirip, onuň manysyny düşündirýäris.
Häzirki zaman lukmançylygynyň ösümliklerden alynýan derman serişdelerini ulanmaga esaslanýandygyny, türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleri hemmetaraplaýyn düýpli öwrenmäge giň ýol açylandygy barada okuwçylara täze maglumatlary öwredýäris. Mysal üçin, Türkmenistanda iň köp ýaýran dermanlyk we witaminli ösümlikler — borjak, buýan, pisse, badam, üzärlik, nar, andyz, yşgyn, çerkez, kenepçe, sogan, sarymsak, itburun, çyryş, çomuç, alma, hoz, sersepil, narpyz, käkilik oty, gataňňyr, aşygoty, syçratgy, dadran, porsaňňyza, igde, ýandak, ýorunja, atgulak, çöpboýa, boýbodran, gandeper, itüzüm, ysmanak, selme we başgalar. Adyny agzan we başga-da köp sanly dermanlyk ösümliklerini okuwçylaryň bilmekleri we tanamaklary üçin elde taýýarlan görkezme esbaplarymyz we multimedia tagtasynda olaryň suratlaryny görkezmek arkaly tanyşdyrýarys. Şeýle hem sapakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny, «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabyny ýazandygy barada aýdyp, bu kitaplar hakynda hem okuwçylara maglumat berýäris. Dermanlyk ösümlikleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu kitaplar adam saglygy üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýär. Bu ylmy ähmiýetli kitaplarda dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden we dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň usullary beýan edilýär. Olaryň her biriniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada anyk we doly maglumatlar berilýär. Kitapda ösümlikleriň atlarynyň dürli dillerde berilmegi we degişli suratlar bilen bezelmegi okuwçylaryň hem ünsüni çekýär.
Sapagyň dowamynda Lukman Hekim bilen bagly rowaýatlary, halk arasynda aýdylýan tymsallardyr pähimlerden hem okuwçylara gürrüň berip, sorag-jogap alyşýarys. Şeýlelikde, okuwçylaryň sapaga has işjeň gatnaşmaklaryny gazanýarys. Öý işine bolsa, dermanlyk ösümliklerden gerbarileri taýýarlamaklaryny we olar barada anyk, täsirli maglumatlary toplamaklaryny tabşyryp, sapagy jemleýäris.
Kuwwat GURBANMYRADOW,
Tejen etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.