
Makalalar
2976

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutýan ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ony dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda “Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklykda üpjün etmek pedagogik işgärleriniň ussatlygyny, bilimini we başarnygyny yzygider ösdürmekde okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatda işleri utgaşdyryp dowam etdirilmelidir. Mekdebe çenli çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşinde ýaş aýratynlygyna laýyklykda gün tertibi uly ähmiýete eýedir. Kesgitlenen gün tertibiniň dowamynda sapaklardan daşary gezelençler, göwnaçmalar, günüň 2-nji ýarymynda guralýan çäreler çagalaryň ýadawlygyny aýyrýar aňyny, pikirlenmesini, ýadyny, ünsini ösdürmäge ýardam edýär.
Bilim ulgamynyň birinji basgançagy hasaplanýan mekdebe çenli bilim edaralarynyň işini döwrebap guramakda öňde duran wezipeleriň durmuşa geçirilmegi okatmagyň usulyýeti boýunça täze okuw – usulyýet toplumlarynyň döredilmegini, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşuluşmagyny, okatmagyň usulyýetini milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmagy talap edýär. Çagalary akyl we beden taýdan terbiýelämege oýun häsiýetli gönükmeleri ulanyp çemeleşmek terbiýeçä baglydyr. Terbiýeçiniň öňündäki wezipeler şulardan ybarat: 1.Terbiýeçiniň pedagogik taýýarlygy; 2.Terbiýeçiniň psihologik taýýarlygy; 3.Terbiýeçiniň ukyp-başarnygy; 4.Terbiýeçiniň öz hünärini yzygiderli kämilleşdirmäge ýokary isleginiň bolmagy onuň hünärine ussatlygynyň esasy görkezijileridir. Şu wezipeleriň hötdesinden gelmegi başaran terbiýeçä körpeleri beden taýdan ösdürmäge pedagogik çemeleşmeleriň usullaryndan baş alyp çykmak hem başardýar. Munuň üçin bolsa, biziň her birimiziň öz hünär taýýarlygymyzy kämilleşdirmegi we ony gündelik endigimize öwürmegimiz zerurdyr. Çaganyň ösüşi fiziki taýdan-da, akyl taýdan-da birsydyrgyn (deň) gitmeýär. Alymlar çaganyň akyl taýdan ösüşini 4 tapgyra bölýärler. Şonuň iki tapgyry mekdebe çenli ýaşly döwrüne düşýär. Birinji tapgyry 2-3 ýaşa çenli döwri öz içine alyp,duýgular esasynda daş-töwerege düşünýän döwri hasaplanýar. Çaganyň aň, beden, hereket taýdan hemmetaraplaýyn kämil ösüp ýetişmeginiň binýady ilkinji 1000 günlük, ýagny 3 ýaşyna çenli döwürde tutulýar.Çaga dünýä inen gününden başlap, onuň sagdynlygy oňa edilýän idege, ata-ene bilen bilelikdäki lukmançylyk, bilim, jemgyýetçilik işgärlerine bagly bolýar. Nerw ulgamynyň ösüp ýetişmegi, onuň işjeňliginiň günsaýyn kämilleşmegi çaganyň irki ösüş döwrüne gabat gelýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, kelle beýniniň 80 % golaýy çaganyň 3 ýaşyna çenli kämil derejede ösüp ýetişýär. Şol sebäpli, çagalaryň irki döwürde gözegçilik astynda bolmagy, olara toplumlaýyn hemaýat berilmegi olaryň sagdyn ösüşiniň girewidir. Çaganyň hereketleriniň kadaly ösmegi üçin, onuň beden we aň taýdan ösüşiniň kadaly ýagdaýda bolmagy zerur. Çaganyň sagatlygyna, kadaly ösüşine şaýatlyk edýän şu üç alamatyň- hereketiň, bedeniň we aňyň ösüşi özara berk bagly bolup, olar üçin zerur bolan şertler hem birmeňzeş bolýar. Şolaryň birine täsir edýän şertler beýlekilerine hem täsir edýär. Çaganyň görýän,eşidýän, syzýan,duýýan zatlary onuň intellektini, ýagny kelle beýnisiniň pikirlenmek ukybyny( akylyny, aňyny) ösdürýär. Daş-töweregiň täsiri körpäniň aňynyň, kelle beýnisiniň ösmegine täsir edýär. Aňyň ösüşi çaganyň eşidýän, görýän, syzýan zatlarynyň kem-kemden çuňlaşmagyny, onuň beýnisine barýan maglumatlaryň baýlaşmagyny, çylşyrymlaşmagyny talap edýär. Körpeler bilen gurnaljak maşklar öz başarnygyna, ýaş aýratynlygyna, erkin ýerine ýetirilip biler ýaly alynmalydyr. Körpeler bilen gurnaljak hereketli oýunlary geçiriljek ýeriň ilki bilen arassa, howasy tämiz, ýagtylygy we ýylylygy kada laýyk bolmalydyr. Körpeler bilen geçirilýän hereketli oýunlar köp dürli bolup terbiýeçiler häzirki döwrüň talabyna laýyk her dürli oýunlary gözläp tapyp ýa- da oýlap tapmak arkaly çagalaryň bedenini ösdürmäge, hereketjeňligini ösdürmäge ýardam etmek bilen körpeler öz edýän hereketlerine akyl ýetirmekleri zerurdyr. Çagalaryň şeýle oýunlary oýnamagy beden taýdan berkemegi, sagdyn ösmegi, nerw ulgamynyň kämilleşmegi çagada logiki pikirlenmäniň emele gelmegini täze zatlara akyl ýetirmek ýaly häsiýetler döreýär. Terbiýeçiniň esasy maksady hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekdir. Çagalar bagynda terbiýeçiler körpeleri hemme taraplaýyn ösdürmek üçin günüň ähli pursatlarynda, ýagny irki kabul edişden başlap tä öýüne ugraýança yzygider işleri geçirmelidirler. Hereketli oýunlary, öwrediji oýunlar bilen hem utgaşdyrylyp alnan ýagdaýynda çaganyň pikirlenmesi ösmek bilen bir hatarda onuň edýän hereketlerine akyl ýetirme başlanýandyr. Häzirki zaman mekdebe çenli bilim edaralarynyň tejribesinde örän işjeň we köp dürli oýunlary bakja toparynyň körpeleri bilen oýnamak bolar. Olardan: “Güljagaz we arylar”, “Toply maşklar”, “ Täsin güljagaz”, “Ýodajykdan ýöräliň”, “Düwmejikleri dakalyň”, “Tigir sürmek”, “Aşhanada”, “Şekili reňklemek” ýaly oýunlardan peýdalanmak bolýar.
“Güljagaz we arylar”- Maksady: 1.Çagalara oýnuň üsti bilen şekili reňki boýunça reňklemegi öwrenmek. 2.Çagalaryň el we aýak hereketlerini dogry ýerine ýetirmeklerini öwretmek. 3.Daş-töwerege söýgi duýgularyny terbiýelemek. Gidişi: Çagalar “Aryjygyň” hereketlerini ýerine ýetirip tegelek boýunça ýöräp hatara durdular. Ellerinde reňkli bedrejikler içinde şol reňkdäki hekler. Çagalara çekilen şekili reňki boýunça daşyna bir ugur boýunça reňklemegi tabşyrmak.
“Düwmejikleri dakalyň”- Maksady: 1.Çagalara reňkli düwmejikleri reňkleri boýunça degişli öýjüklere dakmagy öwretmek.2. Çagalaryň syzyş duýgularyny ownuk hereketlerini we reňkleri saýgarmak ukybyny öwretmek. 3. Akyl we gözellik terbiýesini bermek.
Gidişi: Çagalary ýerlerine geçirip oýnuň düzgüni bilen tanyşdyrmak. “Öýjagaza hem-de agaja” düwmejikleri degişli reňkdäki gözeneklere goýmak arkaly onuň şekilini emele getirmek.
“Tigir sürmek”- Maksady: 1.Çagalara üç tekerli tigir sürüp göni ugra we tegelegiň daşyndan sürüp öwretmek.2. Çagalaryň beden hereketlerini öwretmek.3.Berk bedenli sagdyn nesli terbiýelemek. Gidişi: Çagalary üç tekerli tigire mündürip göni ugur boýunça sürüp we tegelegiň daşyndan sürmegi tabşyrmak.
“Aşhanada”- Maksady: 1.Çagalara azyk önümlerini atlandyrmagy, hamyr ýugurmagy we aýmagy öwretmek.2. Çagalarda hamyry ýugurmak arkaly akyl ýetirmek arkaly duýuş,syzyş duýgularyny ösdürmek. 3.Körpelerde zähmete söýgüni terbiýelemek.Gidişi: Çagalar bilen “Täsin haltajyk oýnuny oýnamak,(haltajygyň içinden azyk önümleri: un,şeker,ýumurtga süýt çykarýar.Çagalara ýeke-ýekeden görkezip atlandyrmaly. Çagalar häzir biz siziň bilen gurjaklarymyza kökejik bişirýäs.Terbiýeçi: Hamyr ýugurýar. Çagalaryň kömegi bilen çagalar taýyn hamyrlary barmaklary bilen ýasamak we oklaw bilen ýaýmaly.
“Şekili reňklemek”- Maksady: 1.Çagalara galamy dogry tutup şekilleriňdaşyndan çykman reňklemegi öwretmek.2.Çagalaryň başam we süýem barmaklaryndan peýdalanyp şekili reňklemek ukybyny ösdürmek. 3.Çagalara gözellik terbiýesini bermek. Gidişi: Çagalara paýlanan şekilleriň reňkini, şekilini tagamyny düşündirip çagalaryň özbaşdak işlemegi boýnça reňki saýlap alyp şekili reňklemegi öwretmek.
“Ýodajykdan ýöräliň”-Maksady: 1.Çagalara reňkleri tanap, yzlary yzarlap ýöremegi öwretmek. 2.Reňki saýgaryp ädimläp ýöräp bilmek hereketini ösdürmek. 3.Çagalara beden we akyl terbiýesini bermek. Gidişi: çagalara sebediň içindäki reňkleri topjagazlaryň içinden özlerine gerek bolan reňkli topjagazy tapyp almagy tabşyrmak. Alan topjagazynyň reňkinde bolan ýodajygyň yzlaryndan ýöremek bilen degişli bolan reňkli bedrejige topjagazy salmagy hödürlemek.
Oýunlaryň çagalary beden taýdan terbiýelemekdäki ähmiýeti: Çaga bedeni hemişe ösüşde bolýar. Aýratynda-da mekdebe çenli ýaşly çaga günsaýyn, sagatsaýyn beden taýdan ösýär, ýagny agramy artýar, boýy ösýär,psihiki taýdan hem öňe ösýär, ýagny agramy artýar, boýy ösýär, psihiki taýdan hem öňe gidýär. Çagany ösdürýän hereketdir. çagada hereket etmäge uly talap bardyr. Şonuň üçin çaga oýun oýnap, özüniň herekete bolan islegini kanagatlandyrýar. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirme, körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu ulgama degişli resminamalary kabul edilýär. Ýurdumyzda körpe nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent başlangyçlary hemmişe rowaçlyklara beslensin!
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 40-njy çagalar bakja-bagynyň
terbiýeçi-usulyýetçisi Gülnara Rahmedowa.