
Makalalar
510

Ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça, şol sanda ynsanperwer ulgamda hem iň gowy dünýä tejribesini öwrenmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim, ylym özgertmeleri we medeni diplomatiýa bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hyzmatdaşlygyň dowamynda ÝUNESKO-nyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem ýurdumyzyň medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy. Geçen ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde, Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabadyň dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi paýtagtymyzyň baýramçylyk ruhuny, ildeşlerimiziň toý şatlygyny has-da artdyrdy. BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň bu barada gowşuran degişli güwänamasy paýtagtymyzda ylym-bilimi ösdürmek, raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy, bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigini ýene bir gezek halkara derejede tassyklady.
Türkmen paýtagtynda amala aşyrylýan özgertmeler diňe gurluşyk, senagat, ulag ýa-da aragatnaşyk ulgamlaryny däl, eýsem, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny hem gurşap alýar. Bitarap döwletiň paýtagt şäheri hökmünde Aşgabadyň aň-bilim kuwwatynyň artmagy we mümkinçiliginiň giňemegi her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar. Häzir ak mermerli paýtagtymyz ählumumy ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýän, dünýäniň ünsüni özüne çekýän ylmy we medeni merkez hökmünde tanalýar. Bilim-ylym ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, adam maýasyny ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri bu ulgama halkara standartlary ornaşdyrmaga ýardam edýär. Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň toruna girizilmegi halkara bilim, ylym we medeni gatnaşyklary ösdürmekde paýtagtymyzyň hyzmatlaryny nobatdaky gezek ykrar edýär hem-de dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik döredýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasynyň bu bütindünýä tory 2013-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda 91 ýurduň şäherleriniň 425-sini özünde jemleýär. Geçen ýyl 12 ýurt, şol sanda Türkmenistan bu tora ilkinji gezek kabul edildi. Aşgabat täze kabul edilen 11 sany paýtagt şäheriň biri boldy. Olarda okatmak işi gündelik durmuş ulgamyna girizilendir. Munuň özi ilatyň mümkinçiligini ösdürmäge, ukyp-başarnygyny, sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga, innowasiýalary özleşdirmäge ýardam berýär. Ýokary tehnologiýalary, dünýäniň iň gowy tejribesini iş ýüzünde ornaşdyrmak, öňdebaryjy bilimleri özleşdirmek durnukly we okgunly ösüşi üpjün edýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, paýtagtymyzy we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini ösdürmek düýpli özgertmeleriň, giň gerimli işleriň esasy maksadydyr. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň tejribesini ýurdumyzyň ähli sebitleri işjeň özleşdirýärler. Olarda hem medeni we bilim ähmiýetli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Soňky ýyllarda daşary ýurtlaryň iri bilim we ylmy merkezleri, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, ÝUNESKO, Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk täze derejä eýe boldy. Bu düzümler bilen bilelikde bilim ulgamynda birnäçe halkara taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna Türkmenistanyň birnäçe orta mekdepleriniň girizilmegini görkezmek bolar. Arkadag şäheriniň bilim edaralaryny hem guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Bu tor dünýäniň bilim edaralaryny parahatçylyk döredijilik we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny ilerletmek, medeniýetara dialogy netijeli ösdürmek ýaly umumy maksatlaryň daşyna birleşdirýär. Şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralary we klublary döredildi. Kafedra döredilenden soň, däbe görä, oňa ýörite nyşan berilýär. Munuň özi Halkara uniwersitetler bileleşigi hem-de dünýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze giň mümkinçilikleri açýar.
Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO klublarynyň açylmagy ýaşlaryň döredijilige, ylmy-barlag işlerine höwesini artdyrmaga, medeni gymmatlyklar, däp-dessurlar baradaky düşünjesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde açylan «Parahatçylyk, ynanyşmak — ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO kluby hem üstünlikli işleýär. Meýletin esasda hereket edýän bu klubuň alyp barýan iş ugry, adyndan belli bolşy ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak taglymlary bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu klub döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hoşniýetli ýörelgelerini we ynsanperwer başlangyçlaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek üçin netijeli meýdançalaryň biri hökmünde hyzmat edýär.
Soňky ýyllarda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolandygyny, milli mirasymyzyň ajaýyp nusgalarynyň ençemesiniň umumadamzat gymmatlygy hökmünde bu halkara guramanyň abraýly sanawyna girizilendigini hem bellemelidiris. Köpasyrlyk milli däp-dessurlary saklamakda zenanlara möhüm orun degişlidir. 2019-njy ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungaty”, 2022-nji ýylda “Türkmen keşdeçilik sungaty” hem-de “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri” ýaly hödürnamalaryň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýaş nesilleriň kalbynda ene-mamalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gadymy dessurlarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Häzir keçe we kilim taýýarlamagyň, çaga sallançagyny bejermegiň däplerini, hüwdiniň ýerine ýetirijilik sungatyny hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin degişli çäreler geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyz taryhy senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny belleýär. Ahalteke bedewi Diýarymyzda okgunly öňe ilerlemegi, rowaçlygy we döwletliligi alamatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Şonuň üçin her bir üstünlik ýylyň şygaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrýar. Atlaryň bezeg şaý-sepleriniň özboluşly aýratynlyklarynyň döremeginde we ebedileşdirilmeginde hem zenanlaryň mynasyp goşandynyň bardygyny aýtmak gerek. 2024-nji ýylda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda möhüm wakalaryň biri boldy.
Ýurdumyz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy 1993-nji ýylda ýola goýdy. Şol ýyl döwletimiz bu abraýly halkara guramanyň doly hukukly agzasy boldy. Häzirki wagta çenli Türkmenistan onuň 10-dan gowrak Konwensiýasyna goşuldy. Şulardan görnüşi ýaly, Türkmenistan ÝUNESKO bilen diňe taryhy-medeni gymmatlyklary goramak babatda däl, eýsem, ylym we bilim ulgamlarynda hem özara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Bu bolsa köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Paýtagtymyzyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi ony dünýäniň ylym we bilim ulgamynda aýratyn orny eýeleýän şäherleriň birine öwürdi.
Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň abadan, durnukly ösüşini mundan beýläk-de üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryndan ruhlanyp, biz geljekde-de berkarar döwletimiziň ylym, bilim we medeni-ynsanperwer diplomatiýasyny has-da ösdürmek işinde yhlasymyzy, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrmarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Maral KULIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.