
Makalalar
406

Ýaz paslynyň ilkinji günlerinde — 4-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gyzlaryň 24-si gatnaşdy.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan belent sarpany, şeýle hem özleriniň döredijilik ukyp-başarnyklaryny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň baýramçylyk we döredijilik ruhuny beýan edýän aýdym-sazlary, goşgulardyr täsirli sahna çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, milli tagamlarymyzyň biri bolan unaş kesmekde özleriniň aşpezlik ukyplaryny görkezdiler. «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylan şert boýunça talyp gyzlar el işlerinde çeperçilik başarnyklaryny görkezdiler. Şunda olar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen halkymyzyň milli keşdeçilik sungatyndan söz açyp, nepis keşde çekdiler.

Emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, bäsleşigiň jemleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýjan Baýramowa baş baýraga, ýagny «Talyp gözeli — 2026» diýen ada mynasyp bolmagy başardy. Gözellik bäsleşiginde 1-nji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Güljeren Meläýewa, 2-nji orna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýgül Kakaýewa hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Merjen Töräýewa, 3-nji orna bolsa degişlilikde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Amansoltan Orazmämmedowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Läle Gylyçdurdyýewa, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýlar Muhammedowa dagy mynasyp boldy.

Ýeri gelende, eminler topary tarapyndan bäsleşikde üstünlikli çykyş eden beýleki gatnaşyjylaryň hem «Şirin zybanly gözel», «Çeper elli gözel», «Mahmal owazly gözel», «Watançy gözel», «Aýratyn zehinli gözel», «Kalby hyjuwly gözel» diýen ugurlar boýunça sylaglanandygyny bellemelidiris. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolan we bäsleşige işjeň gatnaşan talyp gyzlara guraýjylar tarapyndan sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gözellik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesiller üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Aýjan BAÝRAMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby:
— Bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2026» atly gözellik bäsleşigine gatnaşyp, baş baýraga eýe bolmak bagty miýesser etdi. Bu ýeňşim iň bir tolgundyryjy we ajaýyp pursatlaryň biri hökmünde durmuş sahypalaryma müdimi ýazylar. Bäsleşigiň birinji şerti has-da täsirli boldy. Sebäbi özüm çeper döredijiligi, goşgy okamagy gowy görýärin. Türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak, milli däp-dessurlarymyza buýsanyp, ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýermek bolsa türkmen zenanlarynyň ählisine mahsusdyr. «El hünäri — il gezer» diýlişi ýaly, her bir türkmen ojagynda gyz perzendiň saçy örüme gireninden eline iňňe berilýär. Şonuň üçinem taýýarlygym we tejribäm bäsleşigiň şertlerini üstünlikli ýerine ýetirmegime oňyn täsir etdi. Şu ajaýyp pursatda bäsleşikde ýeňiş gazanan ähli talyp deň-duşlarymy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gültäç AGAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.