
Makalalar
200

Türkmen dili sapaklarynda peýdalanylýan dil seljermesi usuly hem ýaş nesliň köptaraplaýyn ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmek üçin netijeli usullaryň biridir. Bu usullary 8-nji synplarda guraýan türkmen dili sapaklarymyzda peýdalanýarys.
Dil seljermesi usulynyň bir täri grammatik derňewlerdir. Grammatik derňewler hem, öz gezeginde, iki uly topara bölünýär:
Morfologik derňew.
Sintaktik derňew.
Grammatik derňewleri geçilen temalary berkitmekde, dil biliminiň bir bölümi bilen bagly temalar doly özleşdirilip bolnanda (morfologiýa, sintaksis), şeýle hem gündelik sapaklarda ulanmak türkmen dili mugallymlarynyň işini ýeňilleşdirýär. Birbada her bir sapakda derňew etmegi ýola goýmak biraz kynçylyk döreder, ýöne netijeliligi has gowy tär hasaplanýar. Bu usul türkmen diliniň grammatikasy bölümi boýunça okuwçylaryň bilimlerini barlamagyň, öwrenenlerini berkitmegiň, geçilenleri gaýtalamagyň iň gowy serişdesi bolup hyzmat edýär.
Grammatik derňewiň okuwçylar üçin öwredijilik, başarnyklary, endikleri ösdürijilik häsiýetde bolmagy üçin ol böleklere bölmegiň doly ulgamyna laýyk geçirilmelidir.
Grammatik derňewler interaktiw usulyň kömegi bilen geçirilse, täsirliligi has-da artar. Meselem, okuwçylara tekstden belli bir kada boýun egýän sözleri saýlatmak, söz toparlary boýunça toparlara böldürmek, goşulmalaryň görnüşleri boýunça ulanylyş yzygiderliligini tapmaça görnüşinde ýa-da barlagnama çözdürmek arkaly anyklatmak bolar.
Morfologik derňewde dünýä dillerinde ulanylýan şekil bilen belgilemek arkaly söz bölekleri belgilenilse, ýatda galyjy bolýar. Dil, elbetde, simwollar ulgamydyr. Bir söze ýa-da pikire derek bir şekil belgilenilse, hem-ä wagt tygşytlanar, hemem okuwçynyň görüş ýatkeşligini ösdürer.
Sintaktik derňew hem iki görnüşden ybarat. Birinjisi, sözlem agzalary boýunça, ikinjisi, sözlemiň bölekleri boýunça derňewler.
Sintaktik derňew — lingwistik seljerme usulynyň täri. Multimedia tagtasynda mesele boýunça soraglary orta atyp, özbaşdak işletmek — interaktiw usulynyň görkezip okatmak täri. Ikisi bile utgaşdyrylsa, sapak gyzykly we ýatda galyjy bolar.
Sözlem agzalarynyň söz toparlary bilen hem ýakyn baglanyşygy bardyr. Eýe, adatça, atlardan ýa-da adyň ýerini tutup gelýän sözlerden bolup, baş düşümde getirilýär. Habar bolmak, köplenç, işliklere mahsusdyr. Sözlemiň habary şahs görkezýän işliklerden ýa-da habarlyk goşulmasyny kabul eden beýleki söz toparyndan bolup gelýär. Aýyrgyçlar atlardan, sypatlardan, sanlardan we çalyşmalardan, doldurgyçlar sözlemiň işlikden bolan agzalaryny aýyklap gelýän sözlerden, ahwalatlar bolsa hal-ýagdaý bildirýän sözlerden ybarat bolýarlar.
Türkmen dili sapaklarynda grammatik derňew doly däl görnüşlerde geçirilip bilner. Berlen tekstiň grammatik taýdan doly, hemmetaraplaýyn derňew edilmegine doly derňew diýilýär. Berlen tekstiň diňe okuwçylara belli bolan grammatik ýüze çykmalaryň we alamatlaryň bölekleýin derňew edilmegine doly däl derňew diýilýär.
Grammatik derňewler ýerine ýetiriliş ýoly boýunça dilden we ýazuwdan bolup biler. Dil üsti bilen grammatik derňewler, köplenç, synpda geçirilýär. Ýazuw üsti bilen derňew geçirmek bolsa, köplenç, öý işinde tabşyrylýar.
Grammatik derňewler okuwçyny ýazyjy-şahyrlaryň, aýry-aýry çeper eserleriň dilini seljermek ýaly has çylşyrymly işleri ýerine ýetirmäge taýýarlaýar. Okuwçy türkmen dili sapaklarynda çeper eserlerden alnan tekstler boýunça eseriň söz baýlygyny, dürli görnüşli sözleriň many hatarlaryny, olaryň sözlemde ulanylyş aýratynlyklaryny, emosionallygyny, sintaktik gurluşyň aýratynlyklaryny seljermegi öwrenýär.
Dil seljermesiniň bir görnüşi hasaplanýan grammatik derňewler mugallymyň görkezmesi, tabşyrygy bilen okuwçylaryň tekstdäki, gönükmedäki morfologik, sintaktik alamatlar (sözüň gurluşy, söz bölekleri, goşulmalar, görnüşler, derejeler, şekiller, sözlemler, sözlem agzalary, sözlemde sözleriň baglanyşygy we ş.m.) boýunça belli bir maksada gönükdirilen ýagdaýda her bir sapakda yzygiderli geçirilse, netijesi ýokary bolýar.
Leýla BAZAROWA,
Boldumsaz etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.