
Makalalar
135

Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde şahyr Halyl Kulyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli «Bahar buşlukçysy» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Oňa ýazyjy-şahyrlar, agzalan ýokary okuw mekdebiniň hem-de wideoaragatnaşyk arkaly Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda ýokary okuw mekdebiniň talyplary «Şirin sözler çykyp meniň dilimden...» atly edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Halyl Kulyýewiň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çykyşlaryň arasynda şahyryň «Ene hüwdüsi», «1946», «Men seni söýýän», «Ykbal», «Şu zeýilli ýigit men» goşgularyndan çeper okaýyşlar dabara gatnaşyjylar üçin has-da täsirli boldy. Soňra maslahat ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçy alymlaryň hem-de professor-mugallymlaryň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda Halyl Kulyýewiň eserleriniň ynsanperwerlik, millilik ýaly häsiýetlere eýedigi, edebiýaty öwreniji alymlar tarapyndan häzire çenli şahyryň döredijiligi bilen bagly birnäçe ylmy işleriň ýazylandygy nygtaldy. Şeýle-de çykyş edenler şahyryň döredijiliginiň özboluşlylygy, talyp ýaşlara edebiýaty öwretmekde bitiren hyzmatlary barada aýtdylar.
— «Daň agarýar», «Säher salamy», «Güneş» kitaplarynyň awtory Halyl Kulyýew XX asyryň ussat şahyrlarynyň biridir. Onuň «Uniwersitet ýyllary», «Dostum Nazar Gullaýewe», «Jeýhun ýollary», «Dagda», «Derýa», «Sähralar», «Güller hem gunçalar», «Güýz säheri» ýaly dürli temalara ýüzlenip ýazan goşgularynda edil bahar ýaly, güýz ýaly, durnalar ýaly tebigylyk hem-de sadalyk bar. Şahyr talyp döwründe Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Alyşir Nowaýy, Abdyrahman Jamy ýaly Gündogaryň söz ussatlarynyň edebi mirasy bilen bir hatarda, Aleksandr Puşkin, Sergeý Ýesenin, Wissarion Belinskiý, Nikolaý Çernyşewskiý, Nikolaý Dobrolýubow ýaly rus ýazyjy-şahyrlarynyň hem-de edebiýatçylarynyň eserlerini hem içgin öwrenipdir.
Halyl Kulyýew döwürdeş şahyrlary bilen dostlukly gatnaşyk saklapdyr. «Ýigidi dostundan tana» diýleni. Gurbannazar Ezizow hem-de Nobatguly Rejebow onuň ýakyn dostlary bolupdyr. Ol bu iki ägirt şahyryň döredijiligine uly hormat goýupdyr. N.Rejebowyň «Halyl» goşgusyndaky şu iki setir aýdylanlary aňryýany bilen tassyklaýar:
Halyl! Şahyr diýen pynhan syr ahyr,
Pynhan dünýe ahyr aýdyň dünýede...
1960-njy ýylda uniwersiteti tamamlap, Halyl Kulyýew şu ýokary okuw mekdebiniň türkmen edebiýaty kafedrasynda işe başlapdyr. Ol ömrüniň ahyryna çenli talyplara edebiýat ylmyna giriş, edebiýat teoriýasynyň esaslary ýaly derslerden sapak beripdir. Şol ýyllar hem Halyl Kulyýew türkmen dramaturgiýasynyň meselelerini ylmy taýdan öwrenip, kandidatlyk dissertasiýasyny gorapdyr. Bu günki gün onuň goşgularydyr edebiýat baradaky pikir-garaýyşlary giňden öwrenilýär — diýip, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow gürrüň berdi.
Dabaranyň dowamynda şahyryň «Alyslarda galan ýar», «Uniwersitet ýyllary» goşgularynyň sözlerine döredilen aýdymlar ýaňlandy. Uniwersitetiň eýwanynda ylmy-döredijilik maslahaty bilen ugurdaşlykda kitaplaryň sergisi guraldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary görkezildi.
Parahat BATYROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.