
Makalalar
122

Çagalaryň sözleýşini kämilleşdirmek
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak işlerine aýratyn üns berýäris. Mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmek, türkmen halk ertekileriniň we çagalaryň söýgüli gahrymanlarynyň üsti bilen hereketli oýunlary, bedenterbiýe maşklaryny giňden wagyz etmek esasy wezipeler bolup durýar. Bu babatda mekdebe taýýarlaýyş (uly topar) toparymda sözleýşi ösdürmek sapagy boýunça geçilýän temalaryň özleşdirilişine aýratyn üns berýärin. Ertekilerden bölekleri gürrüň bermek, erteki gahrymanlarynyň häsiýetleri barada çagalar bilen gyzykly pursatlary guraýarys. Çagalara türkmen halk ertekilerinden gürrüň berenimde, gahrymanlaryň keşplerine girýärin. Gahrymanlaryň nähili häsiýetdedigini olara düşündirýärin. Olara ýagşy-ýaman häsiýetleri saýgarmagy öwredýärin. Soňra olaryň özlerine ertekini gürrüň bermegi öwredýärin. Soraglar esasynda çagajyklar gürrüň berýärler. Olaryň biri beýlekisiniň sözüniň üstüni ýetirmegi başarýar. Çagalar ertekiniň gahrymanlarynyň häsiýetleri boýunça gowy häsiýetdäki gahrymanlary we ýaramaz häsiýetdäki gahrymanlary tapawutlandyryp bilýärler. Bu bolsa çagalaryň sözleýşine, gürrüň bermek endiginiň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Nigara DÖNMEZOWA,
Aşgabat şäherindäki 161-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
* * *
Ýaşlarda ösümlik dünýäsine söýgi döretmek
Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synplarynda umumy biologiýadan botanika bölümi boýunça gyzykly temalar geçilýär. Daşky gurşawyň köpdürlüligini goramak we baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň abadançylygynyň kepili bolup durýar. Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biridir. Şonuň esasynda ýurdumyzda güýzki we ýazky bag ekiş möwsümi ýokary guramaçylykly geçirilýär.
Öz okadýan 11-nji synp okuwçylarymda «Fotosintez» diýen temany geçenimde, bag ekmek möwsüminiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdim. Ýurdumyzda dag eteklerinde, çäk zolaklarynda, derýa boýlarynda arça agajynyň köp ekilmeginiň ähmiýetli taraplary barada gürrüň berdim. Multimedia tagtasynda ýörite prezentasiýalary hem taýýarladym. Bize gerek bolan kislorodyň agramly bölegini arça agajynyň bölüp çykarýandygyny, şonuň üçin hem onuň sanynyň köpeldilýändigini okuwçylara düşündirdim. Arça agajy, beýleki agaçlardan tapawutlylykda, ýylyň ähli paslynda pürli ýapraklarynyň ýaşyl reňkini saklaýar. Fotosinteze gerek bolan ilkinji şert hem ýapragyň ýaşyl bolmagydyr. Bu agajyň ynsana zyýanly bolan kömürturşy gazyny köp mukdarda ýok etmek bilen, güýçli ýelleri saklap, tozanlaryň derejesini hem peseldýändigi dogrusynda okuwçylara dürli ylmy mysallaryň üsti bilen düşündirýärin. Ekologiýa abadançylygyny saklamakda bag ekmek möwsüminiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny gürrüň berip, hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky işlerine hemmeleriň goşant goşmalydygyna ünsi çekdim.
Kuwwat ESENOW,
Ruhubelent etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.
* * *
Başlangyç synplarda zähmet endiklerini terbiýelemek
Başlangyç synplarda okuwçylar bilen zähmet işlerini geçirmek has-da täsirli. Öz okadýan 3-nji synp okuwçylarym bilen zähmet sapagynda «Reňkli kagyzlardan şekilleri ýasamak» temasy boýunça gyzykly sapagy guradym. Aşhanada ulanylýan gap-gaçlaryň, çäýnek-käseleriň şekillerini ýasamak boýunça okuwçylaryň arasynda bäsleşik geçirdim. Olar özleriniň halan şekillerini reňkli kagyzlaryň üsti bilen ýasamagy başardylar. Okuwçylar şekilleri ýasanlaryndan soň, olaryň nirelerde ulanylýandygy, nämelerde peýdalanylýandygy, näme üçin şol şekilleri ýasandygy barada gürrüň berdirdim. Çagalaryň ýasan şekillerine näme üçin şeýle reňkleri berendiklerini hem soraýaryn. Olar öýlerindäki şol zatlaryň şeýle reňkdedigini ýa-da okuwçynyň öz ýasan şekilindäki reňki halaýandygyny aýdýarlar.
Ýasalan şekiller boýunça okuwçylar bilen sowal-jogap alyşmalary dowam etdirýärin. Aşhana işlerinde şol zatlaryň nähili ulanylýandygyny olardan soraýaryn. Şeýle hem beýleki okuwçylaryň ýasan şekilleri barada hem birek-birege sowallary berdirýärin. Okuwçylar berilýän sowallara uly höwes bilen jogap berýärler. Olar bilen ejeleriniň aşhanadaky edýän işleri, özleriniň hem olara berýän kömekleri barasynda hem gyzykly söhbetdeşlikleri guraýarys. Bu bolsa okuwçylaryň sapaga bolan höwesini has-da artdyrýar.
Ejegyz ANNASÄHEDOWA,
Murgap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti".
18.11.2024ý. №93
Çeşme: Turkmenmetbugat