
Makalalar
98

Döwür bilen deň derejede gadam basmak üçin okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegini, okuwçylara öwredilýän bilimleriň döwrebaplygyny gazanmak zerurdyr. Munuň üçin her bir hünärmen dünýäniň bilim ulgamynyň ösüşlerinden, tehnologiýalardan habarly bolmalydyr. Umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpyna gelen okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly şahsy kompýuterler sowgat berildi. Bu ajaýyp sowgat körpe neslimize kiçiliginden kompýuter sowatlylygyny öwretmek bilen baglanyşykly bolup durýar. Kompýuter işi mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilip başlanýar. Soňra başlangyç synplarda dowam etdirilýär.
Kompýuter bilen çagalar höwesli işleýärler. Olara şekil döretmegi ýörite programmalaryň üsti bilen öwredýäris. Okuwçylara kompýuter bilen işlemegi düşündirmek ýönekeýden has düşnükli öwredilmegini talap edýär. Çaga kompýuter sowatlylygyny öwretmekde, tehnologiýany dolandyrmagy düşündirmekde olaryň her biri bilen ýekeleýin işlenilýär. Şeýle hem multimedia tagtasynda haýsy düwmeleri basanyňda nähili wezipäni ýerine ýetirýändigi barada okuwçylara görkezýärin. Soňra şol ýagdaýy okuwçylaryň özlerine ýeke-ýekeden gaýtaladýaryn. Olara «Word» we «PowerPoint» programmalary bilen işläp, hat ýazmagy we şekilleri ýerleşdirmegi öwredýärin.
Beýleki dersler boýunça hem gysga wagt aralygynda kompýuterden peýdalanmaklygy ýola goýdum. Surat sapaklarynda ýönekeý çyzgylary ýerine ýetirmek, çyzgylar boýunça dogry reňkleri ulanyp, şekil ýasamak ýaly işleri öwredýärin. Geometrik şekilleri atlary boýunça dogry saýlap çyzmak we olary reňkler bilen doldurmak işlerini matematika sapaklarynda işledýärin. Mysal üçin, okuwçylara iki sany geometrik şekilleri saýladýaryn, ýagny okuwçylar tegelek, üç ýa birnäçe burçly şekilleri öz islegleri boýunça saýlaýarlar. Olaryň dogry atlandyrylyşyny soraýaryn we kompýuterde çyzgylary çyzmagy öwredýärin.
Esasy sapakdan daşary çagalaryň ýadamazlygy üçin kompýuterde gysga wagtlyk işlemek olaryň şähdini açýar, ýadawlygyny aýyrýar, sebäbi çagalar kompýuterde işlemegi halaýarlar. Emma çagalar uzak wagtlap kompýuterden peýdalanmaly däldirler. Gysga wagtlyk ýerine ýetirilýän işler olarda kompýuter bilen işlemäge bolan höwesi has-da artdyrýar. Olar tehnologiýa boýunça ýönekeýje öwredilenleri hem ýatda saklamaga ukyply bolýar.
Merdan GARAJAÝEW,
Sarahs etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti".
18.11.2024ý. №93
Çeşme: Turkmenmetbugat