
Makalalar
187

Müňýyllyklardan aşyp, halkyň kalbynda, aňynda mekdep bolup ýaşap gelýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri ýaş nesillere nusgalyk ýokary terbiýe bermekde, olary milli ruhly, ýokary ahlakly ynsanlar edip ýetişdirmekde örän gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Bu babatda mekdep kitaphanasyna hem uly orun degişlidir. Şahyryň köptaraply döredijiliginde durmuşyň ähli meseleleri bilen birlikde türkmeniň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däbi-de öz beýanyny tapypdyr.
Myhmana bolan hormat, iň sarpaly ynsan hökmünde oňa öýüň töründen orun bermek türkmeniň ganyna ozaldan siňen asylly ýörelgedir. “Myhman ataňdan uly” diýlen çuňňur many-mazmuna ýugrulan parasatly nakyl hem öz gözbaşyny iňňän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Söz ussadynyň döwrüne çenli, häzirki wagtda hem şol parasatly jümle özboluşly nusgalyk mekdebe öwrülen. Şahyryň döredijiliginde-de myhmansöýerlik edebi nusgalyk ynsana, ýagny mert ýigide mahsus bolmaly ajaýyp gylyk-häsiýet hökmünde ör-boýuna galýar. Myhmany sarpalamakda, oňa ýokary derejeli hormat goýmakda dana şahyryň şu setirleri özboluşly terbiýe mekdebi hasaplanylýar:
Mert çykar myhmana güler ýüz bile,
Namart özün gizlär myhman ýoluksa.
Türkmen halkynda myhman hökmünde çagyrylan ýeriň duzuny sarpalamak, çagyrylan ýeriň saçagynyň başyndan öý eýesiniň razylygy bolmazdan turmak juda aýyp görlüpdir. Şonuň üçin hem şahyr:
Çagyrylan ýere bar, otur-da, turma –
diýip belläp geçýär.
Pähim-paýhas ummanyna deňelýän Magtymguly Pyragy myhmansöýerlik edebiniň ilkinji basgançagyny güler ýüzlülikde, hoş sözlülikde görüpdir. Bu pikir ussat şahyryň döredijiliginde şeýle beýan edilýär:
Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz,
Nana mätäç däldir, söze myhmandyr.
Şahyryň döredijiliginde mert ýigidiň çeper keşbi köptaraply, çuňňur şekillendirilipdir. Şahyr mert ýigide mahsus bolmaly gylyk-häsiýetleriň arasynda myhmansöýerligiň naýbaşy orunda durýandygyny, hakyky mert kişini myhmana bolan gatnaşygynda tanap bolýandygyny “At ýanynda bellidir” atly goşgusynda şeýle setirler arkaly beýan edýär:
Ýigit diýgeç, hemme ýigit bir olmaz,
Goç ýigitler myhmanynda bellidir.
Üstünden asyrlar aşsa-da, göwher daşy ýaly lowurdap, umumadamzat kalplaryny öz şuglasy bilen nurlandyrýan söz ussadynyň döredijiligi ajaýyp edebi ýadygärlige öwrüldi. Garaşsyzlygy gazanmagymyz bilen şahyryň berkarar döwlet baradaky arzuwlary wysalyna gowşup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen Beýik akyldaryň at-owazasy dünýä dolýar, has dabaralanýar, şöhraty belende galýar. Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly”, şeýle hem halkara derejesinde TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi, ýylyň dowamynda bular bilen baglanyşykly ençeme çäreleriň geçirilmegi ýokarda beýan edilenlere aýdyň subutnamadyr. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligini dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mährijemal Rejepbaýewa,
Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
36-njy orta mekdebiniň kitaphanaçysy.