
Makalalar
150

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegine uly üns berýär. Sanly bilimiň innowasion çemeleşmeleriniň, häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen döwrebap işler durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklary kompýuterler bilen enjamlaşdyryldy we internet maglumat toruna birleşdirildi. Sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilim berlişiniň kämilleşmegine getirdi. Okatmagyň we öwretmegiň häzirki zaman interaktiw usullaryna, multimedia tehnologiýalaryna uly ähmiýet berilýär. Orta mekdepleriň tejribehanalary ýörite enjamlar, elektron, wideo, audio, kompýuter, interaktiw tagta we multimedia abzallary bilen üpjün edildi.
Mekdep mugallymlaryna kompýuter tehnologiýalary barada maglumat berilýär, olaryň dürli derejeli kompýuter tehnologiýalary baradaky düşünjeleri baýlaşdyrylýar.
Mugallymlar kompýuter tehnologiýalarynyň diňe bir nazary esaslaryny öwrenmek bilen çäklenmän, kompýuterleri iş ýüzünde ulanmagy-da başarmalydyrlar. Şonuň üçin okuw maksatnamalarynyň esasy bölegi amaly sapaklardan ybarat bolmalydyr. Mugallymlar alan bilimlerini amaly we tejribe sapaklarynda ulanyp, başarnyklaryny berkidip bilerler. Mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynda kompýuter tehnologiýalary babatda okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanylýar. Bu usullar okuwyň gyzykly we täsirli bolmagyna alyp barýar. Kompýuter tehnologiýalary yzygiderli ösýär, şonuň üçin mugallymlar hem hünär kämilliginiň üstünde işleýärler. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynda mugallymlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan baş alyp çykmagy üçin okuwlar yzygiderli guralýar. Mugallymlaryň geljekde kompýuter tehnologiýalaryny okuw döwründe kämil derejede ulanyp bilmegi okuwyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Allan ÝAWANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
"Mugallymlar"
20.22.2024ý. №94
Çeşme: Turkmenmetbugat