
Makalalar
671
Beýik Akyldar Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde türkmen halkynyň we umuman adamzadyň geljegi, adamlaryň bol-elin, halal, ynsaply we jogapkärli ýaşamagy barada çuňňur oýlanan. Magtymguly şahyryň bu meseläni derňeýşi örän düýpli we täzeçil. Ol özüniň ruhy ösüşinde mistiki we paýhaslaýyn akyl ýetiriş utgaşdyryp täze derejä galan döwründe jemgyýet baradaky oýlanmalary hem täze hile eýe bolan. Ol admyň jemgyýeti özgertmek ukybyna eýe bolmagy barada oýlanan, täze pikirleri öňe süren. Şol we beýleki sebäplere görä beýik akyldaryň jemgyýet baradaky oýlanmalary dürli hili düşündirilýär.
Biz şolar bilen tanyşmak üçin ilki bilen Magtymguly şahyryň döredijiligindi giňişleýin derňän magtymgulyşynas alym M. Annamuhamedowy diňläliň. Ol sufizmiň bu meselä garaýşyny häsiýetlendirip: “...sufizm jemgyýetiň gapma-garşylyklarynyň syryny hut durmuşyň özünden gözlemän, eýsem adamyň tebigatyndan gözleýärdi. Eger adam tebigatyndaky gapma-garşylyklary aýrylsa, jemgyýet hem kada münäýjek ýaly edip görkezilýärdi. Bu stil Magtymgula örän ýaramaz bolup görnüp başlapdyr. Hut şonuň üçin hem ykbal, ýazgyt, pelek, kämillik, tarykat, yşk...ýaly dini-mistiki ideýalaryň üsti bilen jemgyýeti açmak däbi könelip başlapdyr”[1] diýip belleýär. Alymyň bu jümlesiniň üstünde durup geçeliň we ilki bilen onuň sufizmiň jemgyýet baradaky garaýşyny bahalaşyna gulak asalyň.
Alym köne stili häsýetlendirip, onuň gahrymanynyň “Jemgyýetiň sosial akymynyň içinde gark bolup, barýan hem-de anyk bolmadyk, gaýybana bir “erkinlige” ymtylýan ynsandyr. Şol erkinligiň nähilidigini asla göz öňüne getirip bilmeýän, ony Alla bolan yşkdan gözleýän gahryman diňe erkinlik diýen düşünjäniň aşygydyr. Eýsem şol erkinlik nämeden ybarat bomaly? Hiç hili synpy gatlak bolmaly däl, bolaýanda-da adalat höküm sürmeli, sütümem, jebir, nähak ölüm bolmaly däl. Eýsem onda, şu jemgyýetiň sosial jemgyýetçilik formasy nähili bolmaly? Mistisizm, şol sanda mistik Magtymguly hem şu soraga jogap berip bilmedi”[2] diýip belleýär.
Bu ýerde, umuman, jemgyýete sopuçylygyň käbir akymlaryna häsiýetli bolan garaýyş açylan, ýöne M. Annamuhamedowyň bu garaýyşy, onuň ozalky sopuçylyga beren bahalamalaryndan belli bir derejede tapawutlanýandygyny belläliň. Alym öz ozalky garaýşynda sopularyň jemgyýeti adamy hapalaýjy başlangyç hökmünde häsýetlendirip, olaryň maksadynyň adamyň şol hapalardan arassalanyp Allanyň ýanyna päk, kämil bolup barmakda bolýandygyny, şonuň üçin olaryň köpüsi jemgyýeti kämilleşdirmek barada kän oýlanmaýarlar (ýöne oýlanýanlary hem bolan – N.S.) diýip nygtapdy.
M. Annamuhammedowyň ýokarda getirilen garýyşlaryna Magtymguly şahyrda bolup geçen ruhy özgeriş nukdaýnazaryndan garalsa, onda şahyryň kämillige çykýan gahrymanlarynyň jemgyýeti kämilleşdirmäge girişmekleri bilen baglydygyny bellemeli. Bu birinjiden. Ikinjiden bolsa, olaryň (sopuçylygyň tarapdarlarynyň, ilki bilen hem Magtymgulynyň) öňe sürýän “erkinlik” düşünjesi, adamyň öz hereketiniň ähli görnüşlerinde, şol sanda pikir ýöretmekde hem bar bolan her hili dogmalardan, galyplardan azat, erkin bolmaga islegini aňladýar. Üçünjiden, M. Annamuhamedowyň jemgyýetiň sosial jemgyýetçilik formasy nähili bolmaly diýen soragyna XVIII asyryň biziň sebitimizdäki şertlerinde jogap bermek ýeňil däl. Ýöne olary aňlamak diňe bir ylmy nukdaýnazardan däl, eýsem biziň jemgyýetimizde bolup geçýän özgeriler bilen baglanyşykda hem gerekli bolýar. Şonuň ýaly-da bu soraglaryň biziň garaýan meselämiziň düýpli soraglary bolýandyklary sebäpli, olaryň üstünde mümkin boldugyça takyk we giňişleýin durup geçeliň.
Magtymguly şahyr öz ruhy ösüşinde täze derejä galmagy bilen, onuň dünýägaraýşynda düýpli özgeriş başlanýar. Şol özgerişiň netijesi şahyryň adamlaryň hakyky durmuşy barada aladalanyp, milli gymmatlyklar esasynda türkmen jemgyýetini kämilleşdirmek ýollaryny anyklamaga girişenliginde bolýar. Şonuň esasynda kemala gelen şahyryň filosofiki oýlanmalaryny beýan etmek biziň maksadymyz bolýanlygy sebäpli şu ýerde ilki bilen M.Annamuhammedowy köp aladalandyrýan “erkinlik” düşünjesiniň üstünde durup geçeliň. “Erkinlik” diýen düşünjäni teswirlemek jemgyýeti filosofiki nukdaýdan aňlamagk üçin örän ähmiýetli. Onuň düşündirilmegi biziň söhbetdeş alymmyzyň jemgyýet baradaky öňe süren beýleki soraglaryny anyklamaga hem esas döredýär.
M. Annamuhammedowyň “şol erkinlik nämeden ybarat bolmaly” diýen soragy yzygiderli gaýtalap, ony bir gaýybana düşünje hökmünde häsiýetlendirýär. Hakykatda bolsa bu düşünje Magtymuly şahyryň dünýägaraýşynda bolup geçen düýpli özgerişi aňlamaga esas bolýan örän wajyp düşünje. Şonuň üçin ýokarda alym tarapyndan erkinlik barada öňe sürülen soragyň jogaby, biziň pikirimize görä, Magtymguly şahyryň filosofiki garaýyşlarynyň binýatlyk esaslary bilen bagly bolmaly. Bu soragy anyklamak maksady bilen ýokarda getirilen ilkinji belliklerden daşgary, bu soragyň awtorynyň (M.Annamuhammedowyň) bir pikirine ünsi çekliň. Ol : “Bir ojakda ýaşaýan arap-parsyny suwara bilýän iki ägirdiň (Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň – N.S.), ussat bilen şägirdiň, bilip durkalar, bir manyly lakamy almagy gaty geň hadysadyr” [3] diýip belleýär.
Dogrydan hem ataly-ogluň ikisiniň hem “azat, erkin” manyly lakamy almaklaryny alamatlandyrýan bir täsin syr bolmaly. Özi hem bu täsinlik, biziň pikirimize görä, biziň jogabyny gözleýän soragmyza jogap tapmaga kömek bermeli. Nä sebäpli ataly-ogul öz lakamlary hökmünde “erkinlik” düşünjesini saýlap alanlar? Bu ýagdaý ilkibaşda ataly-oglyň ikisiniň hem durmuş hereketlerini çäklendirýän zorlukdan we mejburlykdan, pikir ýöretmäni çäklendirýän, pikirleri galypa gaplajak bolýan dogmalardan azat bolmak, mejburluga garşy durmak arzuwlary bilen bagly bolmaly. Magtymguly şahyr “Bolsun Pyragy” diýen goşgusynda bu pikiri tassyklap:
“Jahany ýandyrdy oduň,
Gaçar boldy ýakyn, ýadyň,
Magtymguly, seniň adyň –
Bolsun indi goý Pyragy”[4]
diýýär. Bu ýerden “erkinlik” düşünjesiniň ýöne bir gaýybana düşünje bolman, eýsem, biziň garaýan meselämiz bilen baglylykda, Magtymguly şahyrda bolup geçýän aýgytly ruhy özgerişini alamatlandyrýan, adamyň barlygynyň düýp manysyny kesgitleýän düşünje bolýandygy görünýär. M.Annamuhammedowyň hem Azadynyň we Magtymgulynyň erkinlik lakamlaryny almaklarynyň sebäbini “ataly-ogluň bir filosofiki akyma uýandyklarynyň alamatydyr”[5] diýip düşündirýär. Ýöne haýsy akyma? Dana Döwletmämmet Azady hem, Magtymguly şahyr hem sopuçylyk akymyna degişli bolanlar. M. Annnamuhammedow bu akymyň erkinlige garaýşyna, ýokarda görkezilşi ýaly, şübhelik bildiren. Bilşimiz ýaly, filosofiýanyň ähli akymlarynda erkinlik we gereklilik esas goýujy düşünjeler bolýarlar. Umuman, erkinlik erkin adama häsiýetli bolan pikirlenmäniň we hereket etmäniň görnüşi bolýar. Bu düşünje esasynda täze eýýamyň iň täsirli filosofiki akymlarynyň biri bolan liberializm döreýär.
Akyldar şahyr özüniň “Görülsin indi” atly goşgusynda erkinlik ýolunda bişişen pähim-paýhasynyň joşa gelendigini nygtap:
“Pikir gazanynda gaýnadyk, bişdik,
Degme, ol joş urup dökülsin indi”[6]
diýýär. Ol indi şonuň esasynda dörän durmuş, adam barada täze garaýyşlaryny halka, adamzada ýaýmagyň ýollaryny gözläp “Gözlär men” diýen goşgusynda:
“Türkmen ilim, eý adamzat,
Azat sil, güzer gözlär men”[7]
diýip ýüzlenýär. Ol erkinlik ýörelgesine eýerip, adamlaryň durmuşyna täze many-mazmun çaýmaga çalyşýar. Ony amal etmegiň paýhas esasyny bolsa beýik şahyr dogmatik çäklenmelerden azat bolup, akyl ýetirmäniň täze hiline eýe bolup, özünde kemala gelýän täzeçil garaýyşlarynyň üsti bilen beýan edýär.
Erkinlige filosofiki nukdaýnazardan garalanda, adamyň tebigatynyň ilkibaşky dawalylygyny, adamyň ýaşaýşyny adamyň manysy bilen birikdirýän köpri bolýar. Ispan filosofy Ortega-i-Gassetiň belleýşi ýaly, “mejburlyk sebäpli biz erkin”. Erkinlik, erkin hereket – ol sebäpli netijeleýin baglanyşyga bolýan esas, öz edýän işiňe sebäp bolmak ukyby. Adam barada aýdylanda onuň durmuşy daşarky ýagdaýlardan aýralykda bolup bilmeýär. Ýöne bu ýagdaýlar dürli, olar saýlamany amal edýän adama hereket etmek üçin dürli mümkinçilikleri berýärler. Takyk işi amal etmegiň, takyk hereket usulyny saýlamagyň arkasynda, başlangyjy adam tebigayna kök uran – ähli ýaşaýşyň bitewilikde gymmatlaýyn gözükmeleriniň, manysynyň, ugurlarynyň saýlawy dur.
Şeýlelikde, erkinlige öz-özüňi kesgitlemek hökmünde birinji garaýyşdan başga, ikinji öz-özüňi kesgitlemegiň iki dürli mümkinçiliklerinden birini saýlamak ukyby hökmünde hem düşünmek bolar. Ýa adam “tebigatyň sesine”, öz islegleriniň, özüni saklap galmak instinktiniň sesine boýun bolýar, ýa-da tebigy we durmuşy dünýäden daşgary başga bir zat bilen kesgitlenen – hakykylygyň, ýagşylygyň, gözelligiň ýokary gymmatlyklarynyň “adamdan ýokarky”, transsendental ýol bilen girmegi saýlap alýar.
Erkinlik köpmanyly düşünje. Onuň ýüze çykyşynyň ýene bir görnüşi, adamyň “adamkärçilik keşbine“ eýe bolmak ýoluna düşmegi bolýar. Bu bolsa ýagşylyga gönükmegi, hakykylygy saýlap almagy, nähili bolanda hem özüňde adamkärçiligi saklamagy aňladýar. Şunuň bilen baglylykda M. Annamuhammedowyň: “...ony (erkinligi - N.S.) Alla bolan yşkdan gözleýän gahryman diňe erkinlik diýen düşünjäniň aşygydyr” diýen jümlesine degişlilikde, ýokarky oýlamalardan görnüşi ýaly, bu ýerde oňa (erkinlige) aşyk bolara sebäp bar diýse bolar. Şunuň bilen baglanyşykly indiki meselä ünsi çekeliň.
Şahyr erkinligi gazanmak barada şindi sopuçylygyň çäginde pikir ýöredip başlan bolmaly. Bu bolsa sopuçylygyň şahyra diňe bir güýçli täsir edenligi bilen bagly bolman, eýsem onuň täze garaýyşlara hem itergi berendigini, şonuň esasynda akyldaryň pikir ýöretmesinde düýpli özgerişiň başlanandygyny görkezýär. Magtymguly şahyryň erkinlik ýörelgesini saýlap almagy (ony lakam edinmegi) hemä onuň täze garaýşynyň başlangyjy, hem-de bu garaýşyň hereketlendiriji paýhas esasy. Şonuň täsiri bilen şahyryň akyl ýetiriş ýörelgeleri kämilleşip, ýokarda bellenilşi ýaly, wakalary we hadysalary aýdyň görmek, ol hadysalar baradaky pikiri işläp düzmek (konsruirlemek) ukybyna eýe bolýär.
Şu ýerde Magtymguly şahyryň “erkinlik” düşünjesini aňlaýşynyň many-mazmunyny açyp görkezmek maksady bilen, şahyryň bu meselä garaýşyny geçen asyrda biziň ruhy dünýämizde agalyk eden ideoloiýanyň nukdaýnazardan bahalanşynyň üstünde hem durup geçeliň. Şol döwrüň belli türkmen filosofy G. Mülliýew: “...Magtymguly adamynyň erkin, azat hereketini onuň şahsy aýratynlyklaryndan, zerur bolan obýektiw şertlerinden üzýär hem-de adamynyň erkin, azat çykyşlaryny hudaýyň beren hil aýratynlyklary hasaplaýar”[8] diýip, şahyryň zerurlyk bilen erkinligiň, azatlygyň dialektikasyny bilmän, ol kategoriýalary obýektiw sebäplerden üzňelikde alandygyny belleýär.
Filosof özüniň gelen bu netijesini has hem berkitmek maksady bilen rus syýasatçysy W.I. Lenine salgylanýar we onuň erkinligiň mazmunyny obýektiw dünýäniň kanunlary we olary öwrenmek bilen baglandygyna we: “Heniz biz tebigatyň kanunlaryny bilmeýärkäk, ol kanun, biziň akyl ýetirmämize garaşsyz we ondan daşarda bar bolmak we ýöräp durmak bilen bizi “köre-kör zerurlygyň” gullary edip goýýar. Rast biz biziň erkimize we biziň aňymyza garaşsyz (Marksyň müňlerçe gezek gaýtalap aýdyşy ýaly) ýöräp duran bu kanuny bildikmi, biz tebigatyň hökümdarlary bolýarys!”[9] diýen jümlesine ünsi çekýär.
Filosofyň getiren bu deliline nähili garasa bolar? Birinjiden, tebigatyň kanunlarynyň açylmagy adamlar üçin hakykatdan hem ähmiýetli. Ýöne şol kanunlaryň açylmadyk ýagdaýynda, şindi tebigatyň kanununy bilmän halkyň toplan durmuş tejribesi esasynda, şol zerurlygyň içinde erkin hereket edilen ýagdaýlaryň az bolmandygyny bellemeli. Hawa, adamyň tebigatyň kanunlaryny bilmegi, diňe bir onuň hereketiniň kanunalaýyklygyny gazanmaga esas döretmän, eýsem tebigatyň güýjini öz işinde ulanmaga hem mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda-da bu ýerde adama diňe kanunlary bilmegiň ýeterlik däldigini, tebigat bilen oýlanykly gatnaşygyň gerekligini hem bellemeli. Şonuň üçin, eger indi adam (adamlaryň) kanuny biläýen ýagdaýynda hem onuň (olaryň) “tebigatyň hökümdarlary” bolmagy dogrumy? Adamzadyň taryhy adamyň tebigatyň hökümdary derejesine galyp, oňa ýetiren zeleliniň täsirini biz bu gün güýçli duýýarys. Bu ýerde esasy mesele tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak. Magtymguly şahyr hem şol sazlaşykly; ynsaply ýaşaýşy wagyz eden, sebäbi ol erkinligiň many-mazmunyny eden-etdilik bilen däl-de paýhasly, adamlaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşynda gören. Hakykylyk ylmyň üsti bilen hem, durmuş tejribesiniň, pähim-paýhasyň esasynda hem açylyp biliner.
Erkinlik baradaky gürrüňimizi dowam etsek, onda ilki bilen adamyň ikiýanlygygyny, onda biologiki we sosial başlangyçlaryň biri-biriniň üstüni ýetirýändigini bellemeli. Ýokarda bellenilşi ýaly, erkinlik adamyň ilkibaşlaýyn dawalylygyny, onuň ýaşaýşyny we onuň manysyny birikdirýän köpri bolýar. Erkinlikligi, erkin hereket öz-özüňi kesgitlemek, öz-özüňe sebäp bolmak we şeýlelikde ýokary galmak ukyby bilen hem düşündirse bolar. Ylmyň mümkinçilikleriniň ýetmezlik edýän döwründe adam öz durmuş tejribesi bilen eýe bolan paýhaslaýyn garaýşyna esaslanmaly bolýar.
Eger indi söhbetdeş filosofymyzyň şahyryň adamynyň erkin, azat çykyşlaryna hudaýyň beren hil aýratynlyklary hökmünde garaýanlygyny, zerurlygyň we erkinligiň dialektikasyny bilmeýänligi bilen düşündirişiniň üstünde durup geçsek, onda adamyň biologiki başlangyçlarynyň onuň manysynyň mümkinçiliklerini döredýänligini bellemeli. Ýöne ol mümkinçilikler adam adamzat jemgyýetinde ýaşanda açylýarlar. Şonda açylan mümkinçilikler adamyň erkinligine-de esas bolýarlar.
Filosofiýanyň “adamkärçilik keşbini“ saýlamagy adamyň özüne gecirýänligi sebäpli, onuň esasy meselesi adam bilen bagly bolýar. I. Kant adam barada öňe süren soraglaryny (biz ýokarda olaryň üstünde durup geçpdik) jemläp, öz filosofiýasyny Adam näme? diýen soragy açmak bilen baglaýar. Magtymguly şahyryň filosofiýasynda hem şu mesele ilkinji orunda durýar. Şahyr täzeçil garaýşa eýe bolandan soňra, onuň dünýgaraýşynda, ýokarda bellenilşi ýaly, jemgyýeti, durmuşy özgerdijilik hyjuwlary güýjeýär. Şonda adam Magtymgulynyň filosofiýasynyň kesgitleýji meselesine öwrülýär. Diýmek, adam meselesi şahyryň filosofiýasynyň esasy meselesi. Özi hem bu mesele şahyryň filosofiýasynda öňe sürülýän diňe nazary mesele däl, bu amaly, durmuşy mesele hem. Ol adamyň mertebeli we ynsaply ýaşaýşy baradaky mesele. Magtymguly erbetligiň çeşmesi adamyň içinde otyr diýen paýhaasdan ugur alan. Şahyra görä, adam öz erkini nebse berenden soň, ol çykgynsyz ýagdaýa düşýär, nebsiň elindäki gurala öwrülýär. Akyldar adamy şu hili ýagdaýdan çykarmak barada aladalanýar. Şonda ol erkinligiň zerurlylyk, gereklilik bilen baglanyşygyna aýratyn üns berýär.
Magtymguly şahyryň filosofiýasyny, şol sanda onuň erkinlik meselesine garaýşyny marksistik nukdaýnazardan derňän G. Mülliýewiň: “...beýik akyldar zerurlyk bilen erkinligiň, azatlygyň dialektikasyny bilmän, ol kategoriýalary obýektiw sebäplerden üzňelikde alypdyr. Ine, şu meselede-de Magtymguly sada materializm bilen idealizmiň arasynda yrgyn atyp, köplenç wagt bolsa idealizme baş urmaga mejbur bolýar”[10] diýip çykarýan netijesi, biziň ýokarda şahyryň “erkinlik” düşünjesine beren ähmiýetine degişlilikde many çykarara esas bolup bilmeýär.
Hawa, marksizm erkinligi, ýokarda bellenilşi ýaly, diňe bir zerurlygy – tebigatyň we jemgyetiň kanularyny aňlamak hökmünde däl, eýsem olary ulanmak bilen hem baglaýar. Diýmek, erkinligiň derejesi diňe bir dünýäniň kanunlary nazary taýdan däl, eýsem amaly taýdan hem ele almak ölçegi bilen kesgitlenýär. Bu bolsa haçanda adamlaryň hereketi ýokardan gurnalýan çärelere baglanyp, olaryň öz-özlerini kesgitlemek, “adamkärçilik keşbini” saýlamak mümkinçiliginden belli bir derejede daşlaşdyryrmaga döreýän esaslary aňladýar. Magtymguly şahyr erkinligi adamyň özi we onuň hereketi bilen baglaýar.
Şu ýerde biz söhbetdeş filosofymyzyň “...beýik akyldar zerurlyk bilen erkinligiň, azatlygyň dialektikasyny bilmän, ol kategoriýalary obýektiw sebäplerden üzňelikde galypdyr” diýen pikrine gaýdyp geleliň we materialistik dialektika bolan garaýşy anyklamaga çalyşalyň. Bu dialektikada öňe sürülýn pikirlenmek bilen barlygyň barabarlygyny postulat hökmünde kesgitlemek ýeterlikli bolmaýar. Ony açyp görkezmek hem gerek bolýar. Şeýle edilmedik ýagdaýynda biz adamyň pikiriniň dünýäniň ösüş prosesine goşulmadyk dialektika bilen iş salyşýarys. Materialistik dialektikadan Gegeliň dialektikasyna häsiýetli bolan irrasionializmiň elementleri: pikiriň bitewiligi garşydaş ikiýanlaşdyrylan öz-özünden ýüze çykýan güýjiniň energiýasy, pikiriň, tebigatyň adam ruhunyň biri-birine geçiş mistikasy gutarnykly gyylyp çykarylýar. Bu bolsa bu dialektikanyň bölünmegine, onuň akyl ýetirme taglymatyna, tebigat filosofiýasyna, logika we usulyýete siňmegine getirýrär.
Gegeliň dialektikasy özünde “adamçylyk” möhrüni saklaýar – ol ähli dünýäni doldurýan subýektiwligiň çakdan aşa hereketliligini açýar. Materialistik dialektika özüniň “adam köklerinden” üzülüp adamyňky bolmadyk taglymat boljak bolýar we şu ýolda näsazlyga uçraýar. Häzirki döwrüň filosofiki görnüşleri başga wezipäni öňe sürýärler: dialektika öňünden görmek we beýan etmek serişdeden öňünden aýdyp bolmaýany aňlamagyň guralyna öwrülýär.
Ine şonuň üçin Magtymguly şahyry materializmiň ýa-da beýleki bir filosofiki akymyň tarapdary (onda-da şahyry iki akymyň arasynda yranyp duran) hökmünde görkezmäge bolan ymtylma ähmiýetli bolmasa gerek. Magtymguly öz döwrüniň adamsy. Ol beýik akyldar, onuň filosofiýasyny haýsy hem bolsa bir akyma degişlilikde bahalamak dogry däl. Biz akyldar şahyryň filosofiýasynyň şu günki ähmiýetini pähim-paýhasyň üsti bilen açylýan hakykylykda görýäris. Şol hakykylyk şahyryň erkinlik düşünjesini özi üçin ýörelge edip alanda-da, onuň esasynda adamlaryň durmuşy bilen baglanyşykly meseleleri çözende-de zerurlygyň aňlanmasy hökmünde ýüze çykarylýar. Beýik akyldar şahyr täze garaýşa eýe bolanda, onda irrasionializmiň we rasionializmyň biri-biriniň üstini ýetirýän akyl ýetirmaniň täze hili kemala gelen.
Şeýlelikde, ýokarda getirilen deliller jemlennip aýdylanda, erkinlik ilki bilen adamyň tebigatynyň, onuň ýaşaýşynyň esasynda duran gapmagarşylygy aňlamak bolýar. Adam şol aňa esaslanyp durmuşyň gapmagarşylykly, çylşyrymly ýagdaýlarynda her gezek özüni (öz hereketini) “saýlamaly”, öz ýaşaýşynyň manysy baradaky meseläni çözmeli we şol çözgüt esasynda eden hereketini bahalamaly bolýar. Magtymguly şahyryň jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen garaýyşlary hem şunuň bilen bagly. Şahyryň döredijiliginiň düýp manysy we maksady adamdaky we onuň durmuşyndaky gapmagarşylyklary açyp görkezmek, adamy we durmuşy kämilleşdirmek bolýar. Haçanda adam özüni we durumşy kämilleşdirmek zerurlygyny aňlan ýagdaýynda, erkinlik akyl ýetirilen zerurlyk bolup bilýär.
Beýik şahyryň dünýägaraýşynda bolup geçen özgeriş yzarlananda bir hakykatdan ugur almaly. Ýagny, Magtymguly şahyr, oňa güýçli täsir eden sufizm akymynyň çäginde erkinlik ýörelgesini saýlap alandygyndan we soňra, onuň täze garaýşa eýe bolup başlan döwründe, ol bu ýörelgäniň esasynda adamlaryň ynsaply ýaşaýyş durmuşyny gurmagyň ýollaryny aňlamaga çalşandygyndan ugur almaly.
Magtymguly şahyryň filosofiýasy ynsaply ýaşaýyş paýhasyna esaslanýan durmuş hakykylygyny açyp görkezýar. Adam şol hakykylyga eýe bolup, öz tebigatynyň gapmagarşylygyna, biri-birine garşy durýan – azatlyk dünýäsine we zerurlyk dünýäsine degişlidigini aňlap açyp bilýär. Magtymguly şahyr jemgyýeti özgerdiji adama erkin, ahlakly şahsyýet hökmünde garaýar. Şu hili adamyň ýetişmeginiň esasy şertleriniň biri türkmen jemgyýetiniň durmuşyny gurmagyň milli ýörelgelerini we halkyň öz durmuşyny gurnamakda toplan tejribesini aňlamagyň hem-de olara daýanmagyň we olary peýdalanmagyň zerurlygy bolýandygyny görkezýär. Bu işiň şu günki ähmiýeti bolsa, “Ynsaply ýaşaýyş, alym Arkadagynyzyň belleýşi ýaly, raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary kemala gelmegi bolup durýar”[11] diýen jümlesiniň türkmen jemgyýetiniň durmuşynda amal edilmegi bilen bagly bolýar. Şonuň üçin beýik akyldaryň adamyň ynsaply ýaşaýşy baradaky paýhasyny mümkin boldugyça giňişleýin aňlamaga çalyşmaly.
Biz şu maksat bilen, ýokarda M. Annamuhammedow tarapyndan öňe sürülen: “...sufizm jemgyýetiň gapma-garşylyklarynyň syryny hut durmuşyň özünden gözlemän, eýsem adamyň tebigatyndan gözleýärdi, eger adam tebigatyndaky gapma-garşylyklary aýyrsa, jemgyýet hem kada münäýjek ýaly edip görkezilýärdi bu stil Magtymgula örän ýaramaz bolup görnüp başlapdyr” diýen jümlä gaýdyp geljekdigimiz barada aýdanlygymyzy ýatlalyň. Bu jümlede jemgyýet bilen adamyň özara baglanyşygy barada gürrüň gidýär. Biz adamda ýaramazlygyň döreýşi bilen baglanyşykly meselä gegişlilikde, onuň (ýaramazlygyň) adamyň içki dünýäsi bilen baglanyşyklydygy baradaky pikiri goldaýarys. Hawa, bu baglanyşyga birýanly garamak nädogry. Şol bir wagtda ony aradan aýyrmak hem ýeňil däl. Geçen asyrda agalyk eden ideologiýa, mysal üçin, bu ýerde jemgyýetiň kesgitleýji ornuna ünsi çekip, adamyň manysynyň jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň jemine deňdigini är.
Ýöne şu kesgitlemä üns bilen garalanda doly we gutarnykly amal bolmajak ideal kadalaýyş görünýär. Neneň aýratyn adam özüniň çäkli ýaşaýşynyň dowamynda ilkidurmuş jemgyýetiň sadalygyny we bitewiligini, adaty jemgyýetiň ýokary aşakly arabaglanyşygyny, industrial jemgyýetiň bazar gatnaşyklarynyň hereketliligini we häzirki döwrüň hyzmatdaşlyk ruhyny özüne alyp biler? Ähli jandarlaryň içinde diňe adam öz barlyk usulynyň bolmaly görnüşe laýyk gelmeýänligini tankydy taýdan bahalamak ukybyna eýe. Diýmek, adamyň manysy öz durmuş saýlawyny erkin amal edýän aýratyn adam üçin gymmatly gözükme bolup biljek “adam keşbi” bolýar. Ýöne adamyň manysy aýratyn adamyň gutarnykly özüne alyp biljek kesgitli adam hilleriniň jemi bolup bilmeýär. Adamyň manysy, onuň gurujylyk, döredijilik ukybynyň üsti bilen açylýar.
Gurujy we dörediji adam diňe jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň jemi bolman, eýsem jemgyýeti özgeridiji, kämil jemgyýetçilik gymmatlyklaryny dörediji hem bolup çykyş edýär. Şonuň üçin jemgyýet bilen adamyň gatnaşygyna, ýokarda bellenilşi ýaly, birýanly garamak nädogry. Ol köptaraply we çylşyrymly. Magtymguly şahyr hadysalary, adamlaryň hereketlerini seljermekde özakymlaýyn dialektikadan ugur alan. Ol “ýagşy-ýaman”, “nebis-iman” ýaly garşydaş düşünjeleriň, garaýyşlaryň üsti bilen hakykylygy aňlamaga çalyşan. Mysal üçin “Zat ýagşy” diýen goşguda, sözden nep almaýan, durmuşdan many almaýan adamyň hereketini beýleki zatlar bilen deňeşdirip, peýdaly işiň ähmiýetlidigi barada pikir ýöretýär. Şahyr:
Nep almaz kişi sözden, öwütden,
Aýralygy ýokdur gury söwütden[12]
diýen. Bu ýerde, görşümiz ýaly, adamyň hyýal-arzuwynyň, subýektiw garaýşynyň, onuň herekeine edýän täsiri, berýan manysy bilen baglanyşykly mesele gozgalýar. Şu ýerde öňe sürülýän pikir biziň garaýan meselämiz üçin örän ähmiýetli. Hawa, adamyň hereketiniň manylylygy maşgalada, toparda, jemgyýetde berilýän öwüt-nesihat, jemgyýetde ýöredilýän däp-dessurlar, kada-kanunlar bilen bagly. Ýöne şol öwüt-nesihaty, kada-kanunlary ähli adamlar deň derejede özlerine ýörelge edip alyp bilmeýärler. Her bir adam şol ýörelgelere öz tebigy mümkinçilikleriniň jemgyýetde alan terbiýesiniň we öz erkiniň esasynda açylmagy bilen eýe bolýar, ýagny bu ýagdaý subýektiwleýin häsiýete eýe bolýar. Şu hem ynsanperwer, ýagny adamy, jemgyýeti öwrenýän ylymlaryň tebigaty öwrenýän ylymlardan tapawudyny kesgitleýär. Magtymguly şahyryň adam baradaky taglymatyna düşünmek üçin şol tapawudy bilmek gerek.
Bu ýerde ýüze çykýan soraglar biziň derňeýän meselämiz bilen bagly bolany sebäpli jemgyýeti öwrenýän ylymlaryň akyl ýetiriş ýörelgeleriniň aýratynlygyny aňlamaga çalyşalyň. Bu meselä ikinjileriň biri bolup nemes taryhçysy we filosofy W. Dilteýiň ýüzlenen. Ol ilkibaşda her bir hakykylyk goý ol tebigy ýa-da sosial – bize berilýändigini we olaryň biziň başdan geçirmelerimiz görnüşde aňlanylýandygyny aýdýar. Ýöne eger tebigaty öwrenişde daşky dünýäden (tebigatdan) gelýän görkezmeleriň täsiri bilen düzülýän (konstruirlenýän) bolsa, onda “ruh baradaky ylymlar” öz ünsini “adamyň içki dünýäsi” diýip atlandyrylýan psihiki hadysalara we hereketlere çekmek bilen konstruirleýärler. “Şindi ruhy dünýäniň gelip çykyşyny derňemek hakynda oýlanmanda, adam, Dilteýiň aýtmagyna görä, özüni aňlaýyş aňynda özüniň erkiniň özygtyýarlygyny, öz hereketi üçin jogapkärligi, hemme zady öz pikirine boýun etmek we öz şahsylaýyn erkinligi bilen ähli zada garşy durmak ukybyny duýýar . Bu hem ony tebigatdan bölýär.
Eger tebigaty öwredilişde düşündiriş, ýagny hadysany umumy kanuna (ýa-da kanunlaryň jemine) getirmek bolýan bolsa, onda ynsanperwer ylymlarda hadysalaryň aňyrsynda gözlenýän adam ruhunyň hereketini görmek ukyby bolýar. Taryhy adamyň “başdan geçirmelerine” girmegine, Dilteýe göra, diňe barlag geçirýäniň özüniň “başdan geçirmeleri” mümkinçilik berýär. Alym taryhy hereketiň esasynda syr gizlenýär diýýär, ony açmak şoňa meňzeş başlangyja berilen. Bu ýerde ylmyň çäksiz döredijilik güýji adamyň we onuň taryhynyň döredijilik güýji bilen söhbetdeşlik alyp barýar. Bu hem jemgyýetiň adam ölçegini aňlamaga esas döredýär.
Bu ölçeg adamlaryň özaratäsiri, baglanyşygy bilen şertlendirilýär. Haçanda üns merkezine takyk adamlaryň özaratäsiri düşende, şol özaratäsiriň esasyna, diňe bu ýerde bolup geçýän hadysanyň subýektiw manysyny hereket edýän her bir adama degişlilikde bölüp aýryp, onuň netijesini bahalap, düşünip bolýar. Hakyky sosial subýektiň hereketini hut subýetiw manynyň (öz hereketiňi we beýlekiniň hereketini öz aňlan bähbitleriň bilen bahalamak) barlygy häsiýetlendirýär. Tiräniň ýaşulysy, dinnar ýa-da ýönekeý adam daş töweregindäki hakykylygy saýgaryp, beýleki adamlaryň özüni alyp baryşyny manylap, öz hereketini we onuň ugruny dörän ýagdaýa görä kadalap oýlanşykly hereket edýär. Magtymguly şahyryň täze garaýşa eýe bolup öňe sürýän oý-pikirleri, öwüt-nesihatlary adamy beýleki adamlaryň hereketini, daşarky ýagdaýy göz öňünde tutyp oýlanşykly, manylaýyn hereket etmäge çagyrýar. Şahyr:
Deň-duş bilmez, many almaz ýigitden
Agylynda yssy beren it ýagşy[13]
diýip, adamy paýhasly herekete çagyrýar. Bu ýerden jemgyýetde edýän hereketiňi aňlamagyň zerurlygy ýüze çykýar.
Sosial hereketi takyk ýagdaýlaryň baglanyşygyna, beýlekiniň özüni alyp barşyna we öz özüňi alyp barşyňa düşünmän, seljermän, kadalaman amal edip bolmaýar. Adamlaryň oýlanşykly hereketi bolmasa sosial barlygyň esasy “bölümçelerini”: ykdysadyýeti, syýasaty, medeniýeti birleşdirmek mümkin däl. Haçanda her bir adamyň öz hususy bähbitlerini amal etmäge çalşyşy aňlanan ýagdaýynda gatlaklaryň, toparlaryň, milletiň bähbitlerini ýüze çykaryp bolýar. Başgaça aýdylanda, aýratyn adamyň hereketiniň özboluşlygyny seljermän neneň toparlaryň we gatlaklaryň bähbitleriniň, neneň obýektiw jemgyýetçilik kanunlaryň kemala gelýänligini düşündirip bolmaýar.
Bu pikiri aýdyň görnüşde nemes sosiologi M. Weber: “Hereketi biz, haçanda ol hereket edýän adam (hereket edýänler) tarapyndan göz öňünde tutulan manyda beýleki adamlaryň hereketleri bilen baglanyşyga giren we oňa gözügen ýagdaýynda sosiallaýyn diýip bilýäris”[14] diýip düşündirýär. Sosial hereket, oňa hereket edýän adamlaryň düşünýän subýektiw manysyndan, olaryň garaşyşyndan başgaça bolup bilmeýär. Jemgyýet – “barlyk – aň”, obýektiw - subýektiwlik bitewiligiň haýsyda bolsa bir üznüksiz dowamlylygy bolup, bu ýerde her bir gözegçilik edilýän hereket gizlin subýektiw mana eýe.
Ýöne hereketiň subýektiw manysy erkin we indiwiduallaýyn hem däl. Başgaça bolanda her bir toparlaýyn özaratäsiriň adam hereketiniň görnüşi bilen baglanyşygyna düşünmäge çemeleşmek şowsuzlyga getirerdi. Aýratyn adamyň ugur alýan pikirleri, bahalamalary, gymmatlyklary ozalky bilelikdäki tejribede bar. Olary dürli hili ulanyp bolar. Ine şonuň üçin beýik Magtymguly şahyryň adam bilen jemgyýetiň özarabaglanyşygyna, özaratäsirine garaýşyny dialektiki baglanyşyk görnüşinde açmak gerek. Oňa-da doly esas bar. Beýik akyldar öz dünýägaraýşynda özakymlaýyn dialektikadan ugur alan.
Şu nukdaýnazardan ýokarda alym M. Annamuhammedowyň sufileriň dünýägaraýşyny häsiýetlendirip, “eger adam tebigatyndaky gapma-garşylyklary aýyrsa, jemgyýet hem kada münäýjek ýaly edip görkezilýärdi. Bu stil Magtymgula örän ýaramaz bolup görnüp başlapdyr” diýen garaýşyna gaýdyp gelsek, onda ony mümkin boldugyça takyk beýan etmegiň gerekligi görünýär. Bilşimiz ýaly Magtymguly şahyr ýaramazlygy adamyň içki dünýäsi bilen, has dogrusy “nebsiň öjükmegi” bilen baglan. Biziň pikirimize görä, beýik akyldaryň ähli döredijiligi adam tebigatyndaky gapma-garşylyklary açyp, ýaramazlyklary aradan aýyrmak bilen bagly. Ol ilki bilen adamy kämilleşdirip jemgyýeti kämilleşdirmegiň ýollaryny gözleýär. Şonda akyldar jemgyýetň hem adama edýän täsirini inkärlänok, ýöne şol täsiri hem, ýagny jemgyýetiň adama täsirini adamyň we adamlaryň üsti bilen açyp görkezmäge çalyşýar. Haçanda şahyr ”Häkim bolsaň halky gün kibi çoýgul” diýende, ol häkim etmäge dahylly adamlaryň adamkärçiligi barada pikir ýöretýär.
Indi şu ýörelgeden ugur alyp, M. Annamuhammedowyň jemgyýetiň sosial jemgyýetçilik formasy nähili bolmaly diýen soragyna ýüzlensek, onda Magtymguly şahyryň ýaşan döwründe Türkmenistanyň şertlerinde jemgyýetiň ykdysady formasiýalaýyn görnüşde ýa-da indusrtiallaýyn esasda ösüşini alamatlandyrýan ykdysady, syýasy, tehniki-tehnologiki özgerişleriň şindi ýüze çykmandygyny bellemeli. Şonuň üçin şahyr adamzadyň, şol sanda türkmen jemgyýetiniň hem geljegini özüniň ýaşan adaty jemgyýetiniň nukdaýnazaryndan gözlemeli bolýar. M.Annamuhammedow şol döwrüň jemgyýetini häsiýerlende “feodalizm” adalgasyny ulanýar. Biz bu adalgany däl-de “adaty jemgyýet” adalgany ulanmany dogry hasaplaýarys. Bu jemgyýetiň ykdysady esasyny maşgala hojalygy düzýär. Bu ýerde zähmet bölünşigi esasan ekerançylyk, maldarçylyk we senetçilik görnüşlerde amal edilýär. Bu jemgyýet dürli gatlaklara bölünip, onuň esasyny çomrular we çarwalar düzýärler. Ol jemgyýet hanlar-begler, ruhanylar tarapyndan dolandyrylýar. Asyl begler durmuşa erk edýärler. Jemgyýetiň ruhy dumuşy däp-dessurlar, dini gymmatlyklar esasynda gurnalýar. Magtymguly şahyr:
“Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň”[15]
diýip öňe süren jümlesi ýokarda getirilen pikiri belli bir derejede tassyklaýar. Şol jemgyýetde, görşümiz ýaly, adamlaryň durmuşyny gurnamakda beg, töre, aksakalyň uly orun eýeländiklerine şaýatlyk edýär. Bu bolsa adaty türkmen jemgyýetiniň alamatlary bolýar. Bu ýerde “ýurduň eýesi” bolýan adamlaryň köpüsiniň il bilen bile ýaşap, hormat-sylaga eýe bolup, adamlaryň, dürli sosial toparlaryň birleşmeginde we olaryň özara gatnaşyklarynyň adamkärçilikli häsiýete eýe bolmaklarynda wajyp orun eýeleýändikerini görkezýär. Biz bu jemgyýetde sosial deňsizlik, haram ýaşaýanlar bolmandyr diýemeýäris. Ýok. Biz şol kyn döwürde türkmen jemgyýetiniň saklanyp galmagy we dowam etmegi ilki bilen ýokorda görkezilen “beg, töre, aksakallar” bilen bagly bolandygyny, asyl begleriň durmuşa erk edendiklerini we ýurtda ähli gatlaklary birleşdirmäge esaslaryň bolandygyny bellemek isleýäris. Magtymguly şahyr;
Baýlaryň, pakyryň ähli derwüşiň
Ýurdy bolar ýaly parsahlary bar[16]
dýiýip belleýär. Bu ýerden bolsa şahyryň türkmen jemgyýetinde adamlaryň oňşukly, ynsaply ýaşamaklaryna esaslaryň bardygyny belländigi görünýär. Şu hili ýaşaşy gazanmak üçin Magtymgulynyň ýokarda görkezilen toparlaryň jemgyýetdäki ornuna ýüzlenmegi (D.Azady özüniň Wagyz-Azat eserinde bu meseläni düýpli derňän) adalatly dolandyryş meselelerini anyklamaga şertleri seljermäge esas bolýar.
Şu ýerde adaty türkmen jemgyýetinded begler, töreler bilen bir hatarda aksakallaryň hem uly orna, uly hormata eýe bolandyklaryny aýratyn bellemeli. Olaryň durmuş tejribesi, halal zähmeti, dogruçyl garaýyşlary jemgyýetde ýüze çykýan ýeňil bolmadyk meseleleriň çözgüdini tapmaga esas bolan. Biziň halkymyzyň bütin taryhynyň dowamynda ýurt ähmiýetli meseleler çözülende maslahatlaşmaga we geňeşmäge, ýaşulylar bilen pikir alyşmaga uly orun berilen. Ýaşuly nesliň oý-pikirleri, ahlakly hereketleri jemgyýetde, adamlaryň ruhy dünýäsinde ynsaply ýaşaýşyň ýörelgeleriniň orun almagyna uly itergi beren.
Türkmen ýaşulylary maslahatsyz geňeşsiz hiç bir işi başlamandyrlar: ýurt tutmak, han-begleri saýlamak, daşky we içki howplara garşy durmak, suwaryş ulgamlarny kämilleşdirmek, ekerançylyk we öri ýerlerini kesgitlemek, ýaş nesli terbielemek we beýleki ýurt, halk, adamlar üçin ähmiýetli işleri ähli gatlaklaryň wekilleiniň gatnaşagynda pikir alyşmalaryň we hormat-sylagyň esasaynda çözülen. Şu hili ýollar bilen tapylan çözgütler adamlary birleşdirip, halky jebisleşdirip, jemgyetde ynsaply ýaşaýşyň ýörelgelerini berkiden. Haçanda akyldar şahyr biziň jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň “Ýurdy bolar ýaly parsahlary bar” diýende ýokarky mümkinçilikler barada aýdýan bolmaly. Bu bolsa, beýik akyldaryň ynsaply ýaşaýyş taglymatynyň jemgyetde bar bolan şertlere we halkyň pähim-paýhasyna esaslanýandygyny görkezýär. Bu hem tire-taýpalaryň, umuman adamlaryň jeisleşmegine esas bolup hyzmat eden.
Hakykatdan hem bölek-bölek, agzala bolyp ýaşaýan tire-taýpalary birikdirýän, döwletiň ýok döwründe ýokarda görkeilen beg, töre, aksakallar jemgyýeti birleşdiriji güýç bolanlar. Magtymguly şahyr hem öz goşgularynyň üsti bilen, ilki adama ýüzlenýär, onda watançylyk, adamkärçilik, jogapkärlik duýgularyny oýarmaga, ony halal, ynsaply ýaşaýyş, kämillik ýoluna düşmäge çagyrýar. Magtymguly halkyň agzalalyk, oňşyksyzlyk we beýleki wehimlerde azat bolup, tire-taýpalaryň bitewi bolup ýaşamaklaryny amal etmegiň ýoluny türkmeniň öz döwletine eýe bolmagynda görýär, şahyr:
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz[17]
diýen. Magtytmguly bu döwletiň halky birleşdirýän, onuň hyzmatynda durýan, adamyň mertebesini beýgeltýän esaslara eýe bolmagy barada aladalanan. Haçanda Magtymguly şahyr:
Häkim bolsaň halky gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa eserde ýel bolgul[18] -
diýende, ol halkyň öňüne çykan adamyň adamlar barada aladalanyp, ynsaply ýaşaýyş ýörelgelerini we şol ýörelgeleriň esasynda berkarar döwletiň bekaralanmagyny wagyz eden. Beýik akyldar döwlet gurluşyny patyşalyk (monarhiýa) görnüşinde gören bolmaly. Geçen asyryň belli magtymgulyşynaslarynyň biri akademik G.O. Çaryýew: “Magtymguly ylymly-bilimli moharhiýanyň tarapdary bolup çykyş edýär. Şu hili patyşanyň nusgasyny ol Aleksandr Makedonskide gören. Beýik şahyr halkyň bagtly, erkin we adalatly ýaşaýyş ýörelgesini paýhasly we erkli, berk we yzygiderli amal edýän özüne çekiji, bilimli we adalatly, şol bir wagtda-da talaply hökündaryň, hanyň çeper keşbini döredip, geljekki nusgalyk döwleti şekillendirýär”[19] diýip belleýär. Alymyň şu häsiýetnamasy bilen ylalaşsa bolar.
Biz bu ýerde ýene-de şahyra Azadynyň “Wagzy-Azat” eserinde döwlet we döwletlilik barada öňe sürülýän garaýyşlaaryň täsiri uly bolandygyny belläliň. Şol täsiriň esasynda beýik akyldar öz döredijiliginde möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik we ryhy-ahlak garaýyşlaryny öňe süren. Bu ýerde öňe sürülýän esasy pikir kemala geljek kuwwatly döwletiň halka hyzmat edip, onuň bol-elin ýşamagyny gazanmagy bilen bagly. Magtymguly şahyr türkmen halkynyň köp nesilleriniň arzuw-hyýallaryny jemläp:
«Hor galmasyn puştdan-puşdym,
Berkarar döwlet islärin»[20] diýen.
Görşümiz ýaly, Beýik Akyldar geljekde guruljak türkmen döwletiniň kuwwatly bolmagyny arzuwlan. Hakykatdan hem diňe kuwwatly döwlet ýurduň baýlyklaryny netijeli ulanmagyň ýollaryny görkezip we şol netijeliligi gazanmaga ukyply ylymly-bilimli adamlary ýetişdirip, olaryň bu ýerde bar bolan meseleleri adalatly çözüp, ynsaply ýaşaýşy gurnamaga esaslary döredip bilýär. Magtymguly şahyr hut şu hili döwleti arzuwlan.
Şol bir wagtda-da şahyr sütemi, haram baýlygy, adalatsyzlygy, zorluk etmegi, hökmirowanlygy ýazgarýar. Adalatsyz, ganhor hökümdaryň iru-giýç halkyň öňünde öz eden-etdiklerine jogap bermeli boljakdygyna şahyr berk ynanan. Ol öz “Fetdah” atly goşgusynda:
“Halkyň öji çohdur, ykbalyň ýaman,
Ýa öler sen, ýa zyndandyr bigüman,
Tagtyň synyp, diýme galar men aman,
Çünki zäher kyldyň nany, sen fetdah”[21] -
diýip bellän. Akyldar şahyryň jemgyýet, durmuş, döwlet barada öňe süren garaýyşlary barada oýlanylsa, onda şahyryň filosofiki mirasynda öňe sürülen ynsaply ýaşaýy paýhasynyň, türkmeniň durmuş filosofiýasynyň kesgitleýiji paýhas esasy hökmünde, halkyň ruhy ösüşiniň belli bir taryhy döwründe kemala gelendigini bellemeli. Beýik akyldasryň ýaşan döwri türkmen tire-taýpalarynyň göçüp-gonup ýörmekden oturumly ýaşaýşa girişip, bir-biri bilen ýakynlaşyp, bitewi döwlet barada arzuwlan döwri bolýar. Magtymguly şahyr şol arzuwlary aňladyp, halkyň öz döwletini gurjaklygyna we ýurtda ynsaply ýaşaýşy kemala getirjekdiklerine ynam bildiren. Biz hem şu ýerde beýik Aklydaryň bize, ýagny geljekki nesillere ynam bidirip, goýup giden filosofiki mirasy - ynsaply ýaşaýyş paýhasy, alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyda berkararlanýan raýat jemgyýetiniň we demokratik döwletiň paýhas esasy bolýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
professory N. Suwhanow.
“Bilim”žuraly.2023. № 2, 16-20 s.
[1] M. Annamuhamedow.Magtymguly gizlin syryň bar içde...A.:Magaryf. 1997. 180 s.
[2] Şol ýerde, 182 s.
[3] Azady – pars dilinde”azade” sözünden – azat, erkin. boş diýmek. Pyragy - arap diliniň “paryg” sözünden – azat, erkin, boş diýmek
[4] Magtymguly. Saýlanan eserler. A.: 1050. 309 s.
[5] M. Annamuhamedow.Magtymguly gizlin syryň bar içde...A.:Ylym. 1994. 92 s.
[6] Magtymguly. Eserler ýygyndysy. A.: Ylym. 2014. 34 s.
[7] Şol ýerde, 36 s.
[8] G. Mülliýew. Magtymgulynyň eserlerinde sada materializmiň we özakymly dialektikanyp käbir meseleleri hakynda.. Magtymguly. Beýik şahyryň 225 ýyllygyna bagyşlanan makalalar ýygyndysy/ A. 1959. 83 s.
[9] Şol ýerde.
[10] Şol ýerde, 84 s.
[11] G. Berdimuhamedow. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi. A.:TDNG. 2020, 196 s.
[12] Magtymguly. Saýlanan eserler. A.: TSSR Ylymlar akademiýasynyň neşirýaty. 1959. 217 s.
[13] Magtymguly. Saýlanan eserler. A.: TSSR Ylymlar akademiýasynyň neşirýaty. 1959. 217 s.
[14] М. Вебер. Избр. Произв. М.,1990. С 603.
[15] Magtymguly. Saýlanan eserler. A.:TDN 1959. 24 s.
[16] Şol ýerde, 207 s
[17]Şol ýerde, 14 s.
[18] Şol ýerde, 87 s.
[19] Seret: Г. О. Чарыев Миропонимание Махтымкулы. М. : Знание. 1973. 26 с.
[20] Magtymguly. Saýlanan eserler. A.:TDN 1959, 56 s.
[21]Şol ýerde, 187 s.