Aşgabat
Makalalar
137
Zehin — ylahydan berilýän peşgeş. Zehiniň derejesi ummasyz beýiklige deňelýär. Şu ýylyň 4 — 11-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä zehin sportlary federasiýasynyň olimpiadasyna (MEMORIAD — 2024) «Anzan Mega Arithmetic» maksatnamasy boýunça gatnaşan türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gazanan netijeleri dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Olimpiada ýurdumyzda hereket edýän «Kämil bilim», «Bilim ýoly» hem-de «Altyn göreç» okuw merkezlerinde bu maksatnama boýunça okaýan mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar. Olar dünýä döwletleriniň 60-dan gowragyndan gelen iň zehinli türgenleriň 150-ä golaýy bilen ýaryşdylar.
DÜNÝÄNIŇ TÄZE ÇEMPIONY
Ol ― Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew. Zehinli oglanjyk 2022-nji ýylda «Kämil bilim» okuw merkeziniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda mental arifmetika boýunça geçirilen döwlet bäsleşiginde 7 ýaşlylaryň arasynda birinji orna mynasyp boldy. Ýakynda bolsa Dubaý olimpiadasynda altyn medala mynasyp bolup, dünýäniň çar künjünden ýygnanan zehinleri haýrana goýdy. Bu olimpiadada fleş-anzan marafon görnüşi Mekana üstünlik getirdi. Ol bu görnüşde 13 ýaşdan kiçi çagalaryň arasynda 1825,13 sekundyň dowamynda 43988,89 utuk toplap, dünýäniň täze çempiony bolmagy başardy. Mekan häzirki wagtda küşt, şaşka ýaly sport görnüşleri bilen içgin gyzyklanýar, iňlis dilini, kompýuter programmalaryny çuňňur öwrenýär.
KÜMÜŞ MEDALYŇ EÝESI
Ol — Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýgül Ýusupowa. Zehinli gyz Dubaý olimpiadasynda 13 ýaşdan kiçi çagalaryň arasynda 1808,7 sekundyň dowamynda 38879,11 utuk gazanyp, kümüş medala mynasyp boldy.
— Aýgül bir ýyldan gowrak wagt MEMORIAD — 2024 olimpiadasyna taýýarlandy. Azabynyň ýerine düşüp, kümüş medala eýe bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Şol ýakymly pursatlarda gyzymyň tolgunmalaryna şaýat bolup, bu ýeňşiň onuň üçin näderejede gymmatlydygyna ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdim. Häzirki wagtda Aýgül geljek ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda, şeýle hem 2028-nji ýylda Singapurda geçiriljek halkara ýaryşlara taýýarlanýar — diýip, Aýgülüň ejesi Muhabbat gelneje gürrüň berýär.
YKDYSATÇY MUGALLYMYŇ MATEMATIK GYZY
Ol — Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ogulmaral Altyýewa. Ýaş zehinli gyzyň matematik bolmak höwesiniň döremeginde kakasynyň ― ykdysatçy mugallym Nurmämmet aganyň täsiri uly bolsa gerek. Ogulmaral Dubaý olimpiadasynda 508,54 sekundyň dowamynda 330 utuk gazanyp, bürünç medala mynasyp bolmagy başardy. Ýeri gelende bellesek, Ogulmaral üç ýyl bäri mental arifmetika bilen içgin gyzyklanýar. Geçen ýyllarda ýurdumyzda bu ugurdan geçirilen ençeme bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary netijeleri gazandy. 2023-nji ýylyň 8-9-njy iýunynda Türkmenabat şäherindäki «Zehin ýoly» okuw merkeziniň guramagynda geçirilen II Anzan mega mental arifmetika olimpiadasy onuň durmuşynda uly ýatlama galdyrdy. Şonda Ogulmaral birbada üç dereje boýunça rekord goýmagy başaryp, üç sany altyn medalyň eýesi boldy.
Zehinli ýaşlarymyza täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, mundan beýlägem uly ýeňişleriň, üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
■ Redaksiýadan: MEMORIAD ýaryşlary hem edil Olimpiýa oýunlary ýaly, her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Şu ýylda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen nobatdaky olimpiada ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ilkinji gezek gatnaşdylar. Şunda türkmenistanly okuwçylaryň 17-si bu olimpiadada zehinini synamaga hukuk gazandy. Türkmen topary Dubaý olimpiadasynyň iň işjeň topary hökmünde ykrar edildi we Hormat nyşany bilen sylaglanyldy. Olary «Kämil bilim» okuw merkeziniň «Anzan Mega Arithmetic» maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Döwletmyrat Durdymämmedow hem-de şol merkeziň mugallymy Meýlis Jelilow taýýarlady.
■ Bellik: «Anzan Mega Arithmetic» okuw maksatnamasy 5 — 12 ýaşdaky çagalaryň ýatkeşligini we beýnisiniň ösüşini ýokarlandyrmak maksady bilen öwredilýär. Şunda mental arifmetika, fleş-anzan marafon, kwadrat köki çykarmak ýaly dürli usullar ulanylýar. Fleş-anzan marafon — belli bir wagt aralygynda berlen dürli belgili sanlaryň ýatdan goşulmagy. «Mental» sözi bolsa «aň, paýhas, zehin» ýaly manylary aňladýar.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
"Nesil" gazeti
03.12.2024ý. №97
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly