Makalalar
141
Ýakynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata söýgini terbiýelemek hem-de ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ösdürmek bolup durýar.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, umumybilim berýän mekdepleri we çagalar baglary bilim edarasynda bagy-bossanlyga degişli işiň ýola goýluşy; bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde, oýun meýdançalarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi; bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde miweli we saýaly baglaryň, bezeg ösümlikleriniň we gülleriniň ösdürilip ýetişdirilişi hem-de olara ideg edilişi; mekdep okuwçylarynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça geçirilýän çäreler, çagalar baglarynyň körpeleri, mekdep okuwçylary, pedagogik, hyzmat ediş işgärleri bilen daşky gurşawy goramak we baýlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler; bilim edaralarynda döredilen «Tebigat» burçunyň bezelişi; mekdep okuwçylarynyň, olaryň ata-eneleriniň gatnaşmagynda bilim edarasyny bagy-bossanlyga öwürmekde geçirilýän işler diýen ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň şertine görä, ykjam taýýarlanyp gelen çagalar baglary bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolup, döwlet tapgyryna gatnaşdylar. Şol bäsleşikde baş baýraga mynasyp bolanlaryň biri-de Mary şäherindäki rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagydyr.
2013-nji ýylda açylyp ulanmaga berlen çagalar bakja-bagynda 300 çaga terbiýelenýär. Tawus Annamämmedowanyň ýolbaşçylyk edýän çagalar bakja-bagynda 8 topar bolup, olaryň 2-si bakja, 2-si kiçi bag, 2-si orta bag, 2-si uly — mekdebe taýýarlaýyş toparlarydyr. Çagalaryň döwrebap terbiýelenmegi, sagdyn ösüp ulalmaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Giň hem arassa otaglar, kompýuter, aýdym-saz, daşary ýurt dilleri öwredilýän otaglar, ýörite howuz çagalaryň hyzmatynda. Çagalar bakja-bagynyň daş-töweregine bag-bakjalar bezeg berýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de daşky gurşawy goramakdyr, tebigata aýawly garamakdyr. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň ekologiýa baradaky düşünjeleriniň artmagyna aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň jemi jemlenilende has-da aýdyň göz ýetirdik.
"Mugallymlar gazeti"
04.12.2024ý. №98
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.