Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

Edebi dil we sözleýiş medeniýeti

23.12.2024

861

Edebi dil we sözleýiş medeniýeti

Ene dilimiz ata-babalarymyzyň durmuş tejribesidir, pähim-paýhasy saklanýan hazynadyr, biziň üçin ruhy iýmitdir, nesilleri baglanyşdyrýan köprüdir, aňyýeti ösdürmegiň, ylym-bilim öwretmegiň, edep-terbiýe bermegiň, maşgalada agzybirlik, sazlaşyk döretmegiň möhüm serişdesidir. Dil biliminde şiwe, umumyhalk dili, edebi dili adalgalary tapawutlandyrylýar.

Ata-babalarymyzdan galan baý ruhy mirasymyzyň: atalar sözi — nakyllaryň, şadessanlaryň, dessanlaryň, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň dilini belli bir şiwelere degişli etmek mümkin däl. Olar türkmen umumyhalk diliniň nusgalarydyr. Edebi dilimiz türkmen umumyhalk diliniň söz ussatlary tarapyndan timarlanyp, dil birlikleriniň ulanylyşy taýdan kadalaşan iň kämil görnüşidir. Kadalylyk (normatiwlik) edebi diliň esasy aýratynlygydyr. Ol şiwelerde hem, halkyň ýönekeý gepleşiginden-de dil birlikleriniň ulanylyşynyň kadalaşandygy bilen tapawutlanýar.

XX asyrda edebi dilimiziň kadalary ylmy esasda öwrenilip, şiwelerimiziň aglabasyna mahsus bolan, has işjeň ulanylýan dil birlikleri edebi kada hökmünde saýlanyp alyndy, edebi dilimiziň orfoepik, orfografik, leksik, grammatik, stilistik kadalary kesgitlenildi, degişli sözlükler neşir edildi. Edebi kadalaryň berjaý edilişi döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanylýar.

Türkmen dili özüniň jemgyýetçilik hyzmatyny Oguz han eýýamyndan bäri iki görnüşde — gepleşik hem ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirip gelýär.

Edebi dilimiz söz baýlygy, grammatik gurluşynyň kämilligi babatda dünýä dilleriniň hiç birinden kem däl. Indi edebi dilimiziň gepleşik görnüşi-de, ýazuw görnüşi-de halkymyzyň ösen medeni isleglerini doly kanagatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz XXI asyry aňyýet asyry, tehnologik asyr diýip häsiýetlendirýär. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin aň-düşünjeli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, oý-pikirini öz ene dilinde sözleýiş medeniýetiniň talaplaryna laýyklykda anyk, düşnükli we täsirli beýan etmegi başarýan hünärmenleri kemala getirmek hem-de sözleýiş medeniýetini ösdürmek döwrümiziň derwaýys meselesine öwrüldi.

Söz, sözlem, sözleýiş — asyldaş adalgalar. Sözleýiş medeniýeti pikiriň diňleýjä-de, okyja-da düşnükli hem täsirli bolmagy üçin dil birlikleriniň maksadalaýyk ýerlikli ulanylmagyny we edebi kadalarymyzyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap edýär. Bular sözleýiş medeniýetiniň esasy talaplarydyr.

Pikiriň dilden aýdylyşy bilen ýazyp beýan edilişiniň hersiniň özüne mahsus aýratynlyklary bar.

Edebi dilimiziň gepleşik görnüşi sözleýän bilen diňleýän adamyň arasynda bolup geçýän sözleýişdir. Munda pursatdan belli sözler galdyrylyp, bir demde 5-6 sözden köp bolmadyk sada jümleler ulanylýar. Pikir dilden aýdylanda jümläniň habar, sorag, buýruk, haýyş... aňladyşy, gutarandygy, onda näçe sany fonetik sözüň bardygy, haýsy sözüň nygtalýandygy gulak arkaly aňlanylýar.

Sesiň belent-pesligi, gepleýşiň tiz-haýallygy, intonasiýa, logiki basym, pauza, fonetik serişdeler pikiriň dilden aýdylyşyny ýazuw dilinden tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr.

Köpçülik öňündäki çykyşlarda hem pikir dilden beýan edilýär. Dil birlikleriniň ulanylyşy taýdan önümçilik bilen baglanyşykly ýygnaklardaky çykyşlar, wagyz-nesihat, öwüt-ündew häsiýetli çykyşlar, okuwlar, ylmy maslahatlardaky çykyşlar maksady, mazmuny, diňleýjileriň düzümi, taýynlyk derejesi taýdan tapawutlanýarlar. Meselem, wagyz-nesihat maksatly çykyşlarda atalar sözi — nakyllardan, çeper dil serişdelerinden, nusgawy şahyrlaryň eserlerinden, ylmy çykyşlarda bolsa görnükli alymlaryň garaýyşlaryndan mysallar getirilýär.

Köpçülik öňündäki çykyşlara öňünden oňat taýynlyk görülýär, delillik maglumatlar maksadalaýyk seçilip-saýlanylyp alynýar. Ediljek çykyşyň meýilnamasy düzülýär, gysgaça tezisler taýynlanylýar.

Diňleýjiler, adatça, goşma sözlemlere düşünip ýetişmeýärler, şoňa görä tekst okalman, ýönekeý sözlemler bilen beýan edilýär.

Pikir dilden aýdylanda edebi dilimiziň orfoepik kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi hökmandyr. Pikir dilden aýdylanda uzyn çekimliler gysga, tersine, gysga çekimliler uzyn aýdylsa, meselem, «Görogly ýedi pi:lden ok geçirdi» diýilse, pikir ýoýulýar.

Edebi dilimize çekimli sesleriň palatal, dodak sazlaşygy, çekimsizleriň assimileşdirilip aýdylyşy häsiýetli. Sözler ýazylyşy ýaly oglanlarymyz, önümçilikde, orta, öňe, menden, ýazdyrmak, gitsek...ýaly aýdylanda hem orfoepik kada bozulýar.

Raýatlaryň medeni derejesi olaryň gep-sözünden belli bolsa, edebi dilimiziň ýazuw görnüşi halkymyzyň medeni derejesiniň görkezijisidir. Ýazuw döräli bäri ol bilimleri toplamagyň, öwretmegiň, geljekki nesillere ýetirmegiň esasy serişdesi bolup gelýär.

Edebi dilimiziň ýazuw görnüşi okyjylar köpçüligine niýetlenen sözleýişdir. Häzirki türkmen edebi diliniň ýazuw görnüşi halkymyzyň ösen medeni isleglerini doly kanagatlandyrýar. Onda habar bermek maksatly publisistik makalalar, öwretmek maksatly okuw kitaplary, gollanmalar, ylmy edebiýatlar, çeper eserler, döwleti edara etmek üçin möhüm iş kagyzlary, resminamalar ýazylýar.

Durmuşda ýerine ýetirýän hyzmatlaryna görä edebi dilimiziň ýazuw görnüşiniň funksional stilleriniň hersiniň dil birliklerini ulanmakda özüne mahsus aýratynlyklary bar. Meselem, ylmy tekstler pikir ýöretme häsiýetli bolup, öňe sürülýän pikirler anyk maglumatlar getirilip delillendirilýär, netijä gelinýär. Terminologik leksika, eýerjeňli goşma sözlemler köp ulanylýar. Her sözüň, her sözlemiň üstünde telim gezek işlenilýär, kämilleşdirilýär. Çeper eserleriň tekstinde göçme manyly sözler, çeperçilik serişdeleri köp ulanylyp, olar suratlandyrma häsiýetliligi bilen resminamalaryň dilinden düýpli tapawutlanýar.

Pikir ýazuw arkaly beýan edilende sözleriň, goşulmalaryň ýalňyş ulanylmagy, hatda sözlemde sözleriň geliş tertibiniň bozulmagy, orfografik ýalňyşlar, dyngy belgileriň goýluşynda goýberilen säwlikler hem pikiriň ýoýulmagyna getirip biler.

Ýazylan tekstiň okyjylara düşnükli bolmagy üçin edebi dilimiziň leksik, grammatik, stilistik, orfografik, punktuasion kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi, dil birlikleriniň maksadalaýyk, ýerlikli ulanylmagy hökmandyr.

Edebi kadalarymyzy oňat özleşdirmek, pikir dilden aýdylanda-da, ýazyp beýan edilende-de dil birliklerini maksada laýyklykda ýerlikli ulanmak, sözleýiş medeniýetiniň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmek her birimiziň geljekki nesilleriň öňündäki mukaddes borjumyzdyr.

Begmyrat WEÝISOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili kafedrasynyň dosenti.

"Mugallymlar gazeti"

23.12.2024ý №103

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024