Aşgabat
Makalalar
363
Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgelerimizdir. Şunda ene diline bolan sarpany kemala getirmek, nusgawy edebiýatymyzy öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem türkmen dili dersi boýunça sapaklarda dilimiziň ylmy esasda öwrenilişi hakynda giňişleýin maglumatlary berýäris. Asyrlardan asyrlara geçip gelen türkmen dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup, häzirki döwürde ylmy esasda öwrenilýär, ýaş nesillere ýetirilýär. Şonuň üçin hem her bir sapagy täsirli, döwrebap şertlerden peýdalanyp guraýarys. Munuň özi okuwçylaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar.
Türkmen dili dersi boýunça guran sapagymda okuwçylara özbaşdak many aňladýan söz toparlary hakynda giňişleýin düşünje berdim. Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna işlikleriň hem degişlidigini, okuw kitabynda bu barada ýörite kesgitlemeleriň berlendigini gürrüň berdim. Şeýlelikde, gymyldy-hereketi aňladýan sözlere işlikler diýilýändigini okuw kitabyndan labyzly okaýarys. Şeýle hem multimedia tagtasynda taýýarlanan slaýd şekillerinden giňişleýin peýdalanýarys. Bu şekillerde türkmen dilinde işlikler hakynda kesgitlemeler ýerleşdirilendir. Şeýle hem slaýdyň dowamynda birnäçe mysallar, sözler getirilýär. Okuwçylar bu mysallary depderlerine ýazyp alýarlar. Bu bolsa olaryň sapaga bolan işjeňligini artdyrýar, geçilýän tema düşünmeklerine oňat täsir edýär.
Sapagyň dowamynda işlikleriň öten zaman, häzirki zaman, geljek zaman goşulmalarynyň bardygyny okuwçylara düşündirýärin. Şunda okuw kitabyndan we multimedia tagtasynda taýýarlanan slaýd şekillerinden peýdalanýaryn.
Öten zaman işligi: -dy,-di goşulmalary arkaly ýasalýar.
Häzirki zaman işligi: -ýar,-ýär goşulmalary arkaly ýasalýar.
Geljek zaman işligi iki hili bolýar: mälim geljek zaman işligi –jak, -jek goşulmalary; nämälim geljek zaman –ar,-er goşulmalary arkaly ýasalýar.
Türkmen dilinde işlikler hakynda şeýle maglumatlar, kesgitlemeler okuwçylaryň ünsüni çekýär. Bu kesgitlemä has çuňňur düşünmekleri üçin multimedia tagtasynda birnäçe sözleri mysal getirýärin.
Öten zaman işligi: okady, işledi, aldy.
Häzirki zaman işligi: okaýar, işleýär, alýar.
Geljek zaman işligi: mälim geljek zaman işligi — okajak, işlejek, aljak; nämälim geljek zaman işligi — okar, işlär, alar.
Okuwçylar bu sözleri depderlerine belläp alýarlar we işlikleriň kesgitlemesine düşünýärler. Sapagyň dowamynda işlikler bilen baglanyşykly sowal-jogap alyşýarys. Şeýle hem depderlerine belläp alan sözlerini ulanyp, ýörite sözlemleri düzmegi we depderlerine ýazmagy tabşyrýaryn. Bu bolsa okuwçylaryň özbaşdak işlemek endiklerini kemala getirýär, şeýle hem sapaga oňat düşünmeklerine oňat täsir edýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen dilimizi ösdürmek we geljek nesillere mynasyp geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinli ýaşlara guwanýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyndaky beýik ösüşler ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil bolup ýetişmeklerini şertlendirýär. Şeýle ajaýyp döwürde ene dilimizi has-da çuňňur öwrenmäge, dil bilimini özleşdirmäge aýratyn üns berýän ýaşlaryň köpdügi buýsandyrýar. Bu bolsa ýaşlaryň dilimiziň baýlyklaryny çuňňur öwrenip, gadymdan gelýän türkmen dilini ösdürjekdiklerine ynamyňy artdyrýar.
Oguljan SAPARGYLYJOWA,
Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Mugallymlar gazeti"
25.12.2024ý №104
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly