
Makalalar
573

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her güni ösüşlere, belent sepgitlere beslenýän ata Watanymyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşy ugrunda uly aladalar edilýär. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan, ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän birnäçe bilim ojaklary bar. Olarda ýaş nesle innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, döwrebap bilim-terbiýe we hünär öwredilýär. Şolaryň biri hem biziň zähmet çekýän Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdepdir. Mekdebimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen okuwçy gyzlara ýörite hünär işi okuw sapaklary okadylýar. Bu hünär okuw sapagynda okuwçy gyzlarymyza türkmen halkynyň gadymy senedi bolan haly dokamak öwredilýär.
Ata-babalarymyzyň «Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär», «El görki — hünär» ýaly nakyllaryndan ugur alyp, öz hünärine ussat mugallymlarymyz okuwçy gyzlara haly dokamagyň inçe syrlaryny öwredýärler. Haly dokamak üçin gerek bolan gurallar bilen tanyşdyrýarlar. Olara keser, darak, synny zerur bolup durýar. Ilki bilen, nepis halylary dokamaga endigan ýüwürdilen erişler gerek. Ene-mamalaryň mähri, zenanlaryň ýürek buýsanjy siňen halylary dokamak üçin türkmeniň saryja goýnunyň ýüňünden peýdalanypdyrlar. Türkmeniň müň öwüşginli tebigatynyň dürli ösümliklerinden alnan tebigy boýaglar bilen boýalan ýüpler çitilip dokalan halylaryň reňki bolsa gözüň ýagyny iýip barýandyr. Türkmen halylarynyň reňki, esasan, goýy, dok reňklerde bolupdyr. Zenanlaryň on barmagynyň, inçe zehininiň önümi bolan halylary dokamaga örän ýiti zehin we irginsiz zähmet gerek.
Türkmeniň nepis halylaryna ýerleşdirilýän nagyşlaryň hem özboluşly aýratynlygynyň bardygyny okuwçylara giňişleýin düşündirýärin. Bu bolsa okuwçylarda hala, oňa örän inçe zehiniň siňdirilýändigine bolan hormaty has-da artdyrýar. Ene-mamalarymyz täze dokalan halyny aýak astynda goýmandyrlar. Esasan, öýüň töründe ýazyp goýupdyrlar. Bu bolsa irginsiz zähmet siňdirilip dokalan halylaryň gymmatlydygyny aňladypdyr.
Halkymyzyň el bilen dokalýan bu nepis sungatyna dünýä ýüzi haýran galýar. Türkmeniň haly dokamak sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, Ýer ýüzünde biziň bu inçe sungatymyza goýulýan belent hormatyň güwäsidir.
Mekdebimizde okadylýan hünär işi okuw sapagy ösüp gelýän ýaş gyzlaryň haly dokamaga bolan höwesiniň juda uludygyny görkezýär. Özleriniň synçy nazary bilen mugallymlaryň haly dokaýyşlaryny synlap, bilesigelijilik bilen, erjellik görkezip haly dokamagy öwrenýärler. Çekilýän zähmetiň netijesinde dokalan halylary görüp, okuwçy gyzlar has-da ruhlanýarlar. Ýene-de dürli görnüşli haly dokamaga höwesleri artýar. Bu bolsa ýaş nesilde hünäre söýgi döredýär.
Şeýle-de mekdebimizde okuwçy gyzlara el işleriniň birnäçe görnüşleri öwredilýär. Alaja örmek, aldymgaç kakmak, jorap örmek, keşde çekmek ýaly işlere höwesli okuwçy gyzlaryň el işleriniň sergisi guralýar. Okuwçylar öz çeken zähmetleriniň netijesini görüp, el işlerine bolan höwesleri has-da artýar.
Arkadag şäherindäki mekdepleriň okuwçy gyzlarynyň arasynda haly önümleriniň we el işleriniň sergisi hem geçirildi. Bu sergä mekdebimiziň gyzlary hem gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp boldular. Bu bolsa bizi örän buýsandyrdy. Şeýle-de öz işine ussat mugallymlaryň yhlasynyň ýerine düşdügi diýip hasap edýäris.
Şeýle ajaýyp şäherde ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap bilimli, asylly terbiýeli, eli hünärli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys. Geljegiň, ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherini halkymyza peşgeş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Arzygül MÄMEDÖWEZOWA,
Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň
müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.
"Mugallymlar gazeti"
08.01.2025ý №3
Çeşme: Turkmenmetbugat