Aşgabat
Makalalar
10578
Asudalyk, agzybirlik, berkararlyk ýaly düşünjeler öz gözbaşyny «parahatçylyk» diýen umman deý çuň, asman deý giň, daglar deý belent düşünjeden alýar. Ýurt parahat bolanda, günler söýgä, aýlar bagta, ýyllar asudalyga beslenip, bagtyýar durmuş has-da gülleýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň beýik taglymatyny özünde jemleýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygry il-halkymyzyň ýürek törüni eýeläp, eziz Diýarymyzyň asudalygyň mekanydygyny nobatdaky gezek subut etdi. 2025-nji ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem bu ajaýyp şygyrdaky nurana pikirleri durmuş ýüzünde äşgär edýär.
«PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR»
Nurana we bagtyýar geljek şu günden başlanýar. Bütin adamzadyň asuda ýaşamagyna gönükdirilen tagallalar öz miwelerini berip, geljege parahatçylygy miras goýýar. Nurana geljek üçin, heý, şundan uly, şundan mukaddes miras bolup bilermi?! Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry hem parahatçylygyň diňe bir şu günümiz üçin däl, eýsem, geljegimiz üçin hem iň mukaddes peşgeşdigini nygtamak bilen başlanýar. Eziz Diýarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň parahatçylyga, ynanyşmaga gönükdirilendigi bu ajaýyp şygyrda ör-boýuna galýar. Bu babatda Milli Liderimiz şeýle diýýär: «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir». Tutumly işleriň güwäsi bolýan abadan günlerimiz parahat geljegimiziň buşlukçylarydyr. Muňa göz ýetirmek üçin, geliň, uzak bolmadyk wagt aralygynda ýurdumyzyň parahatçylykly syýasatynyň aýdyň netijelerine ser salalyň!
Ýadyňyzda bolsa, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny goldaýan ata Watanymyzda 2015-nji ýyl — «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde alyp barýan beýik başlangyçlarynyň durmuşa ornaşdyrylýandygyndan habar berýär. Eziz Diýarymyzyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty Milletler Bileleşigi tarapyndan hem uly goldawa eýe bolýar. 2020-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilendigi munuň aýdyň güwäsidir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip ykrar edilmegi Watanymyzyň parahatçylygyň mekanydygyny bütin dünýä äşgär edýär. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýanyň, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň dünýäde giň goldawa eýe bolmagy halkymyzyň ýokary parahatçylyk söýüjilik medeniýetinden habar berýär.
«HOŞNIÝETLI DOST ILI — BIZIŇ EZIZ ILIMIZ»
Halk içinde «Arkalaşan dag aşar», «Söýenişen ýykylmaz» diýlişi ýaly, agzybirlikde, dostlukda ýerine ýetirilen işler hemişe öz myradyna gowuşýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda dostluk hakynda şeýle diýilýär: «Adamzadyň döreden beýik taglymatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýoly hem dostlukdadyr. Dostlugy beýan edýän ýörelgeleriň mazmuny «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýen pähimde çugdamlanýar. Çünki dostlaşmak diýmek, özüňden başgalar barada alada edip bilmek ukybyň ykrar edilmegidir». Dogrudan-da, «dostluk» diýlen sözüň özünde bir-birege ýardam bermek, goldamak bar. Türkmenistan döwletimiz hem halkara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak, ynanyşmak, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ilerledýär. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurlup ulanmaga berilmegi hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
«ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR»
Çagalar — ynsan dowamaty, durmuşyň gül-gunçalary. Her kim üçin çagalygyň täsin ýatlamalary gyzykly hem-de ajaýyp bolsa gerek. Çünki çagalyk döwri — ynsan durmuşynyň ýakymly ýazy, ýalkymly şapagy. Çaga gülküsi halkymyzyň bagtyýarlyk mukamydyr. «Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin şertleriň döredilmegi Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalarymyzyň baş maksadydyr» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin belent maksatly işleri durmuşa geçirýär. Ata Watanymyzda her bir alnyp barylýan beýik işleriň özeninde ýaş nesiller hakynda edilýän aladalar öz beýanyny tapýar. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer, sogaply işleriniň ähmiýeti aýratyn bellärliklidir. Bu gazna halkymyzyň asylly ýörelgelerini dabaralandyryp, çagalara ähli zadyň iň gowusyny bagyş etmek, olary alada we söýgi bilen gurşamak ýaly milli häsiýetlerimizi aýdyň ýüze çykarýar. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesilleriň saglygy, bilim almaklary, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary üçin edilýän aladalar ýurdumyzy çagalygyň arzyly mekanyna öwürýär.
«GOÝ, ÝÜREKLER BIR BOLUP, BAKY GÜL AÇSYN DÜNÝÄ!»
Şeýle setirleriň üsti bilen Milli Liderimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygrynda bütin halklary agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýar. Ýürekler bir bolanda, pikirler, niýetler, maksatlar birleşýär, bitewülikde bolsa uly güýç, egsilmez kuwwat bar. Şeýle beýik güýjüň täsirinde bütin dünýä bagta ulaşýar.
Türkmen edebiýatyna ser salanymyzda, iň gadymy döwürlerden başlap, häzirki wagta çenli döredilen eserleriň birnäçesinde agzybirlik hakyndaky jöwher pikirler ör-boýuna galýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
ýa-da:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
— diýen setirlerinde agzybirligiň sarsmaz güýjüni, synmaz kuwwatyny çeper sözüň üsti bilen beýan edýär.
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagy hem Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr.
«AK GUŞLAR GANAT ÝAÝYP BEZEG BERSIN ASMANA»
Parahatçylygyň nyşany bolan ak guşlar bu günki gün eziz Watanymyzyň arassa asmanyny bezeýär. Çünki parahat ýurtda erkanalyk, abadançylyk höküm sürýär. Parahat ýurtda täze binalar gurulýar, bagtly ýaşaýşa gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Parahat Watanymyz çogly Güneş kimin bütin dünýä asudalyk şöhlesini saçýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz bütin dünýäde ylalaşdyryjy hem-de parahatçylygy ýola goýujy döwletdigini nobatdaky gezek subut etdi. Kararnamada: «Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda dialog höweslendirilýär, gapma-garşylyklar bolsa özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ruhunda çözülýär» diýlip bellenilýär.
Ynam — arzuwlary wysala, hyýaly hakykata öwürmäge itergi berýän güýç. Bir-birege bil baglap, ynanyşmak ýoly bilen beýik işleri durmuşa geçirip bolar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Ynamdyr dünýäň diregi!». Goý, şeýle ynam her birimiziň ýüreklerimizde baky orun eýelesin! Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň dünýä ýüzünde parahatçylygy ýaýbaňlandyrmakda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan eziz ýurdumyzda toýlar toýa ulaşsyn! Ýürekler hoş habarlardan gaýnap joşsun!
Nury SAKÇYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
«Nesil»
14.01.2025ý. №4
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024