
Makalalar
609

Muzeý – bu taryhy-medeni we tebigy-ylmy gymmatlyklary saklamak, muzeý esbaplarynyň üsti bilen maglumat toplamak we ýaýratmak üçin niýetlenen sosial maglumatlary berýän edaradyr. Muzeý tebigatyň we jemgyýetiň hadysalaryny resmileşdirip, muzeý esbaplarynyň ýygyndysyny toplaýar, saklaýar, öwrenýär, olary ylmy, bilim-terbiýeçilik we wagyz-nesihat maksatlar bilen peýdalanýar.
Türkmen halky bäş müň ýyllyk taryhynyň dowamynda dünýä ýaň salýan ençeme döwletleri döredip, umumyadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşdy. Ýurdumyzda geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, türkmen topragy iň gadymy siwilizasiýalaryň dörän mekany hökmünde ykrar edildi. Diýarymyzda hereket edýän muzeýleriň baý gaznalary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Milli Ak bugdaý muzeýinde, Türkmen halysynyň milli muzeýinde, welaýatlarymyzda ýerleşýän taryhy ülkäni öwreniş muzeýlerinde örän gadymy taryhy bolan türkmen halkynyň, şeýle hem dünýä halklarynyň gadymy mirasy, arheologlaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda geçiren gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapylan gymmatly tapyndylar, gadymy ussalaryň ýasan bahasyna ýetip bolmajak eserleri, türkmen tebigatynyň gözelligini beýan edýän eksponatlar saklanylýar. Türkmenistanda muzeý işiniň ösüşine uly ähmiýet bermek bilen, muzeýler üçin döwrebap binalar gurlup ulanylmaga berilýär, taryhy ýadygärliklerimizi gorap saklamak, bejeriş we rejeleýiş işlerini geçirmek boýunça möhüm çäreler ýerine ýetirilýär. Milli mirasymyz bolan Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň täsin ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda tutuş dünýäde hereket edýän muzeýleriň aglaba bölegi taryhy muzeýlerdir. 2011-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Balkanabat şäherinde Balkan welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň döwrebap binasynyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Welaýat merkezinde gurlan medeniýet toplumyň umumy meýdany 20 gektara barabardyr. Bu ýerde sergi zallaryň altysy – «Galkynyş», taryh we arheologiýa, etnografiýa, tebigat we ülkäni öwreniş, şekillendiriş sungaty, göçme sergiler üçin zallar bar. Mundan başga hem kitaphana we okalga zaly, gulluk iş otaglary, medeni aň-bilim we mahabatlandyryş-neşirýat bölümi mejlisler zaly bardyr.
24-nji ýanwarda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýatyň bilim we muzeý işgärleriniň mekdep muzeýleriniň işini kämilleşdirmek maksady bilen “Mekdep muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň wezipeleri we ýollary” ady bilen Balkan welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde okuw usuly maslahaty geçirildi. Okuw usuly maslahata welaýatyň etrap, şäher bilim bölümleriniň Balkanabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň, welaýatyň çägindäki muzeýleriň ýolbaşçylary, degişli hünärmenler, öňdebaryjy taryh mugallymlary gatnaşdylar.
Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Garaşsyzlyk bölüminde “Mekdep muzeýleriniň işini kämilleşdirmegiň wezipeleri we ýollary” atly okuw usuly maslahatyny Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Azatgül Hojaberdiýewa hem-de Balkan welaýat baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ýusup Akmämmedow dabarany açyp, olar öz çykyşlarynda mundan beýläk hem muzeý işini kämilleşdirmek barada mugallymlar we muzeý işgärleriniň bilelikde tejribe alyşmalydyklaryny aýdyp geçdiler.
Okuw usuly maslahatynyň dowamynda Balkan welaýat baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni Azat Berdiýewiň, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Akbibi Gurbannazarowanyň, Magtymguly etrabynyň Ýuwangala geňeşligindäki Gerkez şahamça muzeýiniň baş gazna saklaýjysy Hojamuhammet Abdyllaýewiň, Gyzylarbat etrap Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Maksat Işantaýewiň eden çykyşlary has-da täsirli boldy. Çäräniň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdymlary okuw usuly maslahatyň şowhunyny has-da artdyrdy. Myhmanlar Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň surat eserleriniň sergisine hem tomaşa etdiler. Gatnaşyjylar maslahatyň ahyrynda özara pikir alyşdylar. Soňra dabara gatnaşyjylar üçin muzeýiň bölümlerine gezelençler hem gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Sopy SOPYÝEW,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň
umumy orta bilim bölüminiň başlygy.