
Makalalar
152

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «XXI asyrda türkmen dilini okatmagy kämilleşdirmegiň döwrebap usullary» atly okuw-usuly maslahat geçirildi. Oňa bu baýry ýokary okuw mekdebiniň hem-de Lebap welaýatyndaky orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda ýaş nesle ene dilimizi öwretmekde netijeli usulyýetler, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, şeýle hem bu ugurda halypa-şägirtlik ýörelgesini üstünlikli dowam etdirmek barada pikir alşyldy.
Maslahatda tejribeli bilim işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Bellenilişi ýaly, ýaşlara döwrebap innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, kämil bilim bermek we olary milli ruhda terbiýelemek, baý sözlük gorumyzy düzýän sözleriň manysyny giňişleýin düşündirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleridir. Şeýle hem maslahatda çykyş edenler öňe sürülýän täze usullaryň ýaşlara hemmetaraplaýyn bilim we terbiýe bermäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny, sözleýiş medeniýetini has-da ösdürmäge gönükdirilendigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bilim-başarnyklaryny köptaraplaýyn kämilleşdirmäge milli gymmatlyklarymyzyň, dünýä tejribesiniň, iň netijeli usulyýetleriň esasynda çemeleşilýär. Şunuň bilen baglylykda, okuw-usuly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserleriniň türkmen dili sapaklarynyň okadylyşyny ilerletmekdäki orny, sözleýiş medeniýetini ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleri, internet ulgamynda «Türkmen dili» toruny döretmegiň ähmiýeti, dürs ýazuwy öwretmekde we kalligrafiýany kämilleşdirmekde mugallymyň döredijilikli işi, başlangyç bilim maksatnamalarynda ene dilini okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak ýaly meseleler barada giňişleýin durlup geçildi. Şunuň ýaly ýörite okuw-usuly maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi ýokary, orta we orta hünär okuw mekdepleriniň türkmen dili we edebiýaty mugallymlary hem-de geljekki ýaş hünärmenler üçin örän wajyp ähmiýete eýedir.
Maýsa ORAZGULYÝEWA.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty.
"Türkmenistan"
11.02.2025ý №36
Çeşme: Turkmenmetbugat