
Makalalar
311

Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda uly işler ýerine ýetirilýär. Muňa täze gurulýan çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, okuwçylaryň we talyplaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagyna şertleriň döredilmegi, okatmagyň kämil usullarynyň girizilmegi aýdyň mysal bolup biler. Milli bilim-terbiýe ulgamy çuňňur pähim-paýhasy kemala getirmegiň esasynda jemgyýeti jebisleşdirmegi, şonuň netijesinde-de onuň ähli döredijilik kuwwatyny ösüşe, abadançylyga gönükdirmegi maksat edinýär. Halkyň bilim-terbiýe däplerinde ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk, sagdyn ýörelgelere eýermek, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ruhy we bedeni taýdan kämil, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemek şu günüň möhüm talabydyr. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýagty we tämiz otagly bilim ojaklarynda bagtyýar durmuşymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyza bilim almaga ähli mümkinçilikler döredilendir.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki 27-nji orta mekdebi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän kämil tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we okuw serişdeleri bilen üpjün edilendir. Bu bilim ojagynda bilim-terbiýe alýan ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri has hem buýsandyryjydyr. Biz mekdebiň mugallymlarynyň ýaşlary bilimli, terbiýeli edip ýetişdirmekde ýerine ýetirýän işleri hakynda okyjylary tanyşdyrmagy makul bildik.
Amangözel ORAZMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabynyň takyk we iňlis dili dersleri çyňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri:
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynyň öňünde hem möhüm wezipeler goýuldy. Olar bilim we terbiýe bermegiň dünýäde ykrar edilen ýörelgelerini, okatmagyň döwrebap usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, bilim we terbiýe bermek üçin niýetlenen edaralaryň üpjünçiliginiň ýokary derejede ýola goýulmagy bilen bagly bolup durýar. Kämil ylym-bilim ulgamy Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Şonuň üçin hem ata Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak işi bu gün doly derejede durmuşa ornaşdyrylýar.
Mekdep üç gatdan ybarat bolup, döwrebap derejede gurlandyr. Binamyzda 65 okuw otagy, fizika, himiýa, biologiýa derslerine niýetlenen tejribe, lingafon otaglary, zähmet dersi üçin niýetlenen iki sany okuw otaglary ýerleşen. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw otaglary mugallymlara sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Olar öz öňlerinde duran jogapkärli wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirýärler. Mekdep kitaphanasynda mugallymlaryň, okuwçylaryň okuw kitaplary bilen bilelikde özlerine gerek bolan başga kitaplary, gazet-žurnallary okamaga doly mümkinçilikleri bar. Mekdebimizde sportuň dürli görnüşine niýetlenen zal hem bar. Onda okuwçylar sportuň dürli görnüşi bilen meşgullanyp bilýärler. Basketbol hem futbol meýdançalarymyzda okuwçylar türgenleşýärler. Aýdym-saz dersi üçin ýörite otaglar, zähmet gurnak otaglary hem döwrüň talabyna laýyk enjamlar bilen üpjün edilip, döwrebap sapaklar guralýar. Döredilen döwrebap şertlerden peýdalanyp, bilim alýan okuwçylar dersara bäsleşiklere gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Geçen okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Atamyrat Tagyýew, Ahmet Jepbarow, Dawut Halilow, Allamyrat Nuryýew ýaly zehinli okuwçylarymyz üçünji orna mynasyp boldular. Mahym Mamedalyýewa, Osman Jumaýew, Gülçynar Mämmetberdiýewa, Atamyrat Tagyýew, Göwher Serdarowa ýaly zehinli okuwçylarymyz hem dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolmagy başardylar. Her bir gazanylan üstünlikde halypa mugallymlaryň netijeli çekýän zähmetiniň mynasyp paýy bar. Gülüstan Nepesowa, Maksat Ýusupow, Çynar Mämmetjumaýewa, Aýjeren Çaryýewa, Jennet Wepaýewa, Mähri Çommadowa, Gül Amandurdyýewa ýaly halypa mugallymlarymyz her bir guraýan sapaklarynyň täsirli bolmagy üçin döredijilikli çemeleşýärler. Okuw derslerinde çuňňur many-mazmunly temalar döwrüň ösen tehnologiýalaryndan peýdalanylyp, interaktiw usullarda geçilýär. Okuw kitaplary bilen işlemegiň aýratyn usullaryndan peýdalanylýar. Mugallymlar okuwçylaryň bilim derejelerini barlamak üçin barlagnamalary, testleri, sowalnamalary ulanýarlar. Barlagnamalaryň mazmuny okuwçylaryň zehin aýratynlyklaryna we okuw maksatnamasyna laýyklykda, okuw kitabyndan peýdalanyp, mugallymlar tarapyndan taýýarlanylýar we tassyklanýar. Okuwçylara çylşyrymly häsiýetli ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirmekleri üçin yzygiderli tabşyryklar berilýär. Bu bolsa okuwçylaryň özbaşdak okamak endigini ösdürmäge uly itergi berýär. Sapagy täsirli guramaga döredijilikli çemeleşýän mugallymlarymyz ene-atalar bilen hem her bir okuwçynyň bilimi, terbiýesi hakynda ýakyndan gatnaşykda bolýarlar. Mekdebimizde hereket edýän «Ýaş bagban», «El hünäri, il gezer» ýaly gurnaklara okuwçylar uly höwes bilen gatnaşýarlar. Bu gurnaklarda okuwçylar daşky gurşaw bilen ýakyndan tanşyp, tebigaty söýmegi öwrenýärler. Şeýle-de milli mirasymyza degişli gymmatly maglumatlary, el hünäriniň inçe syrlaryny öwrenýärler. Mekdebimiziň bilim işgärleri häzirki ajaýyp döwrümizde ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda, döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürip, hemmetaraplaýyn başarjaň, ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmekde öňdebaryjy iş tejribelerini ulanyp, okatmagyň has işjeň usullaryny ýüze çykarmakda yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gülsoltan ANNAGULYÝEWA
"Mugallymlar gazeti"
12.02.2025ý №13
Çeşme: Turkmenmetbugat