
Makalalar
428

Ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek milli bilim ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öwüt-nesihatlaryna, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur mazmunly edebi mirasyna salgylanmak örän ýerlikli çemeleşmedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Magtymgulynyň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik temasy ýok diýen ýaly. Onuň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri ideýa-mazmun taýdan güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz bolsa dana Pyragynyň döredijiligini pähim-paýhas ummanyna deňeýär.
Aslynda, käbir aýdylan pähimler, düşünjeler belli bir çygyrdan çykmaýar. Magtymgulynyň pikir-garaýyşlary bolsa köpugurlylygy, geriminiň giňligi, manysynyň çuňlugy bilen tapawutlanýar. Onuň şygyr setirleriniň köpüsi halk arasynda nakyl hökmünde giňden ornandyr. Bu pikir ýöretmämizi delillendirmek üçin akyldaryň şygyrlaryny, Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne sözlerini, «Paýhas çeşmesi» kitabynda getirilýän nakyllaryň käbirlerini mysal getireliň! Türkmen halkynyň Milli Lideri «Älem içre at gezer» atly romanynda: «Men özüme we özümiň neberäme halkymyň nazary bilen garaýaryn. Sebäbi aňyrsyna seredeniňde-de, halk, diňe halkyň özi biziň her birimize iň hakyky we adalatly baha berýär» diýip belleýär. Halk arasynda «Älem içre adam galmaz, at gezer» diýen ýörgünli jümle bar. Dana Pyragynyň «Atamyň» atly goşgusynda:
Älem içre adam galmaz, at gezer,
Bu syrlardan jahan halky ýat gezer —
ýa-da «Çatyp bolmaýar» diýen şygrynda:
Il içinde seniň ulalsa adyň,
Seni ýaman görmez ýakynyň, ýadyň —
diýen setirler bar.
Alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylym-bilim jemgyýeti beýik maksatlara ýetirmegiň ýolunda jebisleşdirýän, döwletiň kuwwatyny artdyrýan baýlykdyr, ýagny bilim bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlykdyr. Bu günki gün pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim ulgamymyz dünýäniň ylym-bilim ulgamy bilen sazlaşykly ösdürilýär. Çünki ähli ösüşlerimiziň özeni, hamyrmaýasy ylym-bilimden gözbaş alýar. Häzirki döwürde tutuş dünýäde bilime durnukly ösüşi üpjün edýän serişde hökmünde garalýar. Ýurdumyzda bilimiň hiliniň ýokary bolmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi onuň adamyň aňyny ösdürmekde, ahyrky netijede, dünýäni özgertmekde möhüm orny eýeleýändigi bilen baglydyr.
Käbir mysallara ýüzleneliň! Häzirki wagtda Diýarymyzyň çäginde orta mekdepleriň 1750-den gowragy bar. Her ýyl birinji synpa gadam basan okuwçylara ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň mysalydyr. Watanymyzyň çar künjeginde orta hem ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Olar döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen. Bilimiň hemme basgançaklarynda sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar. Ata-babalarymyz hem bilime, bilimli kişilere uly hormat-sarpa goýupdyrlar. «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Bilimli uçar, bilimsiz gaçar», «Bilmezlik bela däl, bilesi gelmezlik bela» ýaly nakyllar-da munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragy bolsa ylym-bilimli bolmagyň näderejede ähmiýetlidigini şahyrana setirlerinde şeýle beýan edýär:
Kitap gören gullar magnydan dokdur,
Olaryň kalbynda şeýtan bolarmy?
Dünýäde aňlardan aňlamaz kändir,
Bilmezler beladyr, bilenler jandyr,
Ol ýigitler adam tilli haýwandyr,
Söz aňmasa hem ykrary bolmasa.
Adam bolsaň, gulak goýgul sözüme,
Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwrüň ösüşi bilen aýakdaş bolup, ýylyň-ýylyna giň gerim alýar. Şeýle işleriň guwandyryjy netijeleri bu ulgamda gazanylýan üstünlikleriň mysalynda hem aýdyň görünýär. Çünki täze derejä çykan milli bilim ulgamy halkara derejede-de özüni ykrar etdirmegi başardy. Mekdep okuwçylarydyr talyplaryň dürli halkara bäsleşiklere, ders olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemekleri bu ugurda edilýän tagallalaryň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän pähimleriniň köpüsinde ýigidiň eliniň hünärli bolmagy, onuň il-gününe, Watanyna peýdaly bolup ýetişmegi ündelýär, ýagny: «Hünärli zor, hünärsiz hor» diýilýär. Gahryman Arkadagymyz hem: «Ýaş nesillerimiziň baş maksady pederlerimiziň ruhy siňen mukaddes ene topragymyzy, ata Watanymyzy jandan söýmekden, ony gözüň göreji deýin goramakdan, döwrebap bilim-terbiýe almakdan, ylym we hünär öwrenmekden ybarat bolmalydyr» diýip belleýär.
Almaz guşlar awa çapmaz,
Hünärsiz öz syrtyn ýapmaz,
Märekede orun tapmaz,
Akly-kemaly bolmasa.
ýa-da:
Köňlüň islän işler çykmaz
Nan ýagysy — kärsiz ärden —
diýen setirler bolsa dünýäniň danasy Magtymguly Pyraga degişlidir.
Sözümizi jemläp aýtsak, türkmen halkynyň dürli döwürlerde öňe çykaran beýik şahsyýetleriniň pähim-paýhasy, parasady biri-biri bilen sazlaşykly utgaşyp, täze taryhy döwürde täzeçe öwüşgine eýe bolýar we ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülýär. Bagtyýar zamanamyzda gülläp ösüşiň aýdyň ýoluna düşen ata Watanymyzyň geljegi bolsa zehinli hem gujurly ýaşlarymyza baglydyr.
Hemra ARAMEDOW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiri,
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.
"Türkmenistan"
14.02.2025ý №39
Çeşme: Turkmenmetbugat