Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

«Edep bilen bagt tapylar...»

15.02.2025

198

«Edep bilen bagt tapylar...»

Terbiýäniň hem özboluşly bir mekdepdigini hiç kim inkär etmese gerek. «Çagany ýaşdan, edebi — başdan» diýen paýhasa eýeren ata-babalarymyz çaga terbiýesini mukaddes borçlaryň biri hasaplap, oňa örän jogapkärçilikli çemeleşipdirler. Irgözinden başlap, çaga ulyny sylamak, mähriban we mähirli, deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşykda bolmak, birek-birege kömek, ýardam etmek ýaly ýagşy gylyklary öwredipdirler. Myhman gelende ylgap öňünden çykýan, gadyrly salamlaşýan, saçak başyna geçjek wagty onuň elini ýuwdurýan çagajyklarynyň edep-terbiýesine buýsanypdyrlar.

Dogrusy, edep-terbiýeli çagalara gözüň düşende begenýäň. Haýsydyr bir iş bilen mekdebe baranyňda, tanasa-tanamasa-da, eda bilen «Salam!» diýip ýüzlenýän çagajyklarda görüm-göreldäni, terbiýäni görýärsiň. Bu dogrusynda halypa kompozitor Mämmetsapar hajy aganyň aýdyp beren şu gürrüňini mysal getiresim gelýär:

— Oba ýerinde hemmeler bir-birine salam berýär, bir-biri bilen salamlaşýar. Şeýle terbiýäni alamsoň, Aşgabada okuwa gelemde, bu meselede maňa biraz kynrak boldy. Men bu ýerde-de hemmelere salam bermelidir öýdüp, hemmeler bilen salamlaşdym ýördüm. Bir gün talyp ýoldaşlarymyň biri diňe tanaýan adamlaryň bilen salamlaşmagyň hem ýeterlikdigini aýdanda, dogrusy, bu hakynda oýlanman bilmedim. Içimi gepledip, «Ine, öňüňden bir ýaşuly çykdy-da. Tanamaňda näme? Nädip salam bermän geçjek...» diýip, özümiňkini dogry hasapladym. Asyl, şu pikirim, niýetim bilen durmuş ýollarynda ýalňyşmadymam. Tüweleme, terbiýeli, salamly ýaşlarymyz bar. Salam bermeseler, «Gurgunmysyňyz?» diýýän welin, ýylgyryp, «Bagyşlaň, salam!» diýäýýärler. Durmuş bir umman ýaly mekdep. Onda öwrenibermeli, öwredibermeli...

Halypanyň bu sözlerinden görşümiz ýaly, edep-terbiýe salamdan başlanyp, ýeneki süýji gatnaşyklara hem badalga berýär. Saňa kimdir biriniň «Salam!» diýip ýüzlenmegi dünýäňi ýagtylandyrýar. Bir goňşymyz bar. Kiçijik oglanjyk. Ýöne salam meselesinde gowy terbiýe alandygy mesaňa görnüp dur. Her görende mähir bilen, «Gelneje, salam!» diýýär welin, onsoň ýanyndaky dymyp duranlaram salamlaşyp başlaýarlar. Görýäňizmi, kiçijik bolsa-da, töweregindäkilere täsir etmäni başarýar. Goý, şeýle terbiýeli oglanjyklarymyz köp bolsun!

Arada oglanjyklaryň arasynda sene-mene boldy. O mahal men gijara aýlanmaga çykypdym. Synlap durun. Bu düşünişmezligiň soňy ýakalaşma ýazyp başlady. Nämüçindir, geçip barýan adamlar muňa känbir pitiwa edenokdylar. Aýal maşgala bolsamam, men saklanyp bilmedim. Ýuwaşlyk bilen olaryň ýanyna baryp, aralaryny açdym. Sähel wagtdan hemme zat gülala-güllük boldy. Oglanjyklar ýaraşyp, ýaňadandan oýnamaga başladylar.

Şu günki ýaly ýadymda. Gyz çaga bolsamam, maňa kakamyň çekiji diýseň ýaraýardy. Ussahanasyndan çykyp gaýdaryna mähetdel, ylgap barardym-da, çekiji elime alardym. Endigan goýlan agaçlara çüý kakan bolardym. Ýatlasam, şondaky çekijiň elime degen awusy entegem duýulýan ýaly bolýar. Bir gün üstüme kakam geldi. Elbetde, ol gaharlanmady. Ýöne: «Gyzym, birinjiden-ä, soran bolsaň gowy bolardy. Ikinjidenem, ussaçylyk erkek adamlaryň işi...» diýdi. Kakamyň bu sözleri maňa güýçli täsir edip, ogurlyk eden ýaly, ýüzüm gyzyp gitdi. Öz öňümde «mundan beýläk diňe soramaly» diýen şert goýdum. Çünki şonuň özem bir terbiýedi. Soň-soň ejem bilen maslahatlaşyp, keşde çekip, gaýma gaýap başladym. Tomsuň yssy günlerinde joralar bolup üýşüp keşde çeken wagtymyz gyzykly gürrüňlerem edýärdik. Bir gün görsek, ejem bizi diňläp duran eken. Onuň: «Nähili gürrüň etseňizem, özi ýok adamynyň gürrüňini etmäň. Biz size beýle terbiýe bermedik ahyryn! Ol gybat bolýar» diýen sözleri hemmämiz üçin sapak, mekdep, terbiýe boldy.

Käte şeýleräk waka hem bolaýýar. Köpçüligiň üýşen ýerinde nämedir bir zat sorap gelen çaga ejesi käýemäge başlady. Özem zol-zol: «Köpçüligiň içinde sen meni masgara etdiň» diýýär. Eýsem-de, bu sözleri kime degişli görmeli? Durmuşyň manysyna ýaňy düşünip başlan çagamy ýa-da ejesine?! Oturanlar sesini çykarman, synlap otyrdylar. Ýöne men dymyp bilmedim. Onuň beren jogaby terbiýesini açyp görkezdi. Näme jogap berendir öýdýäňiz? «Käýesem öz çagama käýeýän». Şondan soň hiç zat diýmedik hem bolsam, men içimden özümiňkini dogry hasapladym. Çünki dogry wagtynda, öz pikiriňi aýdyp bilmegiň hem terbiýe babatda peýdasynyň degýän ýeri kän bolýar.

Biziň bir mugallymymyz bardy. Oňa beren sowalyň ýekejesem jogapsyz galmazdy. Şeýle bolansoň, bilmeýän zatlarymyzyň ählisini sorap, biz ondan öwrenerdik. Bu mugallyma bolan hormatym «Käşgä ene-atalaryňam hemmesi şeýle bolsady!» diýen pikiri oýarardy. Sebäbi maşgalada çagalaryň sowallarynyň ene-atalar tarapyndan jogapsyz galdyrylýan wagtyna-da duşmak bolýar. Okuwçy mahalym şeýle bir hekaýa okapdym. Onda kiçijik gyzjagazyň başdan geçirýän ahwalatlary beýan edilýärdi. Gyzjagaz eýjejikdi, näzijekdi. Ol köp çagaly maşgalada dünýä inen çagalaryň biridi. Aga-gara düşünip başlanda, onuň ýüreginde ençe sowallar ýüze çykýar. Olary ejesi bilen paýlaşasy gelýär. Ýöne ejesi her sapar «Häzir däl, soň! Men onsuzam ýetişemok...» diýip, bilesigeliji gyzyň sowaldyr ýüztutmalaryny jogapsyz galdyrýar. Gyzjagaz bolsa her sapar bildirmezden, ejesinden öýkeläp, garaňky otaga girip aglaýar. Ejesiniň özi üçin wagt tapmaýandygyna gynanýar...

Bular ýaly ýagdaýyň öz durmuşymda hem gabat gelendigini gizlemän, aýdasym gelýär. Yzygiderli egnim agyrýardy. Zöwwe ýerimden galsam, başym aýlanyp, zordan ýykylman saklanýardym. Muny çaga ýüregim bilen ejemdenem, doganlamdanam gizleýärdim. Edil sag tarapymyzda ýalňyz galan bir garry daýza ýaşaýardy. Biz gyzjagazlar bolup, hem-ä oňa kömekleşýärdik hemem onuň gürrüňlerini diňleýärdik. Men şonda arkamy diwara bermesem oturyp bilemokdym. Muny diňe şol daýza aýdyp beripdim. Şonda onuň maňa: «Muny maňa aýdanyň zyýany ýok, gowy. Ýöne ony ilki ene-ata, hasam ejeň bilmeli. Gyz çagalar ejesinden hiç zat gizlemeli däldir» diýen sözleri örän täsir etdi. Öýe gelip, ejem jany gujaklap, bolan zatlaryň baryny gürrüň berdim...

Elbetde, bu durmuşda gabat gelýän ýagdaý. Onuň beýle bolmazlygy ene-atalaryň çagalaryna bolan gatnaşygyna bagly. Bu terbiýe meselesinde-de şeýle bolmalydyr. Çünki ene-atalaryň çagalary bilen ýygy-ýygydan söhbetdeş bolmaklary, «Eýle bolmaly däl, beýle bolmaly!» diýip, ýagşy ündewleri edip durmaklary terbiýe babatynda oňat netije berýär. Çagalar ene-atalarynyň, ulularyň ýörän ýolundan ýöremelidiklerine ymykly düşünýärler.

Golaýda ýol ulagyna — awtobusa münmeli boldum. Içi adamdan doly bolmasa-da, oturar ýaly ýer ýokdy. «Zyýany ýok, durup gidäýerin» diýen pikir bilen gapydan ätlänimden, diňe bir däl-de, üç-dört sany ýetginjek ýerlerinden turup, ýerli-ýerden oturmagy mürähet etdi. Dogrusy, muňa özüm-ä diýseň begendim. Şeýle hem edep-terbiýeli ýaşlarymyza guwandym. Alkyş aýdyp, düşjek wagtymda-da sagbol baryny aýdyp düşdüm. Terbiýeli ýaşlarymyz, görüň, bizi şeýdip begendirýärler.

Adam üçin terbiýe islendik ýaşda-da giç däl hasap edýäris. Çünki adam näçe ýaşan hem bolsa, öwrenýä, öwredýä. Ol bolsa terbiýe bilen baglanyşykly milli ýörelgelerimiziň dowamat dowam bolmagyna getirýär. Saçak ýazylyp, nahar orta getirilenden soňam, hormat hökmünde, öýüň ulusy gelýänçä, nahara elini uzatmaýan nesil bizde — biziň türkmen halkymyzda bardyr. Ol ene-atalaryň çagalaryna berýän terbiýesiniň, görkezýän görüm-göreldesiniň netijesidir. Şeýle terbiýeli nesillerimiz ýurdumyzyň geljegidir. Ýurdumyzy ösdürjek, özgertjek, öňe alyp gitjek ynsanlardyr. Goý, olaryň dünýäsi hemişe owadan bolsun!

Ogultäç ORAZTAGANOWA,

«Watan»

15.02.2025ý №13

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly