Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

Çagalar durmuşyň gülleri

17.02.2025

85

Çagalar durmuşyň gülleri

Ata-babalarymyz çaga terbiýesine örän jogapkärli çemeleșipdirler. Türkmençilikde «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýen pähim bar. Diýmek, çaga dünýä inen gününden terbiýelenip başlanýar.

Çaganyň akylly-başly, ylymly-bilimli, watansöýüji şahsyýet bolup ýetişmeginde nakyllar, atalar sözleri, ertekiler, rowaýatlar uly orun eýeläpdir.

Her bir ene-ata öz çagasyna mähir siňdirip, terbiýe bermelidir. Çaga enäniň mähri bilen ulalsa, ol ruhy hem beden taýdan sagdyn bolýar. Ene bilen perzendiň arasyndaky baglanyşyk şunda jemlenýär. Topraga nahal oturdylyp, oňa wagtynda dökün, suw berilse, ondan gowy daragtyň kemala geljekdigi düşnükli zat. Çaga terbiýesine hem uly ähmiýet berilmegi bilen akylly-başly, özbaşdak pikirlenmäge ukyply nesil kemala gelýär.

Kiçi ýaşly çaganyň ata-ene tarapyndan çendenaşa goraglanmagy belli bir derejede zyýanlydyr. Şonda çaga durmuşda çekinjeň, ýygra bolýar. Ene üçin çaganyň kämil bolmagy zerurdyr. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler edip kemala getirmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Çaga edep-terbiýe bilen bir hatarda ylym-bilim bermek hem ene-atalaryň borjudyr. Șonuň üçin çagalarymyzyň milli ruhda terbiýelenmegini, kitap okamak endiginiň ösdürilmegini gazanmalydyrys.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesilleri kämil ruhda kemala getirmekde, olary terbiýelemekde, ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, geljegimiz bolan ýaş nesilleri kemala getirmek her bir ata-enäniň öňünde durýan belent borçdur.

Bilbil GARRYÝEWA,

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

«Mugallymlar gazeti»

17.02.2025ý №14

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly