Aşgabat
Makalalar
60
Körpelerde tebigata söýgini döretmek
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň körpe nesliniň sagdyn ösmegi hem-de mekdebe taýýarlanmagy babatynda uly aladalar edilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli döwründe 3-6 ýaşly çagalara kämil bilim-terbiýe bermek bilim işgärleriniň borjudyr. Mekdebe çenli ýaşly körpeleri terbiýelemek işinde çagalar bilen guralýan okuw sapaklary, terbiýeçilik çäreleri, gezelençler, bäsleşikler, sergiler, baýramçylyklar, sport ýaryşlary, gurnak işleri uly ähmiýete eýedir.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sapaklaryň birnäçesi geçilýär. Sözleýşi ösdürmek sapaklarynda çagalara ertekileri, goşgulary, sanawaçlary, matallary öwredýäris. Olary ýatdan aýtdyrmak, gürrüň berdirmek arkaly çagalaryň sözleýiş ukyplarynyň has-da hem kämilleşmegini gazanýarys. Ertekilerdäki gahrymanlar hakynda çagalaryň özbaşdak pikirlerini diňleýäris. Ertekiler esasynda gysgajyk sahnalary hem döredýäris. Şol sahnalarda çagalaryň özleri gahrymanlaryň sözlerini aýtmak üçin birnäçe sözlemleri ýatdan öwrenýärler. Şeýlelik bilen, olar ýat tutmak başarnyklaryna eýe bolýarlar. Körpeler erteki gahrymanlarynyň häsiýetlerine laýyklykda egin-eşik geýýärler. Bular bolsa çagalaryň gowy zatlary saýlamak ukyplaryna eýe bolmagyna, adam häsiýetlerini tapawutlandyryp bilmek başarnyklarynyň döremegine esas bolýar.
Bahar ATAÝEWA,
Mary şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
* * *
Gollanmalardan peýdalanmagyň ähmiýeti
Geografiýa sapaklaryny täsirli guramak üçin dürli görkezme esbaplary, slaýd şekillerini taýýarlaýarys. Şeýle-de derse degişli okuw kitaplaryndan daşary gollanmalary hem ulanýarys. Şu ders boýunça ösümlikler, tebigat hakynda düşündirenimde, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan peýdalanýarys.
Güneşli Diýarymyzda peýdaly ösümlikleriň diýseň kändigi hakynda okuwçylara maglumat berýärin. Olara tebigatda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak köp sanly dermanlyk ösümlikleriň atlaryny sanap, depderlerine bellik etdirýärin. Okuwçylaryň her birine dermanlyk ösümlikleriň atlaryny paýlaýaryn. Sapagyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ýapraklardan, miwelerden we dermanlyk ösümlikleriň köklerinden dermanlary taýýarlamagyň we ulanmagyň usullary baradaky maglumatlary depderlerine bellik edip, öwrenmekleri üçin öýe ýumuş tabşyrýaryn. Olaryň her biriniň häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada anyk we doly maglumatlary okuwçylara gürrüň berdirýärin. Sapagy okuwçylaryň arasynda sorag-jogaplaryň üsti bilen berkidýärin.
Maksuda BABAŞOWA,
Çärjew etrabyndaky 45-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.
«Mugallymlar gazeti»
24.02.2025ý №17
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024