Aşgabat
Makalalar
132
Başlangyç synp okuwçylary öwrenmäge höwesli, bilesigeliji bolup, olara berilýän her bir maglumat täsin we gyzykly bolýar. Şunda mugallym guraýan sapagyny has-da täsirli edip geçmäge, olaryň aňynda gowy galmagyny gazanmaga, şol derse bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga çalyşýar. Mugallym okuw işini täsirli guramak üçin her bir çaganyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmalydyr.
Okuwçylaryň sapaga ünsüni çekmegiň täsirli usullarynyň gözleginde bolýar. Sapak oýnuň ýa-da täsirlije ertekileriň üsti bilen düşündirilende ýatda galyjylygy gowy bolýar. Mugallym okuwçylara erteki esasynda sahnalaşdyrylan gyzykly we täsirli oýun oýnamagyna şert döretmeli. Çünki oýunlar bilen geçilen sapaklar olaryň aňyndan hiç wagt çykmaýar. Meselem, haýsydyr bir ertekini okuwçylara okap bermek we multimedia tagtasynda suratlaryny görkezmek örän täsirli bolýar. Munuň özi okuwçylarda gyzyklanma döredýär we ertekini okamaga, şeýle hem okamak endigini ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Aslynda ertekiler başlangyç synp okuwçylaryny has-da gyzyklandyrýan ugurlardyr. Şonuň üçin hem mugallym bu ertekileri oýun arkaly berkidende has-da täsirli bolýar. Bu okuwçylaryň dünýägaraýşyny hem ösdürýär. Okuwçylaryň arasynda iki topary döredip, ertekiniň many-mazmunyny ýatdan aýtdyrmak gerek. Şunda örän täsirli hem-de manysy bilen aýdyp bilen topary ýeňiji diýip atlandyrmak bolar. Şeýle hem ýeňiji toparyň okuwçylaryny ýyldyzjyklar bilen höweslendirmeli. Bu okuwçylary täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Soňra sorag-jogap alyşýarys. Gysgajykdan manyly ertekileriň üsti bilen çagalar ulyny sylamagy, kiçä kömek etmegi öwrenýärler. Sadadan gyzykly sapaklary gurap, okuwçylarymyzyň ýatlamalarynda hormatly we söýgüli mugallymlary bolmagy başarmaly.
Başlangyç synp okuwçylarynyň durmuşyny oýunsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şol sebäpli olar bilen guralýan sapaklarda öwrenen zatlarynyň ýadynda pugta galmagy üçin ony dürli oýunlar arkaly berkidýärin. Munuň özi çaganyň has-da ýadynda galmagyna we gyzykly bolmagyna ýardam edýär. Okuwçylara sowat öwretmek sapagynda öwrenen temasyny berkitmek maksady bilen, olara şol günki oýnan oýunlarynyň özlerinde galdyran täsirlerini ýazmagy tabşyrýaryn. Ýaş nesli döwrümiziň talaplaryna laýyk derejede terbiýeläp ýetişdirmek her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr.
Alma ORAZMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň mugallymy.
«Mugallymlar gazeti»
24.02.2025ý №17
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly