Aşgabat
Makalalar
185
Çaga terbiýesiniň ilkinji ädimleri maşgala ojagyndan gözbaş alýar. Her bir ata-ene öz perzendiniň edep-ekramly, watansöýüji, ilhalar ynsan bolup ýetişmegi ugrunda elinde baryny gaýgyrmaýar. Maşgalanyň düzgüni, edim-gylymlary enäniň edähetlerine, atanyň agras garaýyşlaryna bagly bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Dogry-dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär.
Türkmen ojagynda gyz maşgalanyň orny aýratyn uludyr. Çünki halkymyz «Gyzly öý — gyzylly öý» diýýär. Gyz maşgalany häsiýeti, edim-gylymy, hünäri bezeýär, eli çeperlik bolsa ony sarpalaýar. Enesinden alan terbiýesi, öwrenen hünärleri gyza hormat getirýär. Hut şonuň üçin hem ene-mamalarymyz çagany, aýratyn-da, gyz perzendi çagalykdan zähmet endiklerini ele almaga ugrukdyrýarlar. Olar gadymy döwürlerden bäri «Gyz edebi gyzyldan» diýmek bilen, gyzlaryň boş wagtlaryny diňe haýyrly işlere sarp etmeklerini gazanyp gelipdirler. Keşde çekmegi, ýüp işip, alaja örmegi, haly dokamagy, keçe basmagy we beýleki birnäçe el hünärlerini, dürli tagamlary taýýarlamagy, öý-ojagy arassa saklamagyň düzgünlerini öwredipdirler. «Hünärim bar — hormatym bar», «El görki — hünär», «Adam eli — gyzyl gül», «Gutarylan işden gül ysy geler» diýen ýaly nakyllar zähmetiň hormat getirýändigini görkezýär.
Enäniň sallançakda ýatan çagasyna aýdýan mährem owazly hüwdüsi adaty bir söz bolman, ol çagany durmuşda gowulyklara, mukaddes Watana, ata-enäniň, il-günüň derdine ýaraýan merdana we edep-ekramly nesiller bolup kemala gelmegini arzuwlaýan pendi-nesihatlarydyr, öwüt-ündewleridir. Edep-terbiýäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem, özleriniň durmuş tejribesinde taplanan asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri, el hünärleri bilen gyz-gelinlere görelde bolupdyrlar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ejem uýalaryma öwüt berende, olara gatyrganmazdy, hiç haçan gygyrmazdy. Ýok, şu edeniň bolmandyram diýmezdi. Olara edebi öz hereketleri, oturyp-turşy, töwerege, adamlara gatnaşyklary bilen düşündirmäge çalşardy» diýip, mukaddes enelerimiziň terbiýe mekdebini öz mähriban käbesiniň mysalynda beýan edýär.
Agaçlaryň kökden boý alşy ýaly, perzentlerem öz ata-enesiniň ýol-ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk, ahlaklylyk, edeplilik häsiýetlerini gülden näzik gyzlarynyň aňyna çagalykdan guýmak, olaryň gulagyny edep-terbiýe bilen bagly nesihatlardan gandyrmak türkmen eneleriniň gadymdan bäri dowam edip gelýän ýörelgesidir. Bir akyldardan çaganyň kemally adam bolup ýetişmegi üçin näme etmelidigi barada sorapdyrlar. Şonda ol: «Ata-eneler toprak, perzentler şol toprakdaky ösümlikdir. Ösümligiň ýagdaýy hiline bagly. Çagany eý görmeli, oňa gowy terbiýe bermeli. Her islegine höre-köşeläp: «Bolýar» diýip otursaň, bikemal çagalar kemala geler. Bu bolsa durmuşyň gaýtargysydyr» diýipdir.
Gyzjagazlara kiçiliginden milli ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýe berilýär. Bu günki günde orta mekdeplerimizde hereket edýän gurnaklar we zähmet sapaklary gyzlarda zähmet, bilim terbiýesi bilen bir hatarda, edepli-ekramly bolmagynda, asyllylygynda, ula hormat goýmagynda, maşgala mukaddesligini gorap saklamagynda we ata-enäni sylamagynda, hünär öwrenmeklerinde uly ähmiýete eýedir.
Mährem enelerimiziň belleýşi ýaly, gyz maşgala hiç wagt gaty gepläp, gaty gülmeli däldir. Agras, salyhatly, edepli bolmaly, ulyny sylap, kiçä hormat goýmalydyr, paýhasly sözläp, halal ýaşamalydyr. Nahar bişirende ýa-da el işlerini edende gyzlarymyz ululardan öwrenmäge çalyşýarlar. Muňa gurnak sapaklaryny geçenimizde has-da aýdyň göz ýetirýäris. Gurnak sapaklarymyzda gyzjagazlar el işleriniň ähli görnüşleriniň gadymdan gelýän syrlaryny öwrenip, zähmet sapaklarynda has-da kämilleşýärler.
Şeýle asylly däpler esasynda ýurdumyzyň altyn geljegine deňelýän ýaşlarymyzy mynasyp terbiýelemäge, okatmaga, öwretmäge, ylym bilen meşgullanmaga ähli şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulbagt ANNASEÝIDOWA,
Aşgabat şäherindäki 25-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
«Nesil»
25.02.2025ý №18
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024