Aşgabat
Makalalar
49
Ulag ulgamy ählumumy we sebitleýin ykdysady ösüşde hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde uly orun tutýar. Ýurdumyzyň içerki we daşarky ulag arabaglanyşygy üçin ähli şertleriň döredilýän döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Bu bolsa, milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny hem barha ilerledýär.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen — Mary böleginiň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, ýardam edýär. Şeýle-de Uzen — Bereket — Gürgen, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýol taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi we olaryň goňşy döwletleriň demir ýol ulgamlaryna birikdirilmegi üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaga, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkitmäge şert döretdi. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metre deň bolan demir ýol köprüsiniň açylyp ulanmaga berilmegi, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine girişilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhynda täze sahypany açdy. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde demir ýol köprüsiniň gurlup ulanmaga berilmegi hem bu ugurda nobatdaky ädimdir.
Hazarýaka döwletler bilen bir hatarda, Türkmenistan hem halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, söwda ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň çäklerinde milli deňiz flotunyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly üns berýär.
Ulag ulgamyny ösdürmegiň, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenendir.
“Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan ýurdumyz halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň köpşahaly toruny emele getirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit we sebitara logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany, Ýewropany, Hazar, Gara deňzi we Baltika sebitlerini, Orta hem-de Ýakyn Gündogary, Günorta, Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze dereje bermäge gönükdirilen birnäçe Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnama hem bar.
Umuman, ulag ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we netijeli dolandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ykdysadyýeti durnukly we okgunly ösdürmegi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Gytja ATDAÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024