Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

Hünäriň hormatyny haklan halypa

24.03.2025

66

Hünäriň hormatyny haklan halypa

Iş otagymyzyň penjiresinden görünýän gür baglygyň içindäki oturgyçlaryň töwereginde adamlaryň üýşüp duranyna ýygy-ýygydan gözüň kaklyşýar. Ýakyndan-daşdan, ýurduň çar künjeginden paýtagta gelen dürli ýaşdaky bu ynsanlary bir zat birleşdirýär — olaryň ählisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dürli ýyllardaky uçurymlary.

Adatça, geljek gelip, hemmeler ýygnanyşandan soň, birmahalky talyplar okuw otaglaryna barýarlar, sapak beren ussatlary — mugallymlary bilen görüşýärler, geçen günleriň gulagyny şaňladýarlar, ömrüň baharyny — talyplyk ýyllaryny ýatlaýarlar. Uçurymlykdan ýigrimi, otuz, kyrk ýyl soň, eýýäm garrylygyň gyrasyndan giren şol ynsanlaryň ýüzi nurlanan ýaly duýulýar. Eýsem näme, olar bir pursatlyk bolsa-da, ömrüň iň gyzykly döwrüne dolanýarlar ahyryn.

Şeýle ýagdaý günde-günaşa bolmasa-da, köp gaýtalanansoň, dogrusy, indi öwrenişibem gidipdiris. Ýöne bir waka hiç ýadymdan çykanok. Bir gün ýetmişi tegeläp, segseniň onlugyndan giren ýaşulularyň, ak saçly eneleriň on bäş-ýigrimisi öz aralarynda gülşüp-degşip, elleri bilen ol-bu tarapy görkezişip, okuw binamyza gelýär. «Wagyz-nesihat duşuşygy geçiriljek öýdýän» diýip, öz ýanymdan pikir ýüwürdenim şoldy welin, mugallymlaryň biri: «Tüweleme, gör-ä bulary, 50 ýyldan soňam birek-biregi, uniwersiteti ýatdan çykaranoklar» diýende, haýran galypdym. Birazdan kafedranyň mugallymlar otagynyň gapysy kakylyp, hatara durlar barysy. Özleri-de buýsanyp diýýärler: «Biz — 1973-nji ýylyň uçurymlary!». Saglyk-amanlyk soraşyp, söhbetdeş bolanymyzda, özlerini okadan mugallymlardan Ýazgül Jumaýewanyň ýanyna ýöriteläp salama barandyklaryny begenip aýtdylar.

Mugallymçylygyň neneňsi mukaddes kärdigine öňem-ä belet welin, 50 ýyl ozalky talyplaryň ýatlap, hormatlap salama gelşini diýseňizläň! Ýöne, ýene-de bir zady unutmaly däl. Akyldarlaryň aýdyşy ýaly, käriň hormaty, ilki bilen, onuň eýesiniň mertebesine bagly. Ýazgül mugallymyň kär kemalyny gazanandygy, uly sylag-sarpasy şonda ýene-de bir gezek aýan boldy.

* * *

1940-njy ýyl. Togsan dolup, ýere ýyly gidipdi. Gürrüňimiziň gahrymany baharyň başynda gadymy Daşoguz topragynyň Boldumsaz etrabynyň Öküzýap geňeşliginde dünýä inýär. Çaga ady bilen gelýär diýleni. Ýazyň ýakymynda doglan gyzjagaza Ýazgül diýip at goýýarlar. Ol maşgalada üçünji gyz perzentdi. Eýýäm çagalykdan saýlanan Eneş hemem ýedi ýaşynyň içindäki Abadan gyz jigileri Ýazgülüň hem-de ondan üç ýaş kiçi Ogulboldynyň terbiýesinde uly orun tutdular. Bu şol ýyllaryň adamlarynyň durmuşyndaky birmeňzeş tagma — elhenç uruş bilen baglydy. Kakalary Baýry aga bilen ejesi Ogultäç gelneje kyrk ýaşy arka atan oba zähmetkeşleridi. Ir ertirden giç agşama çenli sagat sanaman işlenilýärdi. Zähmetdäki üstünlikler ýeňşe bolan ynamy berkidýärdi.

Ata-enesiniň özleriniň ak ýola ataryp goldamagy dört doganyň, şol sanda Ýazgülüň hem bilim almagyna nur saçdy. Ýazgül Jumaýewa 1957-nji ýylyň güýzünde häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk fakultetiniň taryh hünärine okuwa kabul edildi. Şol ýyllar uniwersitetiň täze okuw binasynyň gurluşygy başlanypdy. Oňa bilime teşne talyplar hem mynasyp gaşant goşdular, zähmetini gaýgyrmadylar. 1960-njy ýylda häzirki 1-nji okuw binasynyň gurluşygy tamamlandy. Okuwlar täze binada dowam etdirildi.

Ýyllar hatar gurap geçdi. Ýazgül mugallym häzir döwrebap binada işleýär. Onda-da, halypa mugallymyň binanyň gurluşygy, talyplyk ýyllary baradaky söhbetleri bagtyýar ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Döwrüň tapawutlaryny deňeşdirip, olar özleri üçin döwlet derejesinde edilýän aladalara has jikme-jik göz ýetirýärler.

* * *

Ýazgül mugallym: «Talyplyk — ömrüň bahary» diýip kän gaýtalaýar. Köp aýdylan, köp eşidilen hakykat hasaplasaňam, her sapar ony makullanyňy duýman galýarsyň. Sebäbi talyplyk bagty nesip eden ähli ynsan muňa gowy düşünýär. Ýöne gep oňa haçan düşünilýänliginde: köplenç, «bahar sowlup» — talyplyk geçip, yza ser salnanda. Şonuň üçin halypa mugallymyň öz wagtynda muny ýaşlara ýatladýandygy uly mana eýe. Onuň özüniň talyplyk döwri 1962-nji ýylda tamamlanýar. Ýokary bilim alyp, taryh mugallymy hökmünde öz dogduk topragynda ýaňy bäş aý işlemänkä adamsy Bäşimiň harby lukman hökmündäki gullugyny Mary şäherine geçirendikleri sebäpli, mugallymçylygyny ol ýerde dowam etdirýär. Bäş ýyllyk zähmetiniň dowamynda bu sebitiň taryhy bilen ýakyndan tanyşýar, kärine kämilleşýär, tejribe toplaýar. Soňra paýtagtda biraz wagt çagalar bagynda, soň ýene-de orta mekdepde zähmet çekýär. 1970-nji ýylda, ylmy dilde atlandyrylyşy ýaly, öz «alma-materine» — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine işe çagyrylýar. Şondan bäri hem bu baýry ýokary okuw mekdepde mugallymçylyk edýär.

Ondan bäri eýýäm ýarym asyrdan köp wagt geçipdir. Ýazgül mugallym bolsa, şol öňki endigine görä, uzyn dälizlerden pessaýja ýöräp, okuw otagyna barýar. Umumy okuwlarda taryhyň iň gadymy döwri, şeýle-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Gündogaryň gadymy we orta asyr şäherleri barada gürrüň berýär. Onuň gyzykly söhbetleriniň diňleýjisi hemişe ýeterlik. Uniwersitetiň, zähmet çekýän fakultetiň taryhyny öwrenjek bolsaňam, bu barada bir zat ýazmak isleseňem, maslahatçyň Ýazgül mugallymdyr. Belli taryhçylar, olaryň ylmy işleri barada kitaplardan okap tapmajagyňy sorap ýetişmänkäň birin-birin aýdyp berer. Sebäbi uzak zähmet ýolunyň dowamynda Ýazgül mugallym A.Gubaýew, H.Ýusubow, O.Amantyýew, N.Babaýew, B.Esenow, N.Gajarow ýaly we beýleki köp sanly belli alymlar bilen işleşdi. Häzirki wagtda şol tejribesini fakultetiň halypa professor-mugallymlary N.Rahymow, A.Burynow, O.Gurbanowa, S.Ataýew, J.Annaorazow, G.Karly dagy bilen bilelikde ýaş mugallymlar bilen içgin paýlaşýar, olara halypalyk edýär.

Ýokary okuw mekdebiniň uly mugallymy hökmünde Ýazgül Jumaýewa ýurdumyzda geçirilýän ylmy maslahatlara işeňňir gatnaşýar, ylmy nutuklary bilen çykyş edýär. Ol birnäçe publisistik we ylmy makalalaryň awtory. Terbiýeçilik işlerinem hiç wagt ünsden düşürenok. Häzirki wagtda-da zenanlar guramasynyň geçirýän wagyz-nesihat çäreleriniň arzyly myhmany. Talyp gyzlara öwüt-ündewleri bilen dogry ýol salgy berýär, okuwa höweslendirýär.

Halypa mugallym Ýazgül Jumaýewanyň iş tejribesi hakynda aýdylanda, bir zada aýratyn ünsi çekmeli. 1962-nji ýyldan bäri onuň 63 ýyllyk iş tejribesi bar. Ol tutuşlygyna ýurdumyzyň bilim ulgamy, özi-de bilimiň ähli basgançaklary (mekdebe çenli bilim, orta bilim, ýokary bilim) bilen baglanyşykly. Geçen zähmet ýoluny utgaşdyryp, halypa mugallym 55 ýyldan bäri uniwersitetimizde geljekki taryhçy hünärmenleri taýýarlaýar.

* * *

Biziň ýurdumyzda yhlas bilen zähmet çekseň mynasyp baha berilýär. 2018-nji ýylda baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bilim ulgamynda uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli zähmeti üçin arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Ýazgül Jumaýewa «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýen hormatly at dakyldy. Şonda ähli bilim işgärleriniň uly höwes bilen okaýan «Mugallymlar gazetiniň» sahypalarynda halypa mugallymyň ýürek buýsanjy okyjylara ýetirilipdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ýazgül Jumaýewa halypa mugallym, bagtyýar ene. Ol ýanýoldaşy Bäşim aga bilen üç perzendi terbiýeläp, il hataryna goşdy. Agtyk-çowluklarynyň arasynda eşretli durmuşyň hözirini görýän mugallym maşgala mukaddesligine sarpa goýýar. Durmuş toýlarynyň arzyly myhmany hökmünde ýaş juwanlara her gezek edýän şol bir arzuwynyň aňyrsynda, pikirlenip otursaň, iňňän uly many bar: «Türkmen dilinde ajaýyp 6 söz bar. Size şolary arzuwlaýan. Eje-kaka boluň, ene-ata boluň, mama-baba boluň, küren-küren oba boluň!». Nesil dowamatyna ömrüniň manysy hökmünde seredýän halkymyzyň asylly häsiýetinden gelýän ýörelgeler halypa mugallymyň ýüreginden syzylyp çykýan bu jümlelerde şöhlelenýär.

Ýazgül mugallymyň entek-entekler etsem-petsemleri az däl. Olaryň esasy bölegi ata Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly nesli, kämil hünärmenleri ýetişdirmek bilen bagly. Bu döwletli işlerde halypa mugallyma uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Rüstem HOJAGELDIÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti"

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024