
Makalalar
1122

Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda maliýe ulgamyna hem sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy amala aşyrylýar. Maliýe ulgamyny sanlylaşdyrmak maksatnamalaýyn esasda alnyp barylyp, Konsepsiýanyň çäginde bu ugurda aýratyn Döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmagyň çäreleriniň meýilnamasy hereket edýär. Sanly tehnologiýalaryň ykdysady ulgama ornaşdyrylmagy bu pudagy ösdürmeklige, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de höweslendirmäge, durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmenistan milli ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde dünýä döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär we «Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
“Sanly ykdysadyýet” adalgasy barada aýdylanda ol ilki 1995-nji ýylda Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan ulanylypdyr. Sanly ykdysadyýet munuň özi– informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamyny aňladýar. Internet ulgamy sanly ykdysadyýetiň esasy tehnologiýasy bolup çykyş edýär. Sanly ykdysadyýet ähli gatnaşyjylaryň umumy we şahsy maglumatlaryny ulanmagyň esasynda olaryň ähli isleglerini kanagtlandyrmak bilen häsiýetlendirilýär.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde ýurduň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň ösüşine ähmiýet berilýär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hataryndadyr.
Sähragül GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk fizikasy
we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.