Aşgabat
Makalalar
115
Bir gün çagalarymyň biri maňa mekdepde geçen sapaklarynda berlen tabşyryk bilen bagly sowaly berdi:
— Eje, aşygy nädip oýnaýanlaryny bilýän bolsaň, aýdyp bersene.
Şäher ýeriniň çagalaryndan geň görüp oturasy iş ýok. Sapakda Hajy Ysmaýylowyň «Iki atanyň bir ogly» eserini geçen ekenler-de, mugallymlary Sabyr eje bilen Atanazar aganyň perzentsizlik derdini çekişleri, Mikolany olaryň näme üçin «altyn aşygym» diýip söýgüleýändikleri barada gürrüň beripdir. Ýöne mugallym «aşyk utdy» oýnunyň oýnalyş düzgünleri barada köpräk maglumat toplamagy okuwçylaryň özlerine tabşyran eken.
Garaz, şujagaz kiçijik waka meniň oýlarymy esli ýyl mundan öň okan bolsam-da, hiç mahal ýadymdan çykmajak «Iki atanyň bir oglunda» beýan edilýän taryha dolady. Sabyr eje bilen Atanazar aganyň Mikolany ogullyk almagy bilen olaryň maşgalasyndaky tukatlygyň şatlyga öwrülendigi, elbetde, her bir okyjyny begendirýär. Emma milleti, dili, durmuş ýörelgeleri, ýaşap ýören tebigaty boýunça düýbünden başga dünýäniň adamsy bolan kiçijik Mikolanyň türkmen topragyna düşmegine sebäp bolan ýagdaýlar kalbyňy hasrata doldurýar. Onuň ýumruk ýalyjak çagalygyndan gören görgüleri barada özüň ene bolup oýlanaňda, ýüregiň hasam lerzana gelýär. Millionlap-millionlap jebir çekenleriň arasynda Mikolanyňky ýaly, bir tukat maşgalany bagtly edip, öz ykbal ýolunyň hem ýagtylyp gidiberenleri iki-ýekedir ahyry. Beýleki ejesiz-kakasyz ýetim-ýesir galan çagalar! Has beteri «uruş» atly bela-beter zerarly jandan jyda düşen nesiller...
Men mekdepde berlen öý işlerini edip, güýmenip oturan çagama howsala bilen seredenimi özümem duýman galypdyryn. Şol mahal ýüregimde az wagtlyk dörän eziz görýän adamlaryňdan ömürlik aýra düşäýjek ýaly gorky sähel wagtdan başga bir duýgy bilen ornuny çalyşdy. Ol — asmanymyzyň arassalygy, ýurdumyzyň parahatlygy üçin begenmek, ilimiziň abadan durmuşda ýaşaýandygyna tüýs ýürekden guwanmak duýgusy!
Men halkymyzy bahasyna ýetip bolmajak baýlyga eýe eden beýik ynsanlar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atlaryna tükeniksiz alkyşlarymy kalbymda besläp, ejesiniň göwnündäki duýgulara düşünerden entek örän ýaş gelýän balamyň başyny sypadym.
Ogulbaýram HATJYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
"Watan"
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024