Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Sanly bilim

Kitap ynsanyň hemrasydyr

26.03.2025

26

Kitap ynsanyň hemrasydyr

Perzendiň heniz özüni bilip başlan wagtyndan, olarda kitaba bolan hormaty ata-enesi döredip biler. Günüň belli bir wagtynda ýa-da çaganyň ýatmazyndan öň olara kitapdan kiçi göwrümli ertekileri, hekaýalary, sanawaçlary okap berip, manylaryny düşündirmek bolýar. Matallar aýdyp, sorag-jogap arkaly jogabyny bilmeklerine ugrukdyrmak mümkin. Çaganyň esasy oýunlaryndan daşary ünsüni kitaba gönükdirmek bilen, onuň terbiýesini özgerdip bolar. Ertekilerdäki gahrymanlaryň nusga alarlykly keşplerine, häsiýetlerine çagalaryň ünsüni çekmek, oňat netije berýär. Mysal üçin, Akpamygyň akýürekli, adamkärçilikli häsiýetleri, ejesine kyn günlerde goldaw bermegi ýa-da dostluk hakyndaky ertekilerde durmuşda birek-birege dostlaryň berýän kömegi hakynda has nygtap, mysallara ýüzlenmek mümkin. Ynsanyň ýagşy niýetiniň, beýik adamkärçiliginiň soňunyň haýyrly işlere ýar bolýandygyny ösüp gelýän nesle düşündirmek möhümdir. Çünki çaga üçin şu işiň soňunyň nähili gutarjakdygynyň gyzyklydygyny unutmaly däldiris.

Milli häsiýetlere, edep-ekrama ýugrulan türkmen gyzlarynyň asylly häsiýetlerini, akyl-paýhasyny ündeýän, eli çeperligi bilen özlerini ykrar etdirmegi başaran zenanlarymyz hakynda ýazylan eserlere hem gyz perzentlerimiziň ünsüni çekmek gerek. Haly göllerimize, el işlerimiziň nagyşlaryna türkmen gelin-gyzlarynyň mähir-şatlygynyň siňendigini nygtap, çeper edebiýat bilen el işlerimiziň hem aýrylmaz baglanyşygyny dürli mysallaryň üsti bilen ündemeli. Çagalarymyz mekdebe baranlarynda ene-atalaryň mugallymlar bilen bilelikde işlemegi çaganyň geljekde gowy häsiýetlere eýe bolmagyna getirýär. Onuň kitaby söýýän ynsan bolmagy üçin mugallymlar bilen bilelikde çaganyň hossarlary hem esasy jogapkärleriň biri bolmagynda galýar.

Ýaş nesliň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, dürli dillerde kitap okamaga doly mümkinçilikleri bar. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyza iňlis, rus dilleri hem öwredilýär. Çagalarymyzyň daşary ýurt edebiýatyna degişli eserleri okamaklaryna mümkinçilik döretmegimiz olaryň geljegi üçin bähbidi uludyr. Biz öz perzentlerimiziň doglan günlerine, baýramçylyklaryna sowgat etmegi halaýarys. Şonuň üçin hem perzentlerimize hemişe olaryň dünýägaraýşyny giňeldýän, durmuşda ýol görkezýän kitaplary sowgat etmegi endik edineliň!

Jennet ANNAMUHAMMEDOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy kitaphanasynyň işgäri.

"Mugallymlar gazeti"

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024