Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Daşary ýurt dillerini öwretmek

26.03.2025

21

Daşary ýurt dillerini öwretmek

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime uly üns berilýär. Şunda bilim özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändigini aýratyn belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri netijesinde kämil nesiller, bilimli ýaşlar kemala gelýär. Bu ugurda bilim işgärleriniň, mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekýändigi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine, ýurdumyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşmaklaryna oňat täsir edýär.

Ylym-bilimiň örän ýokary derejede ösýän häzirki döwründe dil bilimi hem çuňňur öwrenilýär. Bu ugurda dünýä dillerini öwrenmek, ýaş nesillere öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dillerini özleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy usullaryndan peýdalanmak bolýar. Esasan hem, dil öwredilende sanly tehnologiýalara uly orun degişlidir. Ylmyň, tehnologiýanyň iň täze gazananlaryny özleşdirmekde daşary ýurt dilleriniň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki daşary ýurt dillerini bilmek bilen dünýäniň iň täze ylmy edebiýatlary bilen tanyşmaga, ylmyň mümkinçiliklerini has-da çuňňur öwrenmäge mümkinçilik alyp bolýar. Häzirki wagtda ýaşlarymyza dünýä dillerini öwretmek, olaryň giň dünýägaraýşyny üpjün etmek möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň möhüm ugurlary, usullary ylmy esasda öwrenilýär we işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.

Dil öwrenmekde öňden gelýän, ylmy esasda işlenen ençeme usullaryň bardygyny bellemek gerek. Esasan hem, kitabyň üsti bilen öwrenmek, sözlüklerden peýdalanmak ýaly ugurlar ylmy esasda öwrenildi. Häzirki wagtda sözlükleriň elektron görnüşe geçirilmegi, sözleri öwrenmegiň ýeňilleşdirilen usullary has-da ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar.

Esmira AGAMAMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň aspiranty.

"Mugallymlar gazeti"

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024