
Makalalar
425

Ylmy-tehniki taýdan döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek Türkmenistanyň strategik ugurlarynyň esasylarynyň biri bolup durýar. Dolandyryş, maliýe, önümçilik beýleki ulgamlara täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň artmagyna getirýän şertdir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda döwlet dolandyryş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmakda giň mümkinçilikleri kemala getirilip, onuň kanunçylyk-hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär.
Sanly ykdysadyýet iş bilen üpjün etmeklikde hem täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek köp möçberde maýa goýumlaryň çekilmegini hem talap edýändigini bellemek gerek. «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipelere laýyklykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli elektron haryt üpjünçiligi, elektron resminama dolanyşygy, maglumat-aragatnaşyk, şol sanda ýokary hilli we elýeter Internet hyzmatlary üpjün edilýär. Elektron ulgamyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ýokary ykdysadyýeti kemala getirmek şeýle-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek öz gezeginde hukuk kepilliklerini hem talap edýär.
Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanuny elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär. Bu kanun elektron hyzmaty bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmeklige niýetlenendir. Onda elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmekligiň kadalary kesgitlenendir. Bulardan başga-da bu kanunda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň beýleki döwlet edaralarynda bar bolan resminamalary hem-de maglumatlary almaly bolan halatlarynda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça amala aşyrylýandygy aýdylýar. Kanunda elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda döwlet edaralarynyň ulanýan resminamalary öz aralarynda bir ülňä getirilmelidigi hukuk taýdan berkidilen. Resminamalaryň bir ülňä getirilmegi ygtyýarly edara bilen bilelikde gönüden-göni döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýandygy beýan edilen.
Türkmenistanyň «Elektron hökümet hakynda» Kanunda göz öňünde tutulan kadalar häzirki döwriň wajyp bolan jemgyýetçilik durmuşynda maglumatlaryň we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornunyň ýokarlanmagyny, elektron söwdasynyň we hyzmatlarynyň artmagyny, sanly ykdysadyýetiň, sanly bazarlaryň emele gelmegini şertlendirer.
Mähri DAŇATAROWA,
M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk
fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.