Aşgabat
Makalalar
47
Çagany ýaşlykdan terbiýelemek türkmen halkynyň iň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Maşgalada ene özüniň hamraklygy bilen perzentlerine görelde bolup, terbiýeçiligiň ilkinji mekdebini açýar. Mähriban käbelerimiz, ylaýta-da, gyzjagazlaryň zähmet terbiýesine gönükmegini gazanypdyrlar. Eli iňňe tutandan gyzy el hünärine ugrukdyrmak enäniň borjy bolupdyr. Daň säher bilen dokma-daragyň sesine oýanyp, halynyň başyna geçýän gözeller keşde çekmek, haly dokamak ýörelgelerini dowam etdiripdirler.
Eli hünärli gyz maşgala ene-mamalarymyzyň ähli keremli duýgularyny özlerine siňdiripdir. Şeýle gyzlarymyzyň tarypy dilden-dile geçipdir. Her bir adam täze maşgala gurmakçy bolanda, eli çeper gyzyň hyrydary bolupdyr. Türkmen maşgalasynda gyzlara has irki ýaşdan başlap, ýüňi saýyp daramagy, ýüpi inçe egirmegi, gaýma gaýamagy, el işlerine dürli nagyşlary sünnälemegi öwredipdirler. Şeýlelik bilen, türkmeniň nepis el işleri gyzlarda tutanýerlilik, kanagatlylyk, erjellik ýaly oňat häsiýetleriň jemlenmegine getiripdir.
Halk arasynda owadan ýazylan hat okalanda: «Edil keşde çekilen ýaly» diýlip, keşdäniň nepisligi bilen deňeşdirilýär. Keşde — türkmen gelin-gyzlarynyň döreden gadymy el işleriniň biri. Eli çeper gelin-gyzlarymyz keşdäniň täsin nusgalaryny döredip, reňkleri utgaşdyrmagy, nagyşlary matanyň ýüzüne sünnäläp geçirmegi ezberlik bilen başarýarlar. Keşdäniň nepisligi we inçeligi, reňkleriň saýhally, rejeli utgaşdyrylyşy el işiniň çeperçilik gymmatyny kesgitleýär. Keşde zenanlaryň we erkek adamlaryň köýnekleriniň ýakalaryna, ýeňlerine, çaga eşikleriniň dürli görnüşlerine salynýar. Tahýalar, çabytlar, ýakalar, begresler hem keşde bilen bezelýär. Keşdeleri synlap, olaryň gelip çykyşy, döreýşi barada oýlananymyzda, ene-mamalarymyzyň örän zehinli, işe çeper bolandygyny duýýarys. Çünki keşdelere zenan ýüreginiň mähiri, gözelligi, näzikligi, nepisligi, süýji arzuw-hyýallary, söýgüsi, wepasy, sarpasy, halallygy siňipdir. Şonuň üçin hem keşdeler jadylaýjy gözellige öwrülipdir.
Türkmen halysy türkmenleriň milli medeniýetiniň bir bölegidir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen halylarynyň nagyşlary hiç bir halkyňka meňzemeýär. Reňk öwüşginleriniň sazlaşygy, nagyşlaryň kämil derejede saýlanylmagy halyçy zenanlarymyzyň çeperçiliginiň, ussatlygynyň belent derejelerine ýetendiginden habar berýär. Bu sungat — ene-mamalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda öz hünärleriniň kämilligini artdyrmak üçin arman-ýadaman irginsiz çeken halal zähmetidir, sünnäläp nesilden-nesle geçiren däp-dessurydyr, baý mirasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda belleýşi ýaly, türkmen zenanynyň zehininden halylarymyza heňňamlaryň sedasy ýazylypdyr. Türkmen halylaryna seredip, halyçy zenanyň daş-töweregini synlap, ýeten suratkeşlik derejesini, tebigy ylhamyny, ýiti üşükdigini duýýarsyň.
Görüm-görelde ýoly terbiýe meselesinde esasy orunda durýar. Şöhratly geçmişimizde çagalar edep kadalaryny ýaşlykdan ululara seredip, olardan görelde alyp öwrenipdirler. Şeýlelikde, ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyz öz zähmetsöýerligi, işeňňirligi bilen ummasyz baýlygy — maddy we ruhy gymmatlyklary döretmek arkaly, zähmete bolan söýgini öz perzentlerine geçiripdirler. Halypa-şägirtlik ýoly bilen çagalaryna hünär öwredipdirler. Mukaddeslik derejesine ýetirilen gymmatlyklaryny aýamagy hem-de geljekki nesillere ýetirmegi ündäpdirler.
Milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy içgin öwrenmäge, ýaşlarda el hünärine bolan söýgini artdyrmaga, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Gülüstan DURDYÝEWA,
Darganata etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Nesil"
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024