Aşgabat
Makalalar
36
MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat)
ÇAGANYŇ NÄMEDIR BIR ZADY HALAMAZLYGY ATA-ENÄNIŇ SERESAPSYZLYK BILEN AÝDAN SÖZI SEBÄPLI ÝÜZE ÇYKÝAR
Utanmak biziň üçin «ulularyň» duýgusy bolup görünýär. Ýöne hiç kimem ony ýaňy bir öz «menine» akyl ýetirip ugran çaganyňky ýaly ýiti duýýan däldir. Bir tanşymyň çagasy ýat ýerlerde hajathana gitmekden kes-kelläm ýüz öwürýär. Munuň sebäbi üç ýaşyndaka, ol bir ýola jalbaryny ölläpdir, ata-enesi hem ýat adamlaryň ýanynda «weý-weýläp» ony utandyran ekenler. Muny bilgeşleýin etmedik bolsalar-da, olaryň sözi uzak wagtlap — tä başlangyç synpa barýança körpäniň kellesinden çykmandyr. Ata-ene onuň bu ýagdaýyndan saplanmagy üçin kän yhlas etmeli bolupdyrlar.
Şeýle mysallar kän. Çaganyň nämedir bir zady sulhy almazlygynyň sebäbi kiçijek wagty ulularyň seresapsyzlyk edip, oňa aýdan sözi bilen baglydyr. Men şunuň ýaly wakalar barada Doi Ýosikodan (ony ozalam ýatlap geçipdik) köp eşitdim.
Ine, şolardan biri. Doiniň ikinji ogly kiçijekkä surat çekmegi öwrenýän eken. Bir ýola mugallymy onuň çeken suraty hakynda: «Bu näme boldugy?!» diýipdir. Şoldur-da-şoldur, çaga surat çekmegi bütinleý ýigrenipdir, gaýdyp hiç haçan — ne mekdepde, ne-de uniwersitetde eline surat galamyny almandyr.
Ýa bolmasa, ine, ýene biri. Çagalar bagyndaky körpeleriň ählisiniňkiden saýlanyp duran mahmal owazy bolsa-da, bir çagany aýdym aýtdyrmaga hiç göwnedip bolmandyr. Bu ýagdaý Doi üçin geň bolup görnüpdir-de, sebäbini anyklamagy ýüregine düwüpdir. Asyl, körpe iki ýaşlyja mahaly maşgalada aýdym aýdypdyr eken, şonda birnemejik sermest halda bolan kakasy: «Munuň owazynda asla ýakym ýok ahyry» diýen eken. Ejesiniň aýdyşyça, şondan soň çaga aýdym aýtmagyny bes edipdir. Kakasynyň seresapsyzlyk bilen aýdan gödek sözi çagany aýdym-sazdan bütinleý ürküzipdir.
Hawa, ata-eneleriň we töwerekdäki uly adamlaryň oýlanyşyksyz aýdan sözleri sebäpli, çaga saz, surat çekmek, sport we beýleki zatlar babatdaky gyzyklanmanyň kök urup ugran gymmatly nahalyndan üzňeleşýär. Şolar bilen bagly şatlyk duýman başlaýar. Köplenç ata-eneler güýjünde baryny edip, çagada dürli-dürli gyzyklanmalary döretmäge synanyşýarlar, şol bir wagtda-da çagada döreýän halamazlyk duýgusyna özleriniň sebäp bolýandyklaryny-da aňmaýarlar. Ulular beýle zatlary bütinleý duýmaýarlar, ýogsam, bu barada baryp-ha psihoanaliziň esaslandyryjysy Freýd hem ýazypdy.
Çaga «arassa kagyz» halynda dünýä inýär, onuň ukyp-başarnyklarynyň ösüşi näderejede ruhlandyrylýanlygyna baglydyr, muňa bolsa ata-ene jogapkär. Özüne bolan ynamynyň artmagy, ruhlanmagy üçin körpäniň diňe bir öwgüsini ýetirip oňman, eýsem, ony asla kemsitmeli däldir. Çaga barybir näme hakda gürrüň edilýänligine düşünenok diýip hasaplap, ata-enäniň jogapkärçiliksiz çemeleşmegi onuň geljegine ýaramaz täsirini ýetirer.
ÇAGA BUÝRUK BERMÄŇ
Meniň üçin enäniň görelde alarlyk nusgasy hemişe imperatoryň aýaly Mitiko bolupdy. Ol çagalaryna, mümkin boldugyndan, gowy terbiýe bermäge çalşypdyr we munuň üçin güýjüni gaýgyrmandyr. Ol çaganyň erk-ygtyýaryna hormat goýupdyr, şol bir wagtda-da, gerek ýerinde zabunam darapdyr. Kiçijek çagalaryň terbiýesine dahylly meselelerde tutuş dünýädäki eneler ondan görelde alyp bilerdiler.
Mirasdüşer şazada Naruhitonyň çaga lukmany bolan Ogata Ýasuo maňa golaýda şu gürrüňimize gabat gelýän wakany aýdyp berdi. Bir gün agşamlyk şazadany gözden geçirmäge baranda, imperatoryň aýaly oňa şeýle diýipdir: «Naru häzir wanna girmeli: bolşuny synlaň». Naru — şol wagt iki ýaşyndaky şazadanyň söýgüläp tutulýan ady eken.
Wannaly otagda Ogata şeýleräk ýagdaýa tomaşa edipdir. Mitiko diňe ogluna näme etmelidigini salgy beripdir: «Köýnegiňi nirede goýmaly?», «Indi içki eşikleriňi», «Joraby iň üstünde goýmaly», ähli zady şazadanyň özi edipdir. Bu gürrüňi eşidip, näme üçin körpäniň ejesiniň görkezmelerine edep bilen eýerenligine düşündim. Hatda şu söhbetden hem görnüp dur: çaga buýruk bermäge derek, ondan haýyş etmek gerek. Şeýle etmek bilen, ene körpä bolan hormatyny görkezýär we onuň özbaşdaklygyny ösdürýär.
Ata-eneleriň nukdaýnazaryndan, gönüläp buýruk bermek hem, aýlawly usulda haýyş etmek hem — özleri üçin gerekli zady ýerine ýetirmäge çagany mejbur etmegiň usuly. Emma çaga üçin welin munuň ägirt uly tapawudy bar. Ynsan psihologiýasy şeýleräk-dä: ol buýruk berilse, garşylyk görkezmek bilen baş galdyrýar, haýyş edilse welin, adatça, gulak asýar. Haýyş etmek — çagany ruhlandyrmagyň iň oňat usuly, çünki şonda ol öz erk-ygtyýaryna laýyklykda hereket edýär. Ýaňky ýaly halatda ata-eneleriň köpüsi: «Köýnegiňi sebetde goý» diýip buýruk bererdiler. Ýöne welin buýruklar çaganyň özbaşdaklygyny ýüze çykarmagyna ýol berenok we onuň garaşlylygyny artdyrýar.
Buýruk boldy näme, haýyş boldy näme — şol bir netije: çykarylan köýnek kirli eşikler üçin sebede atylmaly. Emma çaganyň geljekki terbiýesi göz öňünde tutulanda, buýruk bilen haýyşyň arasynda ägirt uly tapawut bar. Imperatoryň aýaly Mitiko — çaga psihologiýasyna örän belet ynsan, ol meseläni üns bilen içgin öwrenipdir, soňra bolsa bu bilimleri öz çagalaryny terbiýelemekde peýdalanypdyr.
Käbir ata-ene çaga buýruk bermäge hakym bar diýip hasap edýär. Ýöne mejburlamak ony iň wajyp zatdan — nämedir bir zady özüniň etmek isleginden jyda eýleýär. Ata-enesi tarapyndan elmydama buýruk berilýän çagalar, netijede, mejbur edilmeseler, özleri hiç zady başarmaýarlar.
ÇAGANYŇ BAŞARAN IŞINE BAHA BERMÄŇ-DE, OŇA ŞATLANYŇ
Çaganyň höwesiniň gaçmagynyň sebäpleriniň biri ejesiniň oňa baha berýänligi bilen baglydyr. Meselem, ol körpäniň çeken suratyny synlaýar, şobada hem: «Örän gowy bolupdyr» diýesi gelýär. Ýa bolmasa çaganyň aýdym aýdyşyny diňläp: «Aýdym aýdyşyň-a känbir ugry ýok» diýesi gelip, dili gijeýär. Bu ýerde gürrüň oňat baha berilmeginiň çagany ruhlandyrýanlygynda, ýaramaz baha berilmeginiň bolsa onuň höwesini gaçyrýanlygynda däl. Hakykatda, çagadaky nämedir bir zada bolan höwesi puja çykarýan ýagdaý — baha berilmeginiň hut özüdir.
Öwgi diňe bir çagalara däl, hemme kişä-de hoş ýakýar. Emma göwün göterjek bolup, ýasama ýaranjaňlyk edilse welin, çagalar muny hemmeden oňat duýýarlar. Çagada höwesi artdyrmak we gyzyklanmany güýçlendirmek üçin, käýemeli däl-de, öwmelidigi baradaky giňden ýaýran garaýyş bar. Eneleriň ähli zat babatda körpäniň öwgüsini ýetirmäge çalyşmagy, megerem, şunuň üçindir. Çaga nämedir bir zadyň suratyny çekse: «O-ho, gaty oňat bolupdyr», aýdym aýtsa: «Baý-bu, sen-ä tüýs bagşy bolupsyň» diýýärler. Olar, garaz, bir ýol bilen magtasalar, çaga kämilleşer öýdýärler. Çagalaryň welin intuisiýasy örän ösen, ejeleri sähel ýasamalyga ýol berse, olar derrew düşünýärler.
Eger ähli zat üçin körpäni hemişe biraýakdan öwüp ýörseň, ol öwgi sözlerini öz-özünden bolaýmaly zat hökmünde kabul edip başlaýar. Netijede, öwmeseler, şeýle çaganyň edýän işi bolanok. Hemişe oňlanylmagyna mätäç bolan çagalar (onsuz bu çagalar kanagatlanma duýanoklar) bolsa kämilleşmeýärler. Beýleki bir tarapdan bolsa, eger çaganyň ähli edýän zadyna ulularyň ölçegi bilen baha berilse we elmydama ony kiçeldilse, ol özüne bolan ynamyny hem höwesini ýitirýär. Men çaga adalatly baha berilmäge mynasyp bolsa, öwmeli, zerur bolsa, käýemeli diýjek bolamok. Meni biynjalyk edýän zat, ine, şu: näme üçin ejeler çagalarynyň edýän ähli zadyna özleriniň baha bermegi hökman diýip pikir edýärkäler? Körpäniň ejesinden eşidesi gelýäni «gowy» ýa-da «erbet» däl-de, şatlanýanyny aňladýan «Tüweleme!» sözüdir. Gowy ýa-da erbet bolanlygy — wajyp däl. Diňe ejäniň şatlanmagynyň, begenmeginiň özi çagany hemme zatdan gowy ruhlandyrýar.
Ejesiniň begenip aýdýan sözlerinden körpe bada-bat täsirlenýär: bu işi başaranlygy üçin özi-de şatlanyp başlaýar. Elbetde, öwgi hem ajaýyp derejedäki ruhlandyryjydyr, emma ýasama ýaranjaňlyk ters netije berýär. Meniň pikirimçe, iň dürs baha — körpe nähilidir bir iş edip, muny ýürekden çykaryp ejesine görkezende, enäniň duýýan şatlygy, begenji.
Professor Suzuki Şiniçi hem şeýle hasap edýär, onuň çagany nädip ruhlandyrmalydygyndan anyk baş çykarýanlygyna welin şübhe ýokdur. Çaganyň saz çalşy näderejede ýaramaz bolsa-da, ol hiç haçan «gowy» ýa-da «erbet» diýip baha berenok. Saz çalyp bolan okuwça onuň ähli aýdýan sözleri: «Çaldyň, berekella!» bolupdyr. Çaga şatlanýar, professor Suzuki bolsa nähili ýerine ýetirilmelidigini özi çalyp görkezýär-de: «Sen şeýle çalmagy başararsyňmy?» diýip soraýar. Olar bilelikde çalýarlar, soňra bolsa eýýäm okuwçynyň täk özi ol mukamy çalyp görkezýär. Şeýle çemeleşmegiň täsiri astynda, kyn ýerlerine hötde gelmek üçin, çaganyň özi yhlasyny gaýgyranok. Netijede, ýalňyşlyklar öz-özünden düzülen ýaly, ugrugyp gidýär-de, okuwçy kem-kemden sazy dogry ýerine ýetirmegi öwrenýär (bu usulnama hakda men ozal gürrüň beripdim).
Professor Suzukiniň sapaklaryna gatnaşan eneleriň biri gyzyklanyp sorapdyr: «Siz hemişe ýasama öwginiň çagalara täsir etmeýänligini aýdýarsyňyz. Şeýle-de bolsa, barybir, saz çalşy juda ýaramaz bolan çagamy magtadyňyz. Siz oňa: «Çaldyň, berekella!» diýdiňiz. Diýmek, ýalandygyny bilip dursaň hem, çagany öwmelimi?».
Oňa professor Suzuki şeýle jogap beripdir: «Men ýalan sözlemedim. Saz çalyp bermegini isleseň, mundan bütinleý başy çykmaýan çagalaram bar. Siziň çagaňyz bolsa höwes bilen çaldy! Men muňa begendim-de, oňa «berekella» berdim, men ony gowy çaldyň diýip magtamadym. Saz çalyp başlan uçurlary oňa ozal bellik edendirler, men welin oňa diňe «berekella» diýdim. Ol geň galdy-da, has höwesli çalyp ugrady. Çaganyň höwesini ýatyrmazlykda esasy zat — onuň göwnüne degmezlik.
Çagany hereketiň özi üçin ýa-da netijesi üçin magtamak — bu iki öwginiň arasynda ullakan tapawut bar. Diňe netije üçin öwüp bolýandyr diýip eneler ýalňyşýarlar. Hakykatda bolsa, hereketiň özi üçin öwmek gerek.
Netije üçin taryplamak — baha bermek bolýar. Ene şeýle edende, çaga özi aňlamazdan diňe hereketleriniň oňlanmagy üçin ýykgyn edip başlaýar. Netijede, ony diňe özüne beriljek baha alada goýar. Häzirki döwür mekdep biliminiň iň uly meselesi hem okuwçylaryň baş maksadynyň gowy baha almaga gönügýänliginden ybaratdyr.
Çaganyň nähilidigine garamazdan, ata-ene nähili bolanda-da, belli bir iş eden çagy körpe üçin şatlanmak, begenmek hem-de hereketiň özi üçin onuň öwgüsini ýetirmek — juda aňsat ahbetin!
(Dowamy bar).
* Başlangyjy gazetiň 11-nji fewraldaky sanynda.
Terjime eden
Orazmyrat MYRADOW.
"Nesil"
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024