Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Innowasiýa maglumat merkezi

Ýaş ma­te­ma­tik­leriň bäsleşigi

15.04.2025

59

Ýaş ma­te­ma­tik­leriň bäsleşigi

Düýn Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­tin­de ýur­du­my­zyň hem-de da­şa­ry döw­let­le­riň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da V Açyk hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­sy (OMOUS — 2025) ba­dal­ga al­dy. Ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len ze­hin bäs­le­şi­gi­ne gat­naş­mak üçin da­şa­ry ýurt­la­ryň bir­nä­çe­sin­den ze­hin­li ta­lyp­lar paý­tag­ty­my­za gel­di­ler.

Uni­wer­si­te­tiň bi­na­sy­nyň eý­wa­nyn­da bi­lim ul­ga­myn­da ýe­ti­len sep­git­ler, ta­lyp dur­mu­şy we ýaş­la­ryň üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­ýan öz­bo­luş­ly ser­gi hem gu­ral­dy. Hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da çy­kyş eden dost­luk­ly ýurt­la­ryň we­kil­le­ri bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik we me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin türk­men ta­ra­py­na ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hal­ka­ra ze­hin bäs­le­şik­le­ri ýaş­la­ryň dün­ýä yl­my­na çuň­ňur ara­laş­mak­la­ryn­da we ola­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny art­dyr­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da ge­çi­ril­ýän bu hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy hem di­ňe bir bäs­le­şik bol­man, eý­sem, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek we ber­kit­mek, bi­lim­le­ri alyş­mak, dün­ýä­niň aka­de­mi­ki jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak üçin amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.

Şu ge­zek­ki bäs­le­şi­ge da­şa­ry ýurt­la­ryň 8-sin­den je­mi 31 ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ne we­kil­çi­lik ed­ýän talyplaryň 137-si gat­naş­ýar. Olar Rus­si­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, In­do­ne­zi­ýa­nyň, Eý­ra­nyň, Pol­şa­nyň, Ru­my­ni­ýa­nyň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ýaş­lar­dyr. Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ril­ýän bu hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy­na Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň we Hin­dis­ta­nyň ta­lyp­la­ry il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýar­lar. Bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň 26 ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­den 400-den gow­rak ta­lyp gat­naş­ýar. Ta­kyk bi­lim ug­ry bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň us­sat mu­gal­lym­la­ry bi­len bir ha­tar­da, ady ag­za­lan ýurt­lar­dan ge­len 30-dan gow­rak mu­gal­lym olim­pia­da­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ne öz­le­ri­niň ýar­da­my­ny be­rer­ler.

Olim­pia­da ýe­ke­ba­ra we to­par­la­ýyn gör­nüş­de ge­çi­ril­ýär. Onuň il­kin­ji gü­nün­de ta­lyp­lar ýe­ke­ba­ra gör­nüş­de ge­çi­ri­len bäs­le­şik­le­re gat­na­şyp, bel­le­nen wag­tyň do­wa­myn­da ma­te­ma­ti­ka de­giş­li çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri çöz­dü­ler. Ýur­du­my­zyň we da­şa­ry döw­let­le­riň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mu­gal­lym­la­ry olim­pia­da­nyň ka­da la­ýyk we giň bäs­deş­lik esa­syn­da ge­çi­ril­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik ederler.

Ders bäs­le­şi­gi­ne gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­za ge­len we­ki­li­ýetler üçin ýö­ri­te me­de­ni mak­sat­na­ma hem taý­ýar­la­nyl­dy. Onuň çäk­le­rin­de ak mer­mer­li Aş­ga­ba­dyň aja­ýyp ýer­le­ri­ne ge­ze­lenç­le­riň gu­ral­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Myh­man­lar olim­pia­da­nyň bi­rin­ji gü­nü­niň do­wa­myn­da paý­tag­ty­my­zyň döw­re­bap söw­da-dynç alyş mer­kez­le­rin­de bo­lup, wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly ge­çir­di­ler.

— Bu ders olim­pia­da­sy gys­ga wag­tyň için­de ma­te­ma­ti­ka ug­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­lim gi­ňiş­li­gin­de bel­li bäs­le­şik­le­riň bi­ri bol­dy. Ze­hin bäs­le­şi­gi­ne gat­naş­ýan­la­ryň sa­ny­nyň ýyl-ýyl­dan art­ma­gy mu­nuň şeý­le­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Onuň mak­sa­dy ta­kyk bi­lim­le­ri ös­dür­mä­ge, ýaş­la­ryň we mu­gal­lym­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge, ylym-bi­lim ar­ka­ly dost-do­gan­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mä­ge ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ýö­rel­ge­ler şu ýyl şan­ly 30 ýyl­ly­gy giň­den baý­ram edil­ýän he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň öňe sür­ýän tag­lym­la­ry­na hem la­ýyk gel­ýär. Olim­pia­da 18-nji ap­rel­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da jem­le­ni­ler — di­ýip, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my Pir­my­rat Gur­ba­now söh­bet­deş bo­la­ny­myz­da aýt­dy.

Beg­li AB­DY­KA­DY­ROW.

«Türk­me­nis­tan»

Çeşmesi: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly