Aşgabat
Makalalar
44
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13 — 15-nji aprelde Ýaponiýa amala aşyran sapary wakalara baýlygy, giň gerimliligi bilen taryha ýazyldy. Saparyň döwletli, derejeli wakalaryna gözli şaýat bolmagyň ömre barabar ýakymly duýgulary bilen, ozalky makalamyzda Osakada açylan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi, onda Türkmenistanyň ilkinji bolup öz Milli gününi geçirişi, türkmen pawilýony baradaky täsirlerimizi paýlaşan bolsak, bu gezek Tokioda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýeti hakynda aýratynlykda söz açmagy makul bildik.
Asylly tejribeler dowam etdirilýär
Tokio duşuşygy türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda täze tapgyryň başlangyjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Imperator Naruhito, Premýer-ministr Sigeru Isiba, şeýle hem dostlukly ýurduň işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda köpugurly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna, aýdyň wezipelerine garaldy. Ýakyn onýyllyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň barşyny hem-de ony ösdürmegiň häsiýetini kesgitleýän möhüm ylalaşyklar baglaşyldy. Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebiti bilen dünýäniň geosyýasy kartasynda wajyp orny bolan Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köprüleriniň pugtalandyrylmagynda-da uly ähmiýete eýe bolup, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň asylly maksatlaryny, türkmen Bitaraplygynyň mukaddes taglymlaryny dünýäde dabaralandyrýar.
Gazanylan tejribeleriň görkezişi ýaly, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha ilerlemegi, esasan, iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüş strategiýalarynyň meňzeşligi bilen baglydyr. Şol strategiýanyň özeni ykdysady ösüşiň çalt depginli nusgasynyň ugur edinilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hem-de tehnologiýalarynyň çekilmegine, dünýäde toplanan iň oňat tejribäniň ulanylmagyna, senagaty ösdürmegiň esasy usullary hökmünde importa degişli önümleriň ýerini tutýan, eksport üçin niýetlenen önümleriň öndürilmeginiň utgaşdyrylmagyna esaslanýar. Munuň özi iki ýurda hem ykdysadyýeti üstünlikli döwrebaplaşdyrmaga, durmuş ösüşini ilerletmäge mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat kärhanalarynyň birnäçesiniň — Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumy, Gyýanlydaky polimer zawody, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod, Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasy ýaly döwrebap desgalaryň işe girizilmegi Günüň dogýan ýurdy bilen hyzmatdaşlygyň barha giň gerim alyp, anyk-aýdyň tagallalar arkaly geljege ümzük atýandygyny görkezdi. Bu günki gün «Komatsu» kompaniýasy bahasy 470 million amerikan dollaryndan gowrak bolan ýer gazyjy tehnikalary, «Toyota» kompaniýasy bahasy 90 million amerikan dollary bolan awtoulag tehnikalaryny Türkmenistana ibermek baradaky Baş ylalaşygy durmuşa geçirýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 44 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan geçýär. Şeýle hem bahasy 256 million ýewro we 190 milliard iýene golaý bolan taslamalar amala aşyrylýar. Bu işlerde «ITOCHU», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi», «Sojitz», «Toyo Engineering», «Mitsui», «Sumitomo» we beýleki korporasiýalaryň möhüm orny bar. Bular barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda belledi. Bu duşuşyk dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň ägirt uly serişdeleriňdir ykdysady mümkinçilikleriň eýesi bolan, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistan bilen işewürlik gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini ýene bir gezek äşgär etdi. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleri barada getirilen maglumatlaryň duşuşyga gatnaşyjylarda hakyky guwanç duýgusyny döredendigine bolsa olaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik.
Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ümzügi öňe, depgini ýokary. Hormatly Prezidentimiz ýapon işewür toparlary bilen uzak geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň üç ugruna ünsi çekdi. Gürrüň, ylaýta-da, türkmen bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, aýratyn-da, olary maşyn gurluşygy, elektronika, himiýa senagaty ýaly pudaklarda ilerletmek; ýurdumyzda suw tygşytlaýjy we arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işlemek, «ýaşyl» hem-de wodorod energetikasy boýunça ösen ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmak; türkmen we ýapon kärhanalarynyň birek-biregiňkide iş alyp barmak mümkinçiligini öwrenmek barada barýar.
Saparyň dowamynda gol çekilen resminamalar, gazanylan ylalaşyklar gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny doly tassyklaýar. Bu ylalaşyklaryň dürli ugurlarda — söwda-ykdysady, ösen senagat, ylym we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini peýdalanmaga ýardam berjekdigi aýdyňdyr. Resminamalara laýyklykda, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň maliýeleşdirmeginde «GTG-2» taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barlar. Bu taslama arassa energetika babatda «Kawasaki» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, tebigy gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle-de täze resminamalar Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda kuwwatlylygy ýylda 1,155 müň tonna deň bolan karbamid önümçilik zawodyny gurmak, Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak babatdaky bilelikdäki hereketlere giň gerim berer. Açyk dolanyşykdaky elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyk işine geçirmek taslamalary boýunça hem hyzmatdaşlyk etmek meýilleşdirilýär. Gazanylan ylalaşyklardan-da görnüşi ýaly, bu gün sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy, ony ösen ýaşaýşyň merkezine öwürmek babatdaky tagallalar giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyň hem möhüm ugry bolup öňe çykýar...
Bilim binýadyny berkidip
«Ýarag ulanmazdan, aň we bilim bilen öňe!» diýen sözleri şygar edinen Ýaponiýanyň we «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini ilerledýän Türkmenistanyň hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirmekleri tebigydyr. Ösüş-özgerişleriň depgini, döredijilik gujur-gaýraty özara gatnaşyklaryň netijeli ugurlaryna ýol açýar. Şunda ýapon nusgasy ýokary tehnologiýalara we milletiň aň-paýhas mümkinçiliklerine daýanyp, ylym-bilimi yzygiderli ilerletmäge, ýokary derejede ösen intellektual jemgyýeti döretmäge çalyşýan häzirki zaman Türkmenistan üçin özüne çekijidir. Şu jähetden, ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilip, baý tejribe toplandy. Ýeri gelende bellesek, Ýaponiýada Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegine ýokary baha berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa ilkinji saparynyň dowamynda gol çekilen ylalaşyklaryň hatarynda resminamalaryň 5-si ylym-bilim ulgamyna degişlidir.
Saparyň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen akademiki derejäniň diplomynyň gowşurylyş dabarasy-da bu hakykatyň aýdyň güwäsi bolup, sapara aýratyn öwüşgin, ýaraşyk beren waka öwrüldi. Bu dereje döwlet Baştutanymyza ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin berildi. Şol wagt mundan 10 ýyl ozalky görnüşler — 2015-nji ýylyň martynda Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä sammitine gatnaşmak maksady bilen Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäginde Gahryman Arkadagymyza hem bu akademiki derejäniň berlen pursatlary göz öňüňden geçip gidýär.
Ýaponiýanyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersiteti Tokiodan uzakda bolmadyk Ibaraki prefekturasynyň adybir şäherinde ýerleşýär. «Alymlar şäheri» diýlip atlandyrylýan, 150 müň çemesi ilatly bu künjekde uniwersitetleriň 50-ä golaýy hereket edýär. Sukuba uniwersiteti Ýaponiýanyň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji onlugyna girýär. Onuň okuw maksatnamasy ugurlaryň giň toplumyny öz içine alyp, şolaryň hatarynda tebigy, inženerçilik, durmuş hem ynsanperwer ylymlar, sungat, fiziki terbiýe, saglygy goraýyş ýaly ugurlar bar. Ol ýokary energiýanyň fizikasy, neýrobiologiýa, maglumat ylymlary, biotehnologiýalar, inklýuziw bilim ulgamlarynda alyp barýan ylmy barlaglary bilen meşhurdyr. Sukuba uniwersiteti tutuş dünýäde hem iň abraýly bilim ojaklarynyň biri hasaplanýar. Nobel baýragynyň eýeleriniň 3-si, Olimpiýa we Paralimpiýa medallaryny gazanan türgenleriň 130-dan gowragy onuň talyplary hem-de uçurymlarydyr.
Häzirki wagtda bu ýerde 17 müňe golaý talyp bilim alyp, şolaryň 10 göterimi daşary ýurtly raýatlardyr. Olaryň arasynda türkmenistanly ýaşlar hem bar. “Alys ýurtda bilim alyp ýörkäň, döwlet Baştutanynyň sapar bilen gelmegi, onda-da öz okaýan bilim ojagyň bilen bagly wakanyň bolup geçmegi ömre ömür goşýan täsire eýe. Arkadagly Gahryman Serdarymyza Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi biziň başymyzy göge ýetirdi, mertebämizi has-da belende göterdi. Sukuba uniwersiteti ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi bilen göni gatnaşyklary alyp barýar. Döwlet Baştutanymyzyň uniwersitetiň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda nygtalyşy ýaly, özara gatnaşyklar geljekde has-da giňeldiler” diýip, bu abraýly bilim ojagynda magistratura ugry boýunça bilim alýan ildeşimiz Güljemal Sähedowa Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdi.
Täze üstünliklere badalga
Tokio şäheri... Adaty balykçylar obasy bolanlygyndan häzirki zamanyň kaşaň megapolisi derejesine çenli ýol geçen şäher. Dünýäniň iri maliýe-ykdysady merkezi. Gür ilatly şäherleriň kerwenbaşysy. Innowasion tehnologiýalaryň we däp-dessurlaryň sazlaşygy. Aşgabat ýaly tämizligi bilen göwün göterýän Tokio ýurdumyzyň sport taryhynda ilkinji Olimpiýa medalynyň gazanylan şäheri hökmünde-de göze yssy gelýär, ol göýä rowaçlyklardan bir nyşan mysaly. Biziň, ynha, bu gezek hem Tokio şäherinden uly üstünlikler bilen dolanýanymyz çyn... Şeýle duýgular bilen, kärdeşlerimiz bolup, tamamlanyp barýan saparyň täsirlerini teleýazga geçirmek üçin “Imperial Tokyo” myhmanhanasynyň garşysyndaky “Hibiýa” seýilgähine çykýarys. Ynha, bäş asyrlyk ginko hem bambuk agaçlarynyň, al-elwan gülleriň, çigildemleriň mekany. Ýaponlaryň öz dili bilen aýtsak, “şäheriň gursagyndaky jülge”. Ünsümizi çeken zat, 51 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Ýaponiýa sowgat berlen “Parahatçylyk jaňy” hem bu ýerde saklanýar eken. Onuň geljege ýagşy umytlaryň nyşany bolup, ýylda dört gezek şanly wakalaryň şanyna kakylýandygyny aýtdylar.
Gür tokaýlyklary bilen dünýäde üçünji orunda durýan Ýaponiýanyň çäkleriniň 66 göterimden gowragyny ýaşyl bossanlaryň tutýandygyna garamazdan, edil biziň ýurdumyzdaky ýaly, bu ýerde-de her bir adamyň agaç ekmegi, bu gözellige goşant goşmagy parz iş hökmünde ýola goýlupdyr. Olar ýylyň dört paslynda al-ýaşyl öwüsýän ýurtlaryny “Baky bahar” diýip söýgüleýärler.
Ýapon halky dagyň göwsüni böwsüp gögerýän bambuk agajyny öz simwolyna öwrüpdir: bu agajy uzak ýaşamagyň, sagdynlygyň, ýapon kalbynyň keşbi hasaplaýarlar. Hakykatdan-da, dag-daşlaryň, tokaýlaryň, umman-u-deňizleriň gujagynda, san-sajaksyz adalaryň çylşyrymly tebigy şertlerinde ýurt tutan ýapon milleti çykalgasyz zadyň ýokdugyny, adamzat başarnygynyň çäksiz uludygyny, giňdigini, kändigini äleme ýaýýan, türkmenler ýaly, parahatçylykly syýasat ýöredýän myhmansöýer halk.
Hawa, “Göwni açygyň ýoly açyk” diýýän türkmen halky bilen «Iň beýik syýasat dürslükdir» diýýän ýaponlary köp umumylyklar baglanyşdyrýar. Uzak ömri arzuwlaýan «Banzaý!» ýapon arzuwy-da türkmenleriň bähbitli işlere çagyryş hökmünde ýygy-ýygydan dile getirýän «Öňe!» diýen şygary bilen meňzeşdir. Goý, hemişe şeýle bolsun! Dostlukly halklarymyza uzak geljegiň ýolunda täze öňegidişlikler ýar bolup, parahatçylyk, ynanyşmak, oňyn hyzmatdaşlyk ruhy mundan beýläk-de berkesin!
Kakamyrat REJEBOW.
Aşgabat — Osaka — Tokio — Aşgabat.
"Türkmenistan"
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024