
Makalalar
81

Şu ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 18-nji aprel — Bütindünýä mirasynyň halkara güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: Geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasy tarapyndan «Medeni mirasy öwrenmekde we goramakda halkara parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahata dünýä döwletleriniň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 69-syndan jemi 210-dan gowrak professor-mugallymlar we alymlar, ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň agzalary alyp barýan ylmy-barlag hem-de ylmy-usuly işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak maksady bilen gatnaşdylar. Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň 60-a golaýy daşary ýurtlardan sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň professor-mugallymlary, alymlary, ylmy işgärleri, doktorantlary, aspirantlary, şeýle hem ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň agzalary ylmy temalary bilen çykyş etdiler. Halkara ylmy-amaly maslahata sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag edaralarynyň 42-sinden alymlaryň we professor-mugallymlaryň gatnaşmagy ýurdumyzyň medeni mirasy öwrenmekde hem-de goramakda halkara hyzmatdaşlygynda alyp barýan hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýandygyny dabaralandyrdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ÝUNESKO guramasy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bilim ulgamy babatyndaky hyzmatdaşlygy ýylsaýyn berkidilýär. Häzirki wagtda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 2-sinde ÝUNESKO kafedralary, 5-sinde ÝUNESKO klublary açyldy, umumybilim berýän mekdepleriň 6-sy bu guramanyň assosirlenen mekdepler toruna goşuldy.
Halkara maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli gymmatlyklaryň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilip, häzirki zaman jemgyýetiniň kämilleşmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Altyn SARYÝEWA,
"Mugallymlar gazeti"
Çeşme: Turkmenmetbugat