
Bäsleşik
557

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2026-njy ýylyň 15-16-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda IV Halkara açyk informatika internet olimpiadasyny geçirýär we ähli isleg bildirýän talyplary bu olimpiada işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
IV Halkara açyk informatika internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçirilýär.
IV Halkara açyk informatika internet olimpiadasynyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.
Olimpiada talyplar öz hünärine we ýylyna garamazdan gatnaşyp bilýärler.
Olimpiada “moodle” platformasynda geçiriler.
Olimpiadanyň geçiriliş tertibi!
Olimpiada degişli goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň sanawyny nusga laýyklykda (1-nji goşundy) taýýarlap 2026-njy ýylyň 10-njy apreline çenli hngu.olimp@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.
Habarlaşmak üçin:
Tel: +993 12 39 13 36, +993 65 67 51 31, +993 12 39 14 57, +993 65 62 59 33, +993 12 39 13 18, +993 64 02 25 21
E-mail: hngu.olimp@gmail.com