Şa serpaýyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!
Aknabat AMANOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öň ýanyndaky toýly günlerde «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagym meni geljekde has hem döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy.
Bilim ulgamynda indi men ençeme ýyllardan bäri zähmet çekip gelýärin. Häzirki wagtda bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylan döwründe bize has-da yhlasly işlemek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek zerurdyr. Şu belent maksatlardan ugur alyp, geljekde has hem tutanýerli zähmet çekeris. Döwlet sylagyna mynasyp bolmagym meni geljekde hem yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,
Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Taýýarlan Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».



















