«Edebiň ýagşysy — ulyny syla»
Ýaşululara aýratyn hormat-sarpa goýmak türkmenlerde asylly ýörelgeleriň biridir. «Edebiň ýagşysy ulyny syla», «Ulyny sylan beg bolar», «Ýaşulusy bolmadygyň ýaşkiçisi bolmaz» ýaly pähimler munuň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyz ýaşululary diňlemek, olaryň öwüt-pentlerini almak, göreldesine eýermek, wesýetlerini berjaý etmek ýaly däpleri irki döwürlerden bäri dowam etdirip gelýär. Şonuň üçin ýaşulularymyz nesilleriň edep-ekramynyň mizan terezisi hasaplanýar.
Her bir türkmen maşgalasynda ýaşulularyň sarpasy belent tutulyp, möhüm maşgala meseleleri olaryň razylygy bilen çözülýär. Türkmen bir işiň başyny tutjak bolanda, ilki bilen, ýaşulusyna geňeşip, ondan ak pata alýar. Ýaşulularyň berýän maslahatlaryna, nesihatlaryna uýmak, eýermek parzdyr. Şeýle etmek bilen, biz hiç wagt ýalňyşmaýarys. Ýaşulusyny sylan adam döwlet tapýar. Ula goýulýan hormat özüňe, nesil dowamatyňa, döwrüňe we jemgyýetiňe goýulýan sarpadyr. Munuň özi at-abraýly, döwletli-döwranly bolmak üçin esasy serişdeleriň biridir.
Ýaşulularyň her bir çözgüdinde köp ýyllaryň dowamynda durmuş meýdanynda toplanan baý tejribe, uly paýhas bar. Onda pendi ýüreklere ornan pederlerimiziň, enelerimiziň mähir-muhabbeti bar. Akyl bilen tejribe, ynam bilen yhlas utgaşanda, kämilligi gazanyp bolýar. Durmuşdan gowy halypa ýok. Akyly doly we jaýdar ulanyp bilmek üçin durmuş tejribesi zerur. Tejribe akyly doly güýjünde herekete getirýän, işledip bilýän närsedir. Akyl bilen tejribäniň utgaşan ýerinde «parasat» ylmy hem öz miwelerini eçilip başlaýar. «Parasat» ylmy — munuň özi adamyň daş keşbine, süňňüne, hereketine, başarnygyna... syn edip, onuň häsiýetini kesgitleýän ylymdyr. Gadymy eserlerde bu ugruň aýratyn bir ylymdygy, esasanam, mundan köpügören adamlaryň has gowy baş çykarýandygy aýdylýar.
Ýaşulularyň durmuşdan toplan tejribeleriniň kämildigi hem-de özboluşly mekdepdigi üçin, olara goýulýan sarpa juda uly. Ir zamanlardan bäri ýaşulular öz pähim-parasady, ynsanperwerligi, ugurtapyjylygy, kiçigöwünliligi, halallygy, adalatlylygy bilen halkymyzyň hormatyna mynasyp bolup, hemişe ýagşylygyň ýarany, toýuň beýemçisi, öýüň, hataryň, obanyň kethudasy bolup gelipdirler. Halk arasynda «Kethudasyny gör, kendini al» diýlip, kethudasyna görä oba baha berlipdir. Olar märekede töre mynasyp görlüp: «Tör kimiňki bolsa, kethudalyk-da şonuňky» edilipdir.
Ýaşulularyň keşbi edebiýatymyzda hem öz ornuny tapypdyr. «Görogly» şadessanynda Jygaly begiň keşbi köpleriň ýadyndadyr. Meşhur türkmen ýazyjysy Ata Gowşudowyň «Gandym awçysy», Nurmyrat Saryhanowyň «Welmyrat agasy» hakyky türkmen ýaşulusynyň keşbi bolup, olar kalplara ornady. Bu keşpler bireýýäm edebi eserleriň çäginden çykyp, halkymyzyň arasynda ýaşap ýör.
Ýaşulular — döwrüňem, döwletiňem, jemgyýetiňem altyn hazynasy! Olar many dürlerini saçýan suhangöýlerdir, direnere dag deý arkamyz, daýanara kuwwatymyzdyr. «Garry — öýüň sütüni», «Garryly öý — gazna» diýen pähimler arkaly halkymyz ýaşululara mertebe, buýsanç, dana maslahatçy, edep mekdebi, paýhasdan doly janly kitap hökmünde garapdyr. Goja paýhasy gymmatbaha daşlar mysalydyr.
Häzirki ajaýyp zamanamyzda «Garry — geňeşde» diýen paýhasa täzeden güýç-kuwwat berildi, ol halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine hyzmat edýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň milli senenamasynda Ýaşulularyň halkara gününiň orun almagy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi olaryň tejribesine we paýhasyna goýulýan hormatyň nobatdaky aýdyň ýüze çykmasydyr.
Halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da pugtalandyrmakda, döwlet ähmiýetli meseleleri maslahatly çözmekde ýaşulularyň baý zähmet we durmuş tejribesini peýdalanmak döwlet hem-de jemgyýetçilik işleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýaşululara goýulýan sarpanyň nyşany hökmünde her ýylyň 1-nji oktýabrynda BMG-niň düzümine girýän ähli döwletler bilen bilelikde, ýurdumyzda hem Ýaşulularyň halkara gününi milli aýratynlyklarymyza laýyklykda belläp geçmek indi asylly däp boldy. Şol gün Türkmenistanyň ähli künjeginde baýramçylyk dabaralary, duşuşyklar, sergiler guralýar. Bu sene çagalarymyzy, agtyklarymyzy hakyky watançylyk, zähmetsöýerlik we öz işine ýokary jogapkärçilikli çemeleşmek ruhunda terbiýelemäge, ýaşulularymyzy sarpalamaga çagyrýar.
Eserlerde, çagalykdan bäri okan ertekilerimizde, görüp, ýaşap ýören şu günlerimizde-de ýaşulyny hormatlamak belent adamkärçilik hasaplanýar. Din-imanly, ak sakgally türkmen ýaşulusyna agraslykdan sadalyk mahsus. Ol hemişe ogul-gyzyna hak ýoldan, hakykat ýodasyndan ýöremegi, il-günüňi söýmegi, özüňden ulyny sylamagy, halalhonlugy, Watana wepalylygy, mertligi, ejize hemaýat etmegi, zenanlara sarpa goýmagy ündeýär. Ine, şeýle ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän türkmen ýaşulusyna gulak goýsaň, ondan görüm-görelde alsaň, durmuşda azaşmajagyň ikuçsuzdyr. Ýaşulularyň nurana ýüzi taryh kitabynyň sahypalary ýaly gat-gatdyr. Şeýle ýüzden köp many alyp bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Joşgunly toýdur baýramlarymyzyň gelşigi, döwletli törlerimiziň, bagtyýar zamanamyzyň ýaraşygy bolan paýhasly gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň geçen ömür menzillerinde toplanan baý durmuş ýollary, kämil düşünjelere, päkize garaýyşlara ýugrulan öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary ýaş nesiller üçin tapylgysyz mekdepdir» diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly, ýaşulular mekdebi türkmençilik edebinde iň kämil mekdepdir. Çünki kethudalaryň manyly ömri, watançylyk duýgulary, ahlak tämizligi ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli ruhy gymmatlyklara, mukaddesliklere goýýan sarpasy netijesinde, ýaşuly mertebesi has belent derejelere çykdy. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýaşulularymyza Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly adyň dakylmagy ýaşuly nesle hormat goýmak däbiniň döwrebap röwüşde mynasyp dowam edýändiginden alamat.
Baýramguly ÇARYGULYÝEW,
mirasgär.



















