Ýaşaýşyň manysy — il-güne hyzmatda
— Golaýda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenip, giňden bellenilip geçildi. Bu şanly baýramyň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde maňa hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy buýsançly başymy göge ýetirdi. Bu ajaýyp waka maňa we tutuş maşgalamyza unudylmajak şatlyk bagyşlady.
Asylly däbe görä, her ýyl eziz Diýarymyzda Ýaşulularyň halkara güni uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýär. Döwletimizde ýaşuly nesle goýulýan çäksiz sarpa biz — ýaşululary has-da ruhlandyrýar. Pursatdan peýdalanyp, şu nurana baýram mynasybetli ähli deň-duşlarymyzy, mähriban ýaşulularymyzy we kümüş saçly enelerimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek, döwletli tutumlarda ýaşuly nesle sala salyp, pikir-garaýyşlaryny diňlemek türkmen halkynyň müňýyllyklardan miras galan iň asylly ýörelgeleriniň biridir». Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýakynda halkymyzdan gelip gowşan teklipler hem-de din wekilleriniň maslahaty esasynda Arkadag şäherinde bina edilýän 30 müň orunlyk döwrebap metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagynyň biragyzdan goldanylmagyny aýratyn bellemek bolar. Bu taryhy waka ýurdumyzda ýaşuly nesle we milli ruhy mirasymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Biziň halkymyz nesilden-nesle geçip gelýän milli gymmatlyklaryna hemişe sarpa goýýar. Şöhratly taryhymyzyň aýrylmaz bölegi bolan behişdi ahalteke bedewlerimize döwlet derejesinde uly üns berilmegi ýaşululary aýratyn buýsanja besleýär.
Ýaşym 70-e golaýlady. Zähmet ýolumda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işledim. Häzirki wagtda Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän «Baba Aly mes» dini guramasynyň baş ymamlygyny alyp barýaryn. Bu ýerdäki 3 sany metjitde we 4 sany zyýarathanada dini dessurlar göwnejaý amal edilýär. Mukaddes dergählerde ýaşlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat işlerini geçirip, olara ata-babalarymyzdan miras galan ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň, halallyk ýaly asylly ýörelgeleriň ähmiýetini düşündirýäris. Ýurdumyzyň parahatçylygy, halkymyzyň agzybirligi hem-de döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumlarynyň rowaç bolmagy üçin hemişe doga-dileg edýäris.
Durdymyrat BÄŞIMOW,
Aşgabat şäherinden, Hormatly il ýaşulusy



















