Geňeşli il — ýeňişli il
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu umumymilli forum «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň esasylarynyň biri boldy. Biz hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşanlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris:
Döwletjan ÖWEZMYRADOW,
Baýramaly etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiri:
— Ajaýyp döwrüň bagtly raýatlarynyň biri bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine 2004-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýärin. Bu ählihalk forumyna gatnaşyp, taryhy wakanyň şaýady bolmak uly bagt. Mugallymçylyk kärimden daşgary 40 ýyldan gowrak wagt bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp gelýärin.
25 gektar meýdana pagta, 6 gektar ýere miweli bag, 15 gektar ýere gant şugundyryny ekip, ýylyň-ýylyna bol hasyl alýarys. 2023-nji ýylda «Ýylyň ussat bagbany» diýen ada mynasyp bolup, Hormat haty bilen sylaglandym. Bize halal zähmet çekip, rahat ýaşamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!



















