Halkymyzyň gymmatly mirasy
Türkmen halky bedewlere belent sarpa goýýar, gardaş diýip ýüzlenýär. Şol sebäpli türkmen halkynda atçylyk bilen baglanyşykly gadymy ýörelgeler mynasyp dowam edilýär. Biz muny atçylyga degişli sözlerde, şaý-seplerde, eýer-esbaplarynda, at üstündäki milli oýunlarda aýdyň görýäris. Türkmen bedewlerimizi sungat derejesinde ýasalan at esbaplary bilen bezäp-beslänimizde iki gözellik birleşip, täsin görnüş kemala gelýär. Edil şonuň ýaly bedewlerimiz özüniň duýgurlygy, wepadarlygy bilen hem mukaddeslik derejesine göterilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bedew atlarymyzyň şan-şöhraty has-da belent derejelere eýe boldy. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça uly işleriň geçirilmegi, milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewiniň tebigy gözelligi we syratlylygy, wepalylygy we duýgurlygy köpleri haýran galdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewi döredijiligiň we ösüşiň, täze belentliklere tarap okgunly hereketiň, milli baý mirasyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Türkmeniň ahalteke bedewleriniň şöhratyny dikeltmekde, ony bütin dünýä ýüzüne ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ajaýyp kitaplar halkymyz üçin ruhy çeşme bolup hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyz «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ylhamymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewleri tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr». Bu parasatly sözler halkymyzyň buýsanjy bolan bedewlere belent sarpanyň nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä doldy. Ahalteke bedewini aýawly saklamakda we onuň dünýädäki at-abraýyny has-da beýgeltmekde uly işler durmuşa geçirildi. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde milli atşynaslyk pudagy täze belentliklere çykaryldy, ýurdumyzda atçylyk-sport düzümlerini ösdürmekde, arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny köpeltmekde, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, atçylyk sportunyň görnüşlerini we milli atşynaslyk däplerini wagyz etmekde toplumlaýyn işler amala aşyryldy.
Türkmen halky bäş müňýyllygyň dowamynda ussat atşynaslary we çapyksuwarlary bilen tanalypdyr. Ahalteke bedewleri bolsa halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeleýär. Olar gözelligi, täsin sazlaşygy bilen eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgusyna we belent maksatlara, sagdynlyga, ruhubelentlige, kämillige ruhlandyryjy güýç bolup durýar.
Ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini wagyz etmäge uly üns berilýär. Ýylyň dowamynda geçirilýän möwsümleýin at çapyşyklary milli atçylyk sungatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça tohumçylyk işinde ylmy esaslara daýanmak, çapyksuwarlary we sport bedewlerini halkara ýaryşlaryna taýýarlamak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu çäreler Berkarar döwletimizde atçylygy ösdürmek, dünýäde behişdi bedewleri giňden wagyz etmek, ilkinji nobatda bolsa, ahalteke bedewiniň tohumyny aýawly saklamak we ähmiýetini artdyrmak boýunça hünärmenleriň özara netijeli hyzmatdaşlyk etmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Bularyň ählisi behişdi bedewlerimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar, asylly ýörelgelerimiziň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.
Mekan ÇARYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň öwreniji mugallymy.



















