Baky bagtyň nusgasy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny garşy alan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna, uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, galyberse-de, ýurdumyzyň dürli künjeginde baş baýramymyzyň şanyna aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi halkymyzyň döredijilik ylhamyny, zähmet joşgunyny, toý ruhuny has-da belende göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek üçin iri taslamalar durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan döwletimizde Garaşsyzlyk baýramy abadançylygyň, parahatçylygyň, jebisligiň we agzybirligiň baýramy hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy, ykdysady ösüşleri, medeni we durmuş özgertmeleri halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrýar. Garaşsyzlyk döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň berk binýady bolup durýar.
Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly 35 ýylynyň içinde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň mekany bolan berkarar döwletimizde bedew batly ösüşler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Watanymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ykdysady ösüşler, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyp, halkyň hyzmatyna berilmegi, köpugurly saglygy goraýyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň gurulmagy, halkymyzyň iş we ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň durmuşynda her bir ýetilen belent sepgit, zähmet üstünlikleri mähriban halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Munuň özi Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Bu bolsa biziň her birimiziň çekýän asylly zähmetimiziň ähmiýetine berk düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy siňdirip, ýurdumyzyň pajarlap ösüşine mynasyp goşant goşmagymyza egsilmez güýç-kuwwat berýär.
Merjen BEKNAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň mugallymy.



















