Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz
Türkmeniň adyny äleme ýaýan,
Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz.
Ykballara, ömürlere nur çaýan,
Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz.
Belent-belent ösüşleriň gözbaşy,
Ýürek sözi üçin bolar sözbaşy,
Gülleden Diýary, gözel durmuşy,
Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz.
Asuda asmanda parlar baýdagym,
Hasyl bolýar arzuw, hyýal öýdeniň,
Guwanjym, şatlygym, dilde aýdymym,
Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz.
Garaşsyzlyk bilen ýetdik ak daňa,
Ol gün mukaddes gün, mukaddes sene,
Bedew bady bilen barýarys öňe,
Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz.
Maksadymyz döretmek hem gurmakdyr,
Sözler çykýar kalbymyzdan, gursakdan,
Ajap döwür — iň arzyly pursatlar,
Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz.
Atalaryň hasyl bolan arzuwy,
Berjaý kylýas pederleriň parzyny,
Örän mukaddes hem juda arzyly,
Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz.
Annageldi BEKIÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.



















