Türkmen alabaýy — edermenligiň nusgasy
Türkmen alabaýy — türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren, dünýä taryhynda we medeniýetinde öçmejek yz galdyran milli gymmatlyklarynyň biridir. Alabaý diňe bir öý haýwany ýa-da süri goragçysy bolman, eýsem türkmen ojagynyň, wepalylygyň, mertligiň we edermenligiň nyşanydyr. Ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmek, alabaýlaryň arassa ganlylygyny saklamak we olaryň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen ýörite baýramçylyk döredildi.
Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy döwlet derejesinde uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaralar guralýar. Şeýle-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem-de döredijilik işgärleriniň arasynda guralan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirilýär. Bu bäsleşik baýramyň iň gyzykly we giňden garaşylýan bölegidir. Bäsleşikde alabaýlaryň daşky görnüşi, boýy, reňki, edermenligi, pähim-parasatlylygy we eýesine bolan wepalylygy boýunça iň gowy alabaýlar saýlanýar.
Türkmen alabaýy özüniň üýtgeşik häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ol diňe bir güýçli we gaýratly bolman, eýsem örän pähimli, eýesine wepaly itdir. Müňýyllyklaryň dowamynda alabaýlar çöl şertlerinde çopanlaryň iň ýakyn kömekçisi, goragçysy bolup hyzmat edipdirler. Türkmen alabaýynyň baýramy ata-babalarymyzdan bize miras galan milli gymmatlyklarymyza bolan uly hormatyň we buýsanjyň beýanydyr. Bu baýram geljekki nesillere alabaýlarymyzyň arassa ganlylygyny saklamagyň, olara ideg etmegiň we milli mirasymyzy dünýä ýüzünde mundan beýläk-de dabaralandyrmagyň ähmiýetini ýetirmekde uly orna eýedir. Milli mirasymyza, gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli tutumly başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin.
Jennet OMAROWA,
TMÝG-niñ Aşgabat şäheriniñ
Büzmeýin etrap Geñeşiniñ hünärmeni



















