Ýaş türgenimiziň üstünligi
Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelemek hem-de sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Döredilýän giň mümkinçiliklere jogap edip türgenlerimiziň hem geçirilýän halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek bilen ýurdumyzyň baýdagyny belentde parladýarlar. Şeýle türgenkleriň arasynda ýaşlaryň bolmagy bolsa, diýeň guwandyryjydyr.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Olimp orta sport mekdebiniň okuwçysy Atabek Azamatow şu ýylyň awgust aýynyň 5-12-si aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde yetginjekleriň arasynda geçirlen Aziya çempionatynda agyr atletika boýunça 60 kg agramda çykyş edip 2 orna mynasyp bolmagy başardy.
Türkmen türgenleriniň ýokary taýýarlygy geçirilýän sport besleşiklerinde aýdyň ýüze çykýar. Halkara ýaryşlarynda gazanylýan üstünlikler irginsiz türgenleşikleriň netijesidir.
Sport bäsleşiginiň çekeleşikli häsiýeti türgenlerimiziň ýokary taýýarlygyny äşgär etmek bilen, halkara ýaryşlarynda ildeşlerimiziň üstünlik gazanmagy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça amala aşyrýan işleriniň ajaýyp miwesidir.
Piguly PIRGULYÝEW,
tälimçi



















