Ýaş türgenimiziň üstünligi
Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýelemek hem-de sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Döredilýän giň mümkinçiliklere jogap edip türgenlerimiziň hem geçirilýän halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň baýdagyny belentde parladýarlar. Şeýle türgenleriň arasynda ýaşlaryň bolmagy bolsa, diýseň guwandyryjydyr.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Olimp orta sport mekdebiniň okuwçysy Atabek Azamatow şu ýylyň awgust aýynyň 5-12-si aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde yetginjekleriň arasynda geçirlen Aziya çempionatynda agyr atletika boýunça 60 kg agramda çykyş edip 2 orna mynasyp bolmagy başardy.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýaş türgen Atabek Azamatowy bu halkara ýaryşyna taýýarlan tälimçiler Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Olimp orta sport mekdebiniň tälimçileridir.
Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda ýerleşýän Olimp orta sport mekdebiniň tälimçileri we mugallymlary tarapyndan ýaş türgenleri ýetişdirmek, olary dürli halkara sport ýaryşlaryna taýýarlamak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýokarda ady agzalan türgenimiziň gazanan bu ýeňşi hem sport mekdebiniň tälimçileridir mugallymlarynyň çekýän yhlasly zähmetiniň aýdyň netijesidir. Şeýle-de Olimp orta sport mekdebiniň ýaş türgenleriniň başgada geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda hem birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolmak bilen, ýurdumyzyň sport abraýyny halkara derejesinde dünýä tanadýandygyny bellemek gerek.
Türkmen türgenleriniň ýokary taýýarlygy geçirilýän sport besleşiklerinde aýdyň ýüze çykýar. Halkara ýaryşlarynda gazanylýan üstünlikler irginsiz türgenleşikleriň aýdyň netijesidir. Sport bäsleşiklerindäki ýeňişlerimiz türgenlerimiziň ýokary taýýarlygyny äşgär etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça amala aşyrýan işleriniň ajaýyp miwesidir.
Pirguly PIRGULYÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň Olimp
orta sport mekdebiniň tälimçisi



















